Gelinleriň 'görülmeýän' görgüleri iň ýokardan iň aşaga çenli saklanyp galýar

Gutulgusyz däp bolan mejbury çärelere gatnaşdyrylýan gyzlar

Türkmen metbugaty golaýda adalatçynyň diwanynda gender deňligi we reproduktiw saglyk meseleleri barada habarlylygy ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahatynyň başlanandygyny habar berdi. Ýerli kanunlar ýurtdaky raýatlaryň gender deňligini doly kepillendirýän hem bolsa, bu hakykatda beýle däl, türkmen maşgalalaryna gelin bolup gelen gyzlar köplenç agyr synaglary başdan geçirýär we bu synaglar käte ýaş maşgalalaryň bozulmagyna, ýaş çagalaryň ýetim galmagyna we maşgala agzalarynyň arasynda özara duşmançylygyň döremegine, betbagtçylykly ýagdaýlara alyp gelýär diýip, Azatlyk bilen pikirini paýlaşan ýerli synçylar we ýaşaýjylar aýdýar. Ýewropada ýaşaýan ýaşuly aktiwistiň pikiriçe, Türkmenistanda adamlar özlerini sylamagy, öz maşgala agzalaryny sylamagy öwrenmeli.

Synçylaryň aglabasynyň pikirine görä, türkmen maşgalasynda galyň berlip alnan gelne hyzmatkär, agzyna ýaşmak dakynyp ýa dakynman, diýlen ähli ýumşy bitirmeli adam hökmünde garaýarlar we ol bu ýagdaýdan diňe öz aýaklarynyň üstünde berk durup, ýanýoldaşyna diýenini etdirip başlanda dynýar. Aşgabatda dörän häkimiýet krizisi bilen baglylykda, soňky döwürde Türkmenistan hakynda iňlis dilinde çap edilen synlaryň birnäçesinde öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýete gaýtadan dolanmagy onuň aýaly Ogulgerek Berdimuhamedowanyň maşgaladaky we jemgyýetdäki rolunyň birden ýokarlanmagy, prezident bolan ogluň ozal kakasynyň aýal doganlary tarapyndan ‘kemsidilip gelnen’ ýa-da ýeterlik derejede sylanmadyk ejesiniň tarapynda bolmagy bilen baglanyşdyryldy.

Şol bir wagtda, ýurduň birinji hanymynyň gaýynenesiniň kölegesinde galýandygyny, onuň hakynyň iýilýändigini aýdýanlar hem bar. Emma bu meseleler, Türkmenistanda gelinleriň kemsidilişi, çydap bolmajak derejede ezilişi, urlup-ýenjilişi, kähalatlarda çagalary bilen ýeke galyşy barada açyk gürrüň edilmeýär.

Degişli maglumat Aýal-gyzlar sürüjilik mekdeplerine kabul edilmekde ýaş çäklendirmeleri bilen ýüzbe-ýüz bolýar

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanda 1931-nji ýylyň noýabrynda neşir edilip başlanan we soň ady ençeme gezek üýtgedilen “Aýallar sesi” žurnalynda bu meseleler dürli-dürli wagtlarda belli bir derejede gozgaldy, ýöne köplenç mesele ‘gaýyn-gelin oňuşmazlygyna’, ownuk dawalara ýa düşünişmezliklere’ çenli çäklendirildi. Sebäbi sowet döwründe maşgalalar üçin ýeterlik jaý, eklenç mümkinçiligi döredilmedi we maşgala agzalarynyň arasynda garyplyk, agyr ýaşaýyş şertleri esasynda ýüze çykýan oňuşmazlyklaryň düýp sebäpleri hiç wagt doly we töwerekleýin ýagdaýda öwrenilmedi.

Bu meseläniň prezident maşgalasyndaky ýagdaýlar bilen baglylykda ozaly iňlis dilinde gozgalmagy Türkmenistanda soňky onýyllyklarda çuňlaşan ykdysady kynçylyklaryň arasynda gürelýän maşgala agzalalyklary, bozulýan maşgalalaryň, ýetim galýan çagalaryň has köpelmegi, maliýe meselelerini çözmek üçin daşary ýurtlara gitmek isleýän erkekleriň sanynyň barha artmagy bilen utgaşdy.

Bellemeli ýeri, türkmen dilindäki metbugatda gozgalmaýan hem bolsa, häzir pensiýa ýaşyna ýeten türkmen aýallarynyň birnäçesiniň Azatlyk bilen anonim we aýry-aýry söhbetdeşlikde aýtmaklaryna görä, gelniň maşgaladaky orny, düşen ýerine baglylykda adam ornunda görülmegi ýa kemsidilip, hyzmatkär ýaly saklanmagy, gelin bilen onuň baldyzlarynyň ýa gaýynekejileriniň arasynda döreýän agyr ýagdaýlar barada tas her öýde diýen ýaly gürrüň edilýär.

Degişli maglumat Aýal-gyzlaryň daş keşbine gözegçilik gaýtadan güýçlenýär

Şeýle-de, Azatlygyň söhbetdeşleriniň aýtmaklaryna görä, türkmen maşgalalaryndaky gelinleriň gaýynlary, baldyzlary, gaýynekejileri, eltileri tarapyndan gysylmagy, kemsidilip saklanmagy soňky döwürde ýitileşen emläk, miras dawasy ýa göreşi bilen baglylykda hem güýçlenýär we bu ýagdaý kanun esasynda öz hak-hukugyny gorap bilmedik gelinleriň çagalary bilen jaýsyz, juda kyn ýagdaýda galmagyna alyp gelýär. Ýöne, ýurtdaky ýapyklyk, metbugatdaky döwlet senzurasy aýrylyşan, çagaly we kyn ýagdaýda galan gelinler, ýetimçilikde ösýän çagalar baradaky maglumatlary açyk öwrenmek mümkinçiligini bermeýär.

Mundan başga, gelnejelerinlerini aýrylyşyp gider ýaly edip, kakasynyň emläginden ýa mirasdan has kän paý almaga, ýer, mellek almaga çalyşýan, oglan doganyny we onuň çagalaryny kakalarynyň miras galan jaýyndan çykaryp, ol jaýy öz ogluna berýän ýa-da kireýine berýän ýeser aýal doganlaryň köpelýändigi barada hem maglumatlar bar.

Prokuratura, kazyýet edaralary para bereniň tarapynda bolýar ýa-da beýle işlere seretmek islemeýär, eger jemgyýetde sagdynlyk, jebislik, agzybirlik dörediljek bolsa, bu meseleler indi metbugatda açyk ara alnyp maslahatlaşylmaly diýip, synçylar aýdýar.

Azatlygyň habarçylary dürli hünärli, pikir-garaýyşly adamlar bilen ikiçäk duşuşyp, gelinler we olaryň maşgalada ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary barada pikir soradylar.

Aýdylmagyna görä, türkmenler gyzlaryny durmuşa çykaranlarynda adatça “Baran ýeriň bilen bol, aglap gelme“ diýýärler. Bu gyzyň täze maşgalada öz isleglerini ýa pikirini aşa öňe sürmeli däldigini, her hili ýagdaý hem bolsa, baran ýeri bilen oňuşjak bolmalydygyny, kähalatda ähli süteme çydamalydygyny aňladýar. Azatlygyň ýerli habarçysynyň soraglaryna jogap beren bir ýaşaýjynyň sözlerine görä, bu "türkmende hakykatynda gender deňligi diýen zadyň ýokdugyndan habar berýär”.

“Gelin ilki gelin bolup gelen gününden başlap ony berk synlap başlaýarlar. Guda bolup, galyň geçirilenden soň, gelniň gaýyn öýüne harçlaýan puluny hasaplaýarlar. Käbir ýagdaýlarda, täze gelniň geçirilen puluň hasabyna alan öý goşlarynyň nyrhyny çykaryp, “öýe goş almajak bolsaň, näme üçin munça pul saldyrdyň” diýip, yrsarap başlaýarlar” diýip Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Mundan başga, “geýim-eşiklerini, ähli bolşuny synlap, tutuş maşgala onuň nähili ýaşynmaldygynya, gyňajyny nähili daňmalydygyna çenli öwredip, zameçaniýa edip, gelni gysyp başlaýar. Netijede, täze gelen gelin öýdäki maşgala agzalarynyň tas ählisiniň hyzmatkärine öwrülýär. Onuň öz pikirini aýtmagyna hiç hili ýol berilmeýär. Gaýynene bolan aýallaryň käbiri “sen bir gelmişek, gürleme-de, diýlenini et” diýip, gelni bilen gaty gödek gürleşýär. Türkmen gelni lal, ker we kör bolmaly” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýaşaýjy aýtdy.

