Kerim Gurbannepesowyň sanlyja ýyldan taryha gitjek sowet döwrüni öwüp, onuň ýaly beýik döwrüň hiç wagt bolmandygyny ynandyrjak bolşuna şaýat bolan edebiýatçylar şahyryň “Döwür beýle däldir” atly goşgusyny öz wagtynda “el çarpylýan goşgularyň ýene biri” diýip atlandyrypdylar. Emma sowet döwründe ýeňil propaganda eseri hasaplanan goşgyny okap, internetde paýlaşan Mergen Annamuhamedow köp sagbolsun alypdyr. Onuň YouTube kanalynda ýerleşdiren wideosynyň aşagynda pikirini galdyran adamlar "Döwir şevle owadan goşgy”, “Göz öňümde janlandy...”, "Superrrrr...”, “örän manyly goshgy” diýen ýaly oňlaýjy sözleri ýazypdyrlar. Eger-de şol döwürde Kerim aga bilen bile işlän, Kompartiýanyň edýän talaplaryny gowy bilýän, ýöne hökümetiň öňünde edilýän “dil tansyna” biraz tankydy garan edebiýatçylary diňleseň, türkmen-sowet edebiýatynyň görnükli wekilleri esasan özlerini we halky aldamak bilen meşgullanyp, Magtymguly Pyragynyň "Aýdan sözüňe pyglyň bolmasyn ýalan, köňlüm” diýen ýörelgesine göz ýumupdylar.
"Sowet döwrüni wasp eden goşgularyň käbiriniň garaşsyzlyk ýyllarynda, 'altyn asyr' diýilýän döwürde we ondan soňam meşhurlygyny ýitirmezligi, olary internetde paýlaşýanlaryň köp sagbol almagy häzirki durmuşyndan nägile adamlaryň parahatçylykly protestimi ýa-da bu ýagdaý soňky propaganda şahyrlarynyň öňküler ýaly täsirli bolup bilmändigini görkezýärmi?" Tiwtterde sowet döwründe “gowy görlen” goşgularyň biriniň jemlemesi - “Siz etmeli ömri ömür,//Siz etmeli döwri döwür!” öňümizden çykanda biygryýar Stambulda ýaşaýan zähmet migrantynyň bir ýyl ozal beren soragy ýadymyza düşdi. Twitter ulanyjy bu setirleri türkmeniň iki sany meşhur şahyrynyň, Gurbannazar Ezizow bilen Kerim Gurbannepesowyň suratlary we goşgy setirleri bilen bezelen kafede görüp, surata düşüripdir.
Mundan öň sosial mediada başga bir tanymal şahyryň, Berdinazar Hudaýnazarowyň watan hakda gysga, agras we akylly gürlemek baradaky setirleriniň üstünden gelenimizde hem şol zähmet migrantynyň beren soragy ýadymyza düşüpdi. Maý aýynyň ortalaryndan iýunyň aýagyna geçirilen Şygryýet günleriniň öňüsyrasynda, mekdep ýyllarynda şahyr bolmagy arzuw eden migrantyň soragyna jogap gözläp, Azatlyk redaksiýa bilen hyzmatdaşlyk saklaýan edebiýatçylaryň käbirinden diýdimzor partiýa we düşünjesiz köpçülige ýaranmak üçin ýazylan we edebiýatçylaryň arasynda 'el çarpylýan goşgular' diýip atlandyrylan eserleriň 'üstünligi' baradaky pikirlerini sorady.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly edebiýatçynyň pikirine görä, sowet döwründe döredilen 'el çarpylýan goşgularyň' käbiriniň şindi hem oňlanmagy, bir tarapdan, sowet döwründe 'beýnisi ýuwlan' okyjylaryň geçmişi küýsemegi bilen bagly bolsa, ikinji tarapdan, soňky otuz ýylda goşgy, edebiýat düşünjesiniň juda peselmegi ýa daralmagy bilen bagly bolup görünýär. Şeýle-de, edebiýatçynyň pikirine görä, Türkmenistanda täze, has güýçli edebiýatyň döremegi üçin köne edebiýata, sowet döwrüniň edebi mirasyna täzeden, partiýa ýa-da belli bir ideologiýa çäkliliklerinden çykyp, töwerekleýin we çuňňur, gönümel we açyk baha berilmelidi, emma bu iş edilmedi we bu golaýda ediljege hem meňzemeýär. Munuň sebäbi ýurtdaky döwlet senzurasy, metbugatyň döredijilik çekişmeleri üçin hem ýapyk bolmagy, edebi taýýarlygy ýa tälimi ýetik adamlaryň az bolmagy bilen düşündirilýär.
