Garaşsyzlyk baýramyna mejbury taýýarlyklar dowam edýär, talyplar arassaçylyga çekilýär

Illýustrasiýa suraty.

Şu günler Aşgabatda Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlyk işleriniň çäklerinde, ýokary okuw jaýlarynyň talyplary mejbury arassaçylyk işlerine çekilýärler. Şol bir wagtda, sübse, pil we bedre ýaly arassaçylyk esbaplaryny satyn almaga niýetläp, her bir talypdan 20 manat möçberinde pul toplanýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary paýtagtyň azyndan üç sany iri ýokary okuw jaýynda – Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetinde, hem-de Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde – talyplaryň mejbury arassaçylyk işlerine çekilip, olardan 20 manat möçberinde pul serişdeleriniň mejbury ýygnalyp alynýandygyny habar berýärler.

“Talyplar öz okuw jaýlarynyň, umumy ýaşaýyş jaýlarynyň töweregindäki ýanaşyk ýerleri arassalap, tämizlik işlerini ýerine ýetirýärler” diýip, paýtagtly çeşme aýdýar we Oba hojalyk uniwersitetiniň talyplarynyň botanika bagyny hem syryp-süpürýändiklerini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirýär.

Degişli maglumat Türkmen häkimiýetleri SSSR gaýtadan gurlar öýdüp gorkýar – balkanly ýaşaýjylar

Okuw jaýlarynyň binasynyň ýerleşýän ýerinden 200-300 metre çenli aralykdaky ýanaşyk ýerler talyplara bölünip berilýär. Olar arassaçylyk enjamlaryny hem özleri satyn almaly bolýarlar. Şeýle maksatlara niýetlenip, her bir studentden 20 manat möçberinde pul ýygnalyp alyndy.

“Talyplardan ýygnalan pullara sübse, pil, bedre, zir-zibile niýetlenen gara plastik haltalar, hem-de çotga ýaly arassaçylyk esbaplary satyn alyndy” diýip, aşgabatly çeşme aýdýar.

Bu çäreler talyplara Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlyk çäreleri hökmünde düşündirilýär.

“Talyplar päsgelçiliksiz, arkaýyn bilim alyp bilmeýärler. Üstesine, olardan artykmaç pul çykdajylary talap edilýär” diýip, çeşme aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan käbir talyp hossarlary özleriniň ogul-gyzlarynyň, ilkibaşda, okuwa kabul edilmegine begenendiklerini, ýöne wagtyň geçmegi bilen, olaryň bilim almagy bilen bagly döredilýän päsgelçilikler, esassyz pul harajatlary barada eşidip, özleriniň gynanýandyklaryny aýdýarlar.

“Ilki başlarda begenen hem bolsak, okuwyň başlamagyndan heniz bir aý geçip-geçmänkä, perzentlerimiziň wagtynyň hem-de pullarynyň bisarpa ulanylmagyna gynanýarys we ökünýäris” diýip, bir talyp hossary anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda talyplaryň mejbury çärelere, şol sanda arassaçylyk işlerine çekilmegi indi kada öwrülip, şeýle däpler olaryň öz saýlap alan ugurlary boýunça bilim we hünärlerini kämilleşdirmeginden has ileri tutulýar.

Bilim resmileri şeýle çäreler bilen talyplarda tabynlyk terbiýesine üns berip, her bir işe tabyn raýatlary ösdürip ýetişdirýän mahaly, magaryf synçylary, tabynlyga esaslanýan ulgamyň ýurduň geljegine howp abandyrýandygyny aýdýarlar.

Döwlet mediasy ruhubelent raýatlaryň Garaşsyzlyk baýramyna buýsançly taýýarlyk görýändigini aýdýar, ýöne mejbury çärelerden ýadan raýatlar, şol sanda paýtagtly ýaşaýjylar şeýle möhüm senelerde özleriniň şatlyk-şowhuny duýup bilmeýändiklerini aýdýarlar.

Baýramçylyga taýýarlyk işleri paýtagtda awtobus gatnawlaryny hem bökdeýär. Ýolagçylar uzak wagtlap, duralgalarda awtobuslara garaşmaly bolýarlar. Sebäbi, paýtagtly ýaşaýjylar baýramçylyga taýýarlyk çäreleri zerarly, awtobuslaryň öz wagtynda duralgalara gelip bilmeýändigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatda käbir awtobus sürüjileri bilen gürrüňdeş bolup, gijikmeleriň sebäplerini olaryň özlerinden anyklamaga çalyşdylar.

“Biziň köpümizi Garaşsyzlyk mynasybetli geçiriljek dabaralaryň taýýarlyk çärelerine gatnaşýan adamlary daşamaga çekýärler” diýip, awtobus sürüjisi aýdýar.

Degişli maglumat Balkanly medeniýet işgärleri Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlyklar üçin Aşgabada ugradylýar

Olar ýokary okuw jaýlarynyň talyplaryny hem dabaralaryň geçirilýän ýerine daşaýandyklaryny aýdýarlar.

Şeýlelikde, paýtagtyň ýaşaýjylary duralgalarda ýolagçy awtobuslaryndan mahrum bolup, garaşylmadyk ýagdaýda gijikmelere sezewar bolýarlar.

Paýtagtyň transport kärhanalary awtobus gatnawlarynyň tertibindäki degişli üýtgeşmeler barada ýolagçylara öňünden habar bermedi.

Azatlyk Radiosy talyplaryň mejbury ýagdaýda baýramçylyk çärelerine çekilmegi barada, şeýle-de ýolagçy awtobus gatnawlarynyň tertibindäki üýtgeşmeler barada ýerli häkimiýetlerden resmi teswir alyp bilmeýär.

Türkmenistanda býujet işgärleri, talyplar hatda mekdep okuwçylary şeýle çärelere mejbury çekilýärler. Ýöne bu çäreler, synçylara görä, raýatlarda garaşsyzlyga ýa-da watana bolan buýsanç duýgularyny döretmeýär, gaýtam, olar adamlary ýadadýar.

“Garaşsyzlyk baýramy şatlyk baýramçylygy bolman, başa gelen bela boldy” diýip, paýtagtdaky bir awtobus duralgasynda awtobusa garaşýan bir ýolagçy aýtdy.

Türkmenistanda 27-nji sentýabrda Garaşsyzlyk güni bellenip geçilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.