Degişli maglumat Uly toýlar we 'dört tärime sygmaýan' durmuşyň jogapsyz soraglary

Onuň pikiriçe, kähalatda gelniň okuwly, diplomly, eli işli bolmagynyň ýa-da elinden hiç bir iş gelmezliginiň hem tapawudy bolmaýar, oňa gelen ýerindäki iň kiçi maşgala agzasy hem islän zadyny diýip, aýdyp ýa buýrup bilýär. Öýüň ýaşulysy diýilýänler bu ýagdaýda köplenç sessiz tomaşaçy ýa-da ýaş gelne edilýän sütemi işjeň goldaýjy bolup galýarlar.

Täze gelen gelinleriň, eger gelen ýerleri biraz düşünjeli, okuwly we adamkärçilikli bolmasa, hepdäniň ýedi gününde gije-gündiz işleýän hyzmatkäre öwrülýändigini ýene birnäçe söhbetdeşimiz tassyk etdi.

“Kähalatda baldyzlar, ýüwürjiler gelniň hojaýynyna öwrülýär we, eger diýenlerini etmese, adamsyna ýamanlap, gelnejelerini biderek ýere urdurmagy hem hiç zatça görmeýär. Gelen gelin baran öýüniň abyny-tabyny alýança, azyndan üç ýyl gerek bolýar” diýip, ýaşaýjy gowy gaýynlaryň hem bolýandygyny, ýöne olaryň azdygyny hem sözüne goşdy.

“Durmuşa çykan gyz oglanyň hojalygy bilen ýaşaşmaga gelmeýär, onuň özi bilen ýaşamaga gelýär. Köne türkmençilikde gelen gelin iň soňky orunda goýlup, hakykatdan hem mugt hyzmatkär hökmünde ulanylypdyr. Bu hili köne düşünjeden el çekmeli. Ilçilik, her hili maşgala bar. Käbir gayýnlar gelinlerini öz gyzlary ýaly görýär, käbirleri, maşgalada bor-bolgusyz dawa bolup, ogly gelnini urup duran bolsa-da, olary aralamaýar. Gaýta gapyny açyp, gelni başdan terbiýelemeli diýip, işikde durup heşelle kakýan aýallar hem bar. Bu gaty çylşyrymly ýagdaý. Eger-de ýaş çatynja halys oňuşman, ylalaşman, derrew aýrylyşmak kararyna gelse, onda “aýagyny gyşyk basdy” diýip, gelne töhmet atýarlar. Köp gelin şu hili töhmetden gorkup, dişini gysyp çydaýar” diýip, bir ýaşaýjy öz pikirini paýlaşdy.

Ýaş gelniň baran ýeri bilen bolup, atasy öýi bilen aragatnaşyk saklamagy hem, gaýynlary oňşuksyz, ownuk adamlar bolsa, uly meselä öwrülýär diýip, habarçynyň soraglaryna jogap beren ýaşaýjylar aýtdylar.

“Eger-de gelin atasy öýüne gezmäge gidip-gelse, “ataň öýünde saňa gep berendirler, ýa-da biziň öýümize ataň öýünden doga getirensiň” diýip, yrsarap, onuň bilen birnäwçe günläp gürleşmeýän maşgalalar hem bar. Bu hili “jezadan” soň gelin atasy öýüne gezmäge gitjek bolsa, kän ýaýdanyp gezýär” diýip, bir ýaşaýjy öz şaýat bolan “geň praktikasyny” paýlaşdy.

Ýene bir mesele bolsa, aýdylmagyna görä, soňky ýyllarda köpelen iki aýallylyk bilen bagly.

Degişli maglumat Türkmenistan köpaýallylygy kanun taýdan gadagan etdi

“Soňky ýyllarda barly hojalyklarda ýene bir uly problema bar, erkek adamlar öýdäki aýallaryndan başga ýene bir aýal edinýärler. Öýdeçi gelinler, ýagny birinji aýallar bu zatlara göz ýummaly bolýarlar. Eger-de birinji aýal öz hak-hukugynyň gürrüňini edip, öz doganlary ýa gaýynlary bilen gürleşjek bolsa, “sen mesirgäp, şu bol-elinlikde biderek ýere yrsaraýarsyň, gaýrat et, sen ýükçi bolmaly, erkek eşekdir” diýip, oňa akyl berýärler. Eger-de aýal maşgala adamsy bilen aýrylyşyp, soňra başga bir erkek bilen görüşmäge başlasa, ony “ýoldan çykan” diýip atlandyrýarlar.”

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylar ýene bir ýagdaýa ünsi çekdiler.

