Türkmenbaşyda gadagançylyklaryň sany artdy. Soňky günlerde ilatdan agşam sagat 9-dan soň köçä çykmazlyk, käbir ýerlerde howlularda tamdyrda ot ýakmazlyk talap edildi. Bu ýerde gazanç edýän içerki migrantlar kowlup, narkologiýa hasabynda duranlar wagtlaýyn tussag astyna alyndy. Hijaply zenanlar we sakgally erkekler hem polisiýanyň üns merkezine düşdi. Bu ýagdaý welaýatda prezidentiň dynç alýan wagtyna gabat geldi.
"Awgustyň başyndan bäri Türkmenbaşyda gije sagat 21-den soň köçä çykmak gadagan, gündizlerine hem köçelere raýat eