Etniki türkmen gyzy: Owganystanda aýal-gyzlaryň arzuwlarynyň puç bolanyna üç ýyl boldy

"Talyban" wekili we owgan zenany (Illýustrasiýa suraty)

15-nji awgustda Owganystanda “Talybanyň” häkimiýet başyna gelenine üç ýyl boldy. “Talyban” häkimiýeti ýurtda adam hukuklaryny, hususan-da, aýal-gyzlaryň hukuklaryny ýiti çäklendirmekde tankyt edilýär. Halkara kömek toparlary millionlarça owganystanlynyň “dünýädäki iň uly we çylşyrymly gumanitar krizisleriň birinde ejir çekýändigini” aýdýarlar.

ABŞ tarapyndan goldanýan owgan hökümeti ýykylyp, ýolbaşçylary sürgüne gaçandan soň, “Talyban” güýçleri 2021-nji ýylyň 15-nji awgustynda Owganystanyň paýtagty Kabuly basyp aldy.

ABŞ we “Talyban” Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleriniň soňky böleginiň 2021-nji ýylyň awgustynda ýurtdan çykjakdygy barada 2020-nji ýylyň 29-njy fewralynda ylalaşypdy.

Degişli maglumat "Talyban" häkimiýetleri owgan aýallarynyň aýlyklaryny azaldýar

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleriniň yza çekilmegi, "Talybanyň" 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Birleşen Ştatlara edilen terrorçylykly hüjümlerden soň, ABŞ güýçleri tarapyndan häkimiýetden agdarylandan 20 ýyl soň, häkimiýete gaýdyp gelmegine mümkinçilik berdi.

Şondan bäri "Talybanyň" ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti daşary ýurt hökümetleri we halkara guramalary tarapyndan ykrar edilmän gelýär we ynsan hukuklaryny, şol sanda aýal-gyzlaryň hukuklaryny, söz we metbugat azatlygyny berk çäklendirmekde tankyt edilýär.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan “jyns taýdan kemsitme” diýlip häsiýetlendirilýän aýal-gyzlara gönükdirilen çäklendirmeler iň esasy meseleleriň biri bolmagynda galýar.

Adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasy 11-nji awgustda çap eden metbugat beýanatynda “Talybanyň dünýäniň iň agyr aýal-gyzlaryň hukuklary krizisini” döredendigini aýtdy.

“Talyban” häkimiýete gaýdyp geleli bäri aýallar jemgyýetçilik durmuşyndan gysyldy, olaryň köp ýerde işlemegi çäklendirildi, seýilgählere we sport zallaryna barmagy gadagan edildi. Şeýle-de, olaryň orta we ýokary bilim almagyn agadagançylyk girizilip, olara diňe altynjy synpa çenli okamaga rugsat berildi.

Azatlyk Radiosy häzirki wagtda Owganystanyň Balh welaýatynyň Mazar-e-Şarif şäherinde ýaşaýan etniki türkmen gyzy Jemal bilen söhbetdeş bolup, “Talybanyň” häkimiýete gelmeginiň öz durmuşyna ýetiren täsirleri barada gürrüň bermegi sorady.

“Owganystanda owgan, türkmen we beýleki milletleriň aýal-gyzlarynyň arzuwlarynyň puç bolanyna üç ýyl boldy. Eger “Talyban” häkimiýete geçmedik bolsa, men häzir iki ýyl iş tejribesi bolan lukman bolardym. Oňa derek men öýden çykman, diňe öý işleri bilen meşgullanyp bilýän, öýde gabalyp oturýan gyz boldum” diýip, 26 ýaşly Jemal sözüne başlady.

Jemal “Talyban” häkimiýet başyna gelende Mazar-e-Şarif şäherindäki lukmançylyk uniwersitetleriniň birinde soňky synpda okaýardy.

Ol “Talybanyň” ilkibada bir ýyla golaý wagt aýal-gyzlara okamaga rugsat berendigini we şonda özüniň soňky synpyny gutaryp, lukmançylyk uniwersitetini tamamlandygyny, ýöne “Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky hökümetiň özlerine diplomlaryny bermekden saklanýandygyny aýtdy.

Degişli maglumat Owganystanda “Talyban” jemgyýetçilikde onlarça adamy gamçylady

“Biz gyzlar bolup üýşüp, ençeme gezek arza ýazdyk. Arzamyzda synaglardan üstünlikli geçendigimizi hem beýan edip, diplomlarymyzyň berilmegini soradyk. Ýöne bize diplomymyzy bermän gelýärler. Kime ýüz tutjagyňyz hem bilmeýärsiň. Sebäbi nirä barsaň, aýal-gyzlary äsgermeýärler. Aýal-gyzlara üçünji sort ynsan hökmünde garaýarlar” diýip, Jemal belledi.

Ol özüniň tanaýan başga-da azyndan 13 sany türkmen gyzynyň dürli uniwersitetleri tamamlandygyny, ýöne olaryň hem ne diplomlaryny alyp bilýändigini, ne-de bir ýerde işläp bilýändigini aýtdy.

“Häzir aýal-gyzlar diňe “Talyban” tarapyndan kesgitlenen, rugsat berlen ýerlerde işläp bilýärler. Meselem, aýal lukmanlar diňe aýal-gyzlara hyzmat edýän merkezlerde işläp bilýärler. Biz, gyzlar bolup, uniwersitetden alan soňky resminamalarymyzy, synag netijelerimizi görkezip, bu ýerlerde işlemek üçin arza tabşyrýarys. Ýöne bu ýerlerde hem bize “diplomyňyz bolmasa, işe alyp bilmejekdiklerini” aýdýarlar” diýip, Jemal belledi.

Ol bu çykgynsyz ýagdaýyň özüniň we beýleki aýal-gyzlaryň durmuşyna, psihiki saglygyna juda ýaramaz täsir edýändigini, sebäbi gelejege bolan umytlarynyň ýokdugyny, öňlerinde diňe garaňkylyk görýändigini hem aýtdy.

“Biz okap, elimizde kärimiz bolar öýtdük. Işläp, gazanç ederis, adamlara kömegimiz deger öýtdük. Ýöne şu wagt gelejegimiz diňe garaňkylyk. Sebäbi biz häzir ýüzümizi doly ýapýan çadyr geýmeli bolýarys. Ýanymyzda “mährem” adam, ýagny kakamyz ýa-da erkek doganymyz, erkek jigimiz bolmasa, köçä ýeke çykyp, bazara ýa-da dükana azyk satyn almaga hem gidip bilmeýäris” diýip, Jemal belledi.

Ol häzir diňe iki ýa-da üç gyzy bilen ýeke ýaşaýan eneleriň sanynyň hem sanardan köpdügini aýdyp, şeýle diýýär:

“Şeýle eneler başga sebitlerde ýa-da etraplarda ýaşaýan erkek doganynyň ýa-da kakasynyň hepdede bir gezek gelip, olary azyk satyn almaga alyp gitmegine garaşmaly bolýarlar. Sebäbi köçä ýeke çykan aýal-gyzlaryň "Talyban" tarapyndan alnyp gaçylyp, gamçylanmagy ýaly ýagdaýlar köp bolýar. Owganystanda aýal-gyzlaryň gelejegi diňe tümlük” diýip, Jemal sözüni jemledi.

Degişli maglumat Myrady: Türkmenleriň sesi bogulýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.