"Durmuşa çykan gyz aýrylyşyp, atasy öýüne gaýdyp gelse, atasy öýüniň ony kän kabul edesi gelmeýär. Ýogsa, aýrylyşan gelin ömrüniň ýarysyny şol öýe hyzmat edip geçirýär, emma onuň bu hojalykdaky hak-hukugyny ykrar etmek islemeýärler. Netijede, ol gelin öýsüz-öwzarsyz galyp, kwartirant ýaşamaly bolýar. Dogan-garyndaşlary ol nirede ýaşasa razy, ýöne öýde ýaşamasa bolýar diýip pikir edýän ýaly. Ýöne gyzlaryny ogly bilen deň görýän ene-atalar hem bar, emma az” diýip, ýaşaýjy aýtdy.

Gelen gelniň hak-hukugyny kemsidýän ýene bir mesele bolsa, durmuşa çykan gyzyň gelin bolup gelen öýüne bäş ýyllap ýazgy, propiska edilmezligi bilen bagly diýip, synçylar aýdýar.

"Bu geçen bäş ýylyň dowamynda ýaş gelniň birnäçe çagasy hem bolýar, emma olary hem resmi hasaba almaýarlar. Bu hili ýagdaýda, ahyrynda mesele has çylşyrymlaşyp, gelen gelniň we onuň çagalarynyň öý, emläk hukugyny ýitirip, ol öýe bu ýerde ýazgy edilen gyz maşgalanyň hem eýe çykýan halatlary bolýar. Käbir hojalyklarda durmuşa çykyp giden gyzlar hem yzlaryna gelip, atasy öýünde höküm sürýär, olar öz oglan doganlarynyň maşgalasyny biderek zat üçin bozmakdan hem gaýtmaýar” diýip, ýaşaýjy aýtdy.

Ozallar, köne türkmençilik däpleri esasynda emläk körpe ogla we körpe gelne galardy, bu meseläniň daşynda kän gürrüň hem edilmezdi, indi bu ýagdaý üýtgedi, emläk, öý meselesi ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň arasynda iň ullakan “arabozara” öwrüldi diýip, synçylar aýdýar.

Maşgaladaky körpe ogul öýlenenden soň, jaý dar bolsa, uly gelinler kireýine bolsa-da bir ýere çykmaly, emma häzirki aýlyklar, durmuşyň gymmatlygy ýaş maşgalalary aljyradýar, olaryň arasynda her hili hilä ýüz urýanlary hem bar diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.

Degişli maglumat "Aýalyň orny ýa-ha öý, ýa-da mazar". Näme üçin "Talyban" gyzlara bilim almagy gadagan edýär?

“Körpe gelin geleninden soň, ozal mugtuna ýaşap oturan otagyndan çykmajak bolup, her hili oýun görkezýän aýallar bar. Körpe gelinleriň käbiri, uly gelin göçmese, men ejemlere gidip, şol ýerde ýaşajak diýip, şantaž edýär. Ýa-da, derrew yrsgalyny aýryp, başga ýerde aýry, kireýine ýaşamak üçin pul talap edýän gelinler hem bar. Mellek almak kyn, mellekleriň bahalary ýerleşýän ýerine görä ýokarlanyp gidip otyr” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi häkimiýetleriň ýer, mellek, jaý meselelerini çözmekde edýän kömekleriniň gaty azdygyny, düýpden ýeterlik däldigini öňe sürdi.

Bir maşgalada birnäçe gelniň, olaryň çagalarynyň oňşup, asuda ýaşamagy gaty kyn. Ýöne maşgalada gelen gelinler bilen olaryň ýanýoldaşlarynyň aýal doganlarynyň arasyndaky gatnaşyk, bir gelniň beren gürrüňinden görnüşine görä, has çylşyrymly.

