Owganystanyň demirgazygynda “Talyban” dolandyryjylary onlarça adamy sport stadionynda gamçyladylar. Bu adamlaryň şol sanda “ahlaksyz gatnaşyklar” diýlip häsiýetlendirilen etmişde günäli tapylmagyndan soň amal edilipdir.
“Talybanyň” Ýokary Sudunyň maglumatyna görä, 4-nji iýunda Sar-e Pol welaýatynda 63 adam, şol sanda 15 aýal gamçylanypdyr. Bu ýerli resmileriň gatnaşmagynda amal edilipdir.
Sud bu adamlaryň ogurlykda, şeýle-de ahlaksyz diýilýän jenaýatlarda, şol sanda jynsy gatnaşyklarda, gomoseksuallykda dagy günäli tapylandygyny aýtdy.
“Talybanyň” ruhy lideri Molla Haýbatullah Akhundzada 2022-nji ýylyň noýabrynda Owganystanda yslamy jezalaryň gaýtadan ornaşdyrylýandygyny yglan edeninden soň, ýurtda jemgyýetçiligiň öňünde adamlary jezalandyrmak çäreleri artyp başlady.