Degişli maglumat Teatr bolçulygyndaky gowy oýun, kino we tomaşaçy gytçylygyKerim Gurbannepesow öz döwründe hem partiýa, hem ýönekeý halk tarapyndan sylanýan şahyrdy, ýöne bu onuň şol wagtlar pikir edilişi ýaly “uly şahyr” bolandygyny, türkmen edebiýatynyň taryhynda sowet metbugatynda we häzirki okuw kitaplarynda görkezilişi ýaly orun tutmalydygyny asla aňlatmaýar diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.
Onuň “Döwür beýle däldir” goşgusy, gönüläp aýdylmaly bolsa, ýöntem sowet propagandasynyň bir bölegi bolup, döwür, durmuş hakynda halk içinde edilýän tankydy pikirleriň üstüni örtmäge çalşyp, kommunistleriň kagyz ýüzünde guran “jennetini” goramak üçin zoraýakdan ýazylan eserdi. Muny goşgynyň başynda “Ýaşulular Sowetiniň maslahatynda bir gojanyň aýdanyndan” diýlip getirilýän ýalan sözlerden – “Dünýe döräp, heniz şeýle ajaýyp döwür bolan däldir. Emma käbir naýynsaplar özleriniň ähli aýyplaryny döwrüň üstüne atýarlar” diýlip atylýan tanyş sapalakdan hem görse bolýar.
Şahyr goşgusyny "A-gyz, näme, hanmydyň sen!" diýip, umumy halkyň garyp durmuşyny bilip, görüp duran hem bolsa, faktlary ýoýup we ulaldyp, hakykatda umumy köpçüligi o diýen gowy ýaşamaýan, ösen sosializm diýilýändäki mejbury zähmetiň berýän ýetde-gütde aýlyk haklaryna zordan güzeran aýlaýan ilaty, soňy bilen SSSR-iň çökmegine getiren ykdysady syýasatyň pidalaryny günäkärläp, “gymmat” geýinmekde aýyplanýan naçaryň üstünden düşmekden başlaýar:
"A-gyz, näme, hanmydyň sen!
Geýinýärsiň beýle gymmat?
Her ýaglygyň – iki goýun.
Her ýüzügiň – bir bedew at.
Her köýnegiň bahasyna
alyp boljak iki sygyr..."
Şahyryň öz edebi fantaziýasynyň önümi bolan kelçik gyz oňa “Iller geýýär, menem geýjek.//Döwür şeýle, döwür” diýip jogap berýär we şeýlelikde bu ýagdaýyň, ýagny örän gymmat geýinmegiň tutuş ýurda, halka mahsus bir zatdygy tassyklanyp, beýle bolmaly däldigi aýdylýar.
Degişli maglumat A.Bugaýew: Magtymgulyny sylaýarys diýip, ideologiýanyň bähbidi üçin ulanýarlarElbetde, durmuş gowy bolsa, gyz-gelinleriň gowy geýinjek bolmagy tebigy zat. Hatda özüň uruş döwrüniň ýetginjegi bolan hem bolsaň, uzaga çeken horluklardan soň, yzdan gelýän nesilleriň, ýaş adamlaryň gowurak geýinmek islegine düşünip bolar. Emma ýaşlaryň gowy geýinmek isleginiň bir ýurduň tanymal şahyry üçin uly meselä öwrülmegine düşünmek kyn... Mysal üçin, şol ýyllarda “Edebiýat we sungat” gazetiniň tankyt bölüminde geçirilýän ‘çaý başynyň söhbetdeşliklerinde’ pikirini aýdýan edebiýatçylar muňa düşünip bilmeýärdiler. Ýöne olar bir tarapdan partiýanyň öňe sürýän döredijilerini tankytlamakdan çekinen bolsalar, ikinji tarapdan, edebi tankydy belli bir derejede goldaýandygy, tankytçy Durdymuhammet Nuralyýewiň uly galmagal döreden “Şahyr bolçulygynda şygyr gytçylygy” makalasyny gorap çykyş edendigi üçin, Kerim agany sylaýardylar.
Şahyryň öýüň ähli keşigini çekýän gyzlary aýnanyň öňünden aýrylmazlykda, näsag ejesine hamyr etdirip, mugt çörek iýmekde ‘aýyplamagy’ metbugatda tankytlanmadyk hem bolsa, çaý başynda edilen gürrüňlerde berk tankytlanýardy. Edebiýat tankytçylary muny ownamak, ýok ýerden mesele gözlemek, iň beteri bolsa, hakyky durmuşy ýoýup görkezmek hökmünde ýazgarýardylar. Edebiýatçylaryň biri şahyryň sowetleriň ykdysady syýasatyny ýazgaryp bilmän, dükany harytsyz ýa boş magazin müdirine igenmegine gülse, beýlekisi onuň ozallar goşgy-gazaldan doýmadyk obadaşyna bildirýän nägileligine, deputat gözi bilen seredip, ýönekeý adamlaryň eklenç ugrunda çekýän kynçylyklaryna düşünip bilmezligine gynanýardy.
Ýöne düşünýän adamlar keseden ýaňsylasyn ýa käte açyk ýüzüne pikirini aýtsyn, propaganda berlen, Annasoltan Kekilowa ýaly gönümel we hakykatçy şahyrlaryň düşen gününi gowy bilýän şahyrlar öz saýlap alan ýollaryny dowam etdirmelidi, ‘döwür gowy, adamlar erbet’ diýmelidi.
Degişli maglumat Döwrüň ýüzüne garap ýazylan terjimehalŞeýlelikde, şahyr ömrüniň soňky gününe çenli döwrüň, durmuşyň örän gowudygyny, adamlaryň örän gowy ýa baý ýaşaýandygyny “subut etmäge” çalşypdy we “altyn dişli” gelinleri, saçyny ösdüren ýigitleri, saçyny kesdiren gyzlary, öýlenende öýi goşdan doldurylan, öweç eti bilen bakylýan ýaş ýigitleri ‘utandyrman' biljek däldi.
Kerim aga, belki-de adalatly görünmek üçin, diňe beýlekileriň däl, öz ýaş galamdaşlarynyň hem kemçiliklerini paş edýärdi. “Setirleriň arasynda ne ýürek bar, ne-de bagyr” diýip, olary ýüreksiz, pul ýa aňsat eklenç üçin goşgy ýazmakda, senede ikilik etmekde aýyplaýardy.
Emma şahyryň hyýaly şägirdine diýýän zady, setirleriň arasynda görünmeýän ýürek, bagyr meselesi, setir sanyna, kitap sanyna, pula, at-derejä kowalaşmak diňe yzdan gelýän nesle däl, Kerim Gurbannepesow ýaly şahyr-ýazyjylaryň öz nesline-de, olardan soňkulara hem mahsus bolupdy.
Edebiýatçylarda her şahyr, her ýazyjy ýa şahsyýet öz döwrüniň ogly ýa gyzy bolýar diýen ynanç bar. “Ajyň aňy bolmaz”, “Kyrk gün aç bolan ýigitden akyl sorama” diýen ýaly halk pähimlerinden ugur alynsa, edebiýatçylaryň biri aýtmyşlaýyn, uruş döwrüniň açlygyny gören adamlardan ‘hiç zady gaty görmeli däldi’.
Ikinji tarapdan, ady agzalan şahyrlar her nähili bolanda hem jemgyýetiň pikir, aň baýdagyny göterijiler bolupdy we halk olaryň agzyna seredipdi. Netijede, olar durmuşa öz gözleri bilen seredip, belli bir derejede tankydy pikirlenipdiler, hojaýynlaryň göwnüne degmän, olara ýaranyp, mümkin bolan “nogsanlyklary” azaltjak bolupdylar diýen pikir hem bar.
Emma şahyr, käbir pikirlere görä, jemgyýetdäki agyryly meseleleriň üstünden gelende hem, meseläniň köküne, damaryna ýetjek bolman, başga heňi çalýan bolsa, ol öz aýybyny özi açýan, şol bir wagtda-da özüni, öz senedini sylamaýan adam bolýar.
"Iki mellek ortasynda
gygyrşyp dur iki goňşy.
Ýeke garyş ýer üstünde
turýar 'watançylyk' urşy..."
Türkmenistanda ýer, mellek meselesi şu günki günem uly mesele bolmagynda galýar we bu ýerde, şahyryň maslahat berşi ýaly, “parhlyrak bolmak” çykalga däl. Şol bir wagtda, şahyr Wladimir Ulýanowyň ýerleri daýhanlara bermek barada beren wadasyny bilýän däldir, ýurtda bol we eýesiz, emma ilata berilmeýän ýer barada obadaşlarynyň, gatnaşýan, ynanyşýan adamlarynyň edýän gürrüňlerini eşiden däldir diýip bolmaz.
Degişli maglumat Türkmen ýazyjylary haçan we nämä büdredi?Gürrüňi edilýän goşgudaky ýöntemlikler munuň bilen hem tamam bolmaýar, şahyr iki garyş ýer üstünde “watançylyk urşuny” turzan goňşulara käýäninden soň on otagly köşk guran, diýmek, aýlygyna ýaşamaýan, “Wolga” satyn alan, maşynyny gaty sürýän ildeşleriniň üstünden düşýär; araga erkini aldyran ýaş ýigidi ýepbekläp, durmuşy başga reňksiz, diňe ak-gara surat hökmünde görmegini hem görkezmegini dowam etdirýär.
Dogry, eger şol döwürde ýurduň meseleleri, döwlet syýasatyndaky düýpli ýalňyşlyklar ýa-da ikiýüzlülik barada açyk gürrüň edip bolan bolsa, sowatly, poeziýa, edebiýata tankydy göz bilen garap bilýän adamlar ýeterlik bolan bolsa, propagandaçy şahyrlar beýle arkaýyn bolmazdy.
Öňde-de bir ýazyjynyň sözleri bilen aýdylsa, ile kömek etjek hakykaty aýdýar, özüne kömek etjek iliň eşitmek isleýän zadyny aýdýar. Kerim aga, beýleki bir topar eserinde hem bolşy ýaly, el çarpylýan goşgulara, halk köpçüligi tarapyndan ýeňil garşylanjak setirlere ussatdy we, bu ussatlyk oňa diňe Türkmenistanda däl, Eýranda ýaşaýan türkmenleriň arasynda hem aňsat meşhurlyk getiripdi. Edebiýatçylar bu hili goşgularyň, himiki döküne öwredilen ekinlerden alnan tohum ýaly, okyjylar köpçüligini ösdürmän, göýdük we garaşly edendigini, adamlary aň, pikirleniş ýaltalygynda galdyrmakda uly rol oýnandygyny aýdýarlar.
Ýaşulular Sowetinde kommunistik partiýanyň propaganda üçin ulanýan adamlarynyň biriniň “aýdan” sözleri bilen başlanýan esere dolanyp gelsek, şahyr diňe il, halk bilen gepleşmän, wasp edilýän Döwrüň özi bilen hem dialog gurýar.
Okyjy bu dialogdaky döwri diňe döwür däl, partiýa diýip hem göz öňüne getirmeli. Elbetde, ol özüniň diýdimzordugyny ýa ganly geçmişini boýun almaýar, eýsem özüniň “hemişe adamlara baglydygyny”, ýagny özünde hiç bir günäniň ýokdugyny, eger erbet bolan bolsa, muňa adamlaryň günäkärdigini öňe sürýär.
Eserden gelip çykýan netije bolsa şeýle: döwri kiçeldýän hem, ulaldýan hem adamlar, “Uly çekýär ula tarap,//kiçi çekýär kiçä tarap.”
Belki, bu belli bir derejede dogrudyr. Emma sowetler döwri ýagşylara arka durdy, ýamanlary gaýgyrmady, dogrulyga çagyrdy, egrilige çagyrmady diýseň, “ýalan gep”, şu günüň dili bilen aýdylanda ‘fake news’ ýaýratdygyň, sowetleriň durşuna nähak gana boýalan taryhyny aklamak synanyşygyna goşuldygyň bolýar.
Goşgudaky Döwür her näçe “Ýalan gepi diý diýmedim” diýse-de, sowet adamlaryna çagalar bagyndan başlap ýalan gepi, köňlünde, ýüreginde ýok zady diýmegi öwretdiler, ýogsa olaryň “basmaçy”, “halk duşmany”, “watan dönügi” ýa ýene bir zat diýip ýok ediljeklerini görkezdiler.
Degişli maglumat Altmyşynjy ýyllaryň 'gyzly' goşgulary twitter döwrüniň kemsitmelerine garşy 'göreşýär'Galyberse, goşgudaky Döwür “Jübiňizden hak almadym,//öz kisämden mugt berdim” diýip, ýalan sözleýärdi. Döwrüň ýa-da partiýanyň, ýa-da ol partiýanyň baştutanlarynyň hiç wagt öz işläp gazanan pullarynyň bolmandygyny, olaryň döwlet diýip guran zadynyň ähli pulunyň we emläginiň adamlardan, halkdan talanandygyny, sowet döwründe bu hakda açyk ýazyp bolmadygam bolsa, hakykaty bilýän we özara gürrüňçilikde aýdýan edebiýatçylar bardy. Bu hili adamlar şahyryň "Dünýe döräp bolan däldir.//Meniň ýaly Uly döwür…//Siz etmeli ömri ömür,//Siz etmeli döwri döwür!" diýen setirleriniň sowet döwri geçmişe gideninden onlarça ýyl soňam ýatlanjagyny we oňlanjagyny bilmeýärdiler.
Sosial ulgamlarda setirleri paýlaşylýan Berdinazar Hudaýnazarow barada aýdylanda, onuň deputat bolmak gezegi bir partiýanyň däl, bir adamyň şahsyýet kultunyň döredilýän wagtyna gabat geldi. Watan hakda gysga, agras, akylly gürlemegi, ynsaply bolmagy wagyz eden şahyr birden Ýaşulular Sowetindäki gojalaryň donuny geýip, döwlet baştutanynyň prezident däl, patyşa diýlip atlandyrylmagyny talap edip başlady. Halypa ýazyjynyň ýurt üçin aýgytly döwürde eýelän pozisiýasy, onlarça tanymal ýazyjy-şahyryň goldamagy netijesinde, türkmen ýazyjylarynyň Berdinazar agany başlyk saýlan soňky gurultaýyna gatnaşan ýazyjy Hudaýberdi Hallynyň sözlerine görä, prezident Saparmyrat Nyýazowy uly alada goýan söz, metbugat azatlygynyň tasdan doly bogulmagyna, şol sanda ýazyjylar birleşiginiň hem ýapylmagyna, goşgy-gazalyň, kyssanyň doly diýen ýaly köşk hyzmatçylygyna geçirilmegine alyp geldi.
Eýsem, öz wagtynda söz oýnadyp, bir tarapdan halkyň göwnüni awlan, ikinji tarapdan uly döwlet sylaglaryny alan şahyrlaryň 'el çarpylýan', durmuşy diňe ak-gara reňkli surat hökmünde görkezýän goşgularynyňň Türkmenistanda şeýle uzak 'ýaşamagynyň' syry nämede? Bu bu soragy Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Halla berdik.
“Bu ýerde esasy syr halkyň sadalygynda. Olar, halk arasynda at-abraý alan adamlar halky aldadylar. Olar nähilidir bir kiçijik hakykaty aýdyp, nähilidir bir ýetmezçilikleri aýdyp, özlerine şöhrat gazandylar. Olar aýdan zatlaryny mesele çözmek üçin däl, öz şöhratlary üçin aýtdylar. ...şol aýdylan kiçijik hakykat şu günlere çenli hem ýaşap gelýär we bu halkyň sadalygynyň getirýär netijesi” diýip, Hudaýberdi hally pikir edýär.
Ikinji tarapdan, ol ýurtda hakykaty düşündirip bilýän edebi tankydyň, filosoflaryň, pikir ýöredip bilýän adamlary ýeterlik bolmandygyny, şu sebäpden olaryň garşysyna hiç kimiň gitmändigini belledi. Ýazyjy Azatlyk bilen geçiren gysgaça telefon söhbetdeşliginde bu ýagdaýa göz ýummagyň dogry bolup bilmejekdigini, eýsem halkyň ýene sadalaşmagyna, has beter kütekleşmegine alyp geljekdigini, hakykaty aýtmagyň zerurdygyny nygtady.
“Diňe hakykat bilen, diňe ýagdaýyň nähilidigini düşündirmek bilen ýagdaýy özgertmek mümkin. Ozaly nähili şertlerde ýaşaýandygyňa göz ýetirmek gerek. Hut şol bela düşüneniňden soň, oňa çäre gözläp başlaýarsyň” diýip, Hudaýberdi Hally öz pikirini aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.