"Baldyzym aýrylyşyp geleninden soň öýde ýaşar ýaly bolmady. Öýüň içi günde goh-galmagal. Men onuň çagasynyň, özüniň kirini elim bilen ýuwmaly boldum. Baldyzym öýde hiç iş etmek islemeýärdi. Ýoldaşymyň işläp, gündelik gazanyp getiren puluny ilkiler gaýnym saklaýardy, soň ol pullary baldyzym saklap başlady. Men öýde köýnek tikip, başardygymdan gazanç edýärdim. Baldyzym köýnekden düşýän puluň hem özüne berilmegini sorady. Men bermedim. Ýanýoldaşym işden geleninden soň, ýamanlap, meni oňa urdurdylar. Netijede, razy bolmasam-da, köýnek tikip gazanýan pulumy hem baldyzyma bermeli boldum. Ol puldan men özüme ýa çagalaryma hiç zat alyp bilmeýärdim. Onsoň men tikinden gazanýan pulumyň bir bölegini gizläp, özüme alyp galmaga başladym. Baldyzym muny bilip, öýde uly goh-galmagal turuzdy. Men çagalaryma nahar guýup, saçaga alyp gelýärdim. Ol gyzgyn naharly tabagy agdaryp, naharyny üstüme döküp, saçymdan tutup, “sen pul ýygnaýan bolsaň, agama-da ikilik edýänsiň” diýip, meni urmaga başlady. Soňra ol ýoldaşyma jaň edip, ony hem öýe getirdi we meni üýşüp, bilelikde urmaga başladylar. Men zordan ellerinden sypyp, gaçyp goňşymyň öýüne bardym we ol ýerden atam öýüme gaýtdym. Atam öýümde başda hiç zat diýmediler we obanyň şepagat uýasyny çagyryp, gyzgyn naharyň dökülen ýerlerine, urlan ýerlerime derman-däri etdirdiler. Ýöne urlanym üçin polisiýa ýüz tutmadylar. Diýen zatlary - “çydar ýaly bolsa çydamaly” diýdiler. Men iki günläp atam öýümde boldum. Iki günden soň gaýyn enem hiç kime duýdurman gelip, meniň goşlarymy we üç ýaşly gyzymy howla taşlap gidipdir. Oglumy alyp galypdyrlar. Ýoldaşym bilen düşünişjek boldum. Bolmady. Aýratyn öýe çykyp ýaşaly diýdim, etmedi. Atam öýümde hem galyp boljak däldi, gelnimiz meni öýe sygdyrmady. Onsoň tikinçilik öýüne işe girdim we bir hojalygyň işiginde kiçijik wagtlaýyn jaýyň bir otagyny kireýine aldym. Aýyna 600 manat töleýärin. Gyzymy çagalar bagyna ýerleşdirdim, gazanýanym iýjegime ýetýär. Ýöne men durmuşa çykanymdan soňra öz ene-atama-da gerekli bolmadym. Indi gyzym hem öz kakasyna gerek däl. Dogan-garyndaşlarym meni gaýtadan durmuşa çykarmak isleýär. Nämemiş, meniň ýeke, ärsiz ýaşaýanyma utanýarmyşlar. Meniň öýsüzligim, bir garnym aç, bir garnym dok bolmagym hiç kimi gyzyklandyrmaýar. Meniň ýaly ýagdaýa düşýän gelinler bir ýa iki däl. Garyplyk, ogul-gyzy deň tutmazlyk türkmende däp bolup galdy" diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen gelin öz başdan geçirenlerini gürrüň berdi.

Degişli maglumat Türkmen deputaty aýallar üçin kosmetiki gadaganlygy 'sanitariýa' sebäbi bilen düşündirdi

“Maşgalada gelinleriň düşýän güni, aýal doganlaryň öz erkek doganlarynyň maşgalasyna edýän sütemleri barada bütin oba bilýär, sebäbi olar, ýa-da gelniň ejesi, aýal doganlary bu barada köp ýerde gürrüň edýär. Bu bilinýän ýagdaý. Emma jemgyýet bu barada gürrüň etmäge taýýar däl. Sebäbi gender deňligi, adama adam hökmünde hormat goýmak, adam hukuklaryny sylamak ozaly döwlet ýolbaşçylaryndan, soňra her bir adamdan, her maşgaladan başlanmaly, adamlar özlerini sylamagy, öz maşgala agzalaryny sylamagy öwrenmeli” diýip, ozalky diplomat, ýaşuly aktiwist Nurmuhammet Hanamow Azatlyk bilen eden telefon söhbetdeşliginde aýtdy.

Ýöne ýurtda köpelen deňsizlik meseleleriniň ozaly döwlet ýolbaşçylaryndan, kanunlaryň ýerine ýetirilmezliginden, bilim-düşünjäniň ýyl-ýyldan pese gaçmagyndan gözbaş alýandygyny aýdýan ýaşaýjylar hem bar.

"Döwletiň kanunlaryň berjaý edilişine esewan etmezligi, kazyýet işleriniň köplenç para bilen çözülmegi adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary bozýar, dogan-garyndaşlaryň, olaryň çagalarynyň arasynda gürleşmän ýören kineli, öýkeli adamlar köpelýär” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi maşgaladaky kemsitmeleriň kähalatda gelinleriň, atasy öýüne hem baryp bilmän, öz janyna kast etmegine eltýändigini aýtdy. Emma bu ugurdaky statistiki maglumatlar ýapyk saklanýar.

"Türkmen erkekleriniň gulagyna çagalykdan "aýaly başdan” diýen gepi guýýarlar, soň olar gelni diňe urup saklamalydyr öýdýärler. Gelinlere öz pikirini aýtmak gadagan, olaryň ýaşmakly bolmagynyň bir sebäbi şol. “Geçirimli bol, sen çydamaly, sen hyzmatyň bilen özüňi aldyrmaly” diýip, gelinleri ýaş başlaryndan mugt, dilsiz hyzmatkärlige boýun edýärler. Erkek adamlar öz aýallaryna arkaýyn paýyş sözleri diýip bilýärler, gelin ol sözlere çydamaly, ejesine, doganlaryna dil ýetirýärler, gelin ýene çydamaly, urulsa-da, depilse-de çydamaly, sesini çykarmaly däl. Bu nähili ýaşaýyş?” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi sözüni sorag bilen jemledi.

Ýaşaýjylaryň käbiri gender deňliginiň ozaly döwlet syýasatynda bozulýandygyny, häkimiýetleriň aýal-gyzlaryň hak-hukuklaryny we azatlyklaryny tas ähli ugurda çäklendirýändigini, ýöne gurply adamlaryň öz aýal-gyzlarynyň hukuklaryny belli bir derejede gorap bilýändigini öňe sürdi.

“Häzirki jemgyýetde gender deňligini gelniň ýa-da onuň gaýyn tarapynyň haýsysynyň baýlygynyň köp bolmagy kesgitleýär. Gelniň kakasy gurply bolsa, ol gelin baran ýerinde elini sowuk suwa hem urmaýar, gaýynlarynyň gözüniň alnynda sport lybasynda girip-çykyp, gaýyn enesine gelin däl-de, gyz bolýar. Eger gelniň çykan ýeri garyp bolsa, ol gelin gaty agyr sütem astynda galyp, öýüň ähli agzasynyň guluna hem öwrülip bilýär, bu diňe onuň gaýynlarynyň ynsabyna bagly” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.

Durmuşa çykan maşgalasynda birnäçe gelin bolup ýaşaýan gelinleriň kynçylygy esasan jaýlaryň darlygy, ýetde-gütde ýaşaýyş, çagalaryň arasynda döreýän dawalar bilen bagly. Eger-de jaý meselesi wagtynda çözülse, bu ýagdaý maşgalalaryň bozulmagyna, dogan-garyndaşlaryň arasyndaky duşmançylygyň häzirki ýaly ulalmagyna getirmezdi diýip, bir ýaşaýjy ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň gender deňligine uly täsiriniň bardygyny nygtady.

“Aýrylyşan gelinler öz hukuklaryny kanun üsti bilen gorap bilmeýär, sebäbi aliment meselesi bar, bu uly problema, işsiz adamlar nädip aliment tölesin? 2-3, 4 çaga bilen ýeke galan gelinler atasy öýüne hem sygmaýar, doganlarynyň hem olara kömek etmäge ýagdaýy ýa islegi ýok. Bu mesele döwlet tarapyndan çözülmeli, olar jaý, kömek puly bilen üpjün edilmeli diýip, bir ýaşuly bu meselede döwletiň uly jogapkärçilik çekýändigini aýtdy.

Degişli maglumat Türkmenleriň gender deňligi babatdaky tagallalary we Google Terjimäniň 'gender stereotipleri'

“Gendr deňliginiň bolmagy üçin döwletiň halkyň umumy ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmagy, aýlyk haklarynyň bazar sebedine gabat gelmegi, iş ýerleriniň köpeldilmegi we birinji nobatda ýeke galan aýallaryň jaý, iş bilen üpjün edilmegi, olaryň çagalarynyň çagalar bagy bilen üpjün edilmegi gerek, eger islese, gaza baý döwletde bu işleri etmäge mümkinçilik bar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Dünýäde iň bir repressiw we ýapyk döwletleriň biri hökmünde tankytlanýan Türkmenistan iň ýokary derejelerdäki maşgalalardan iň aşaky derejelerdäki maşgalalara çenli ýiti täsir edýän we tasdan hemmä belli bolan meseleleri hem açyk boýun almakdan we ara alyp maslahatlaşmakdan gaça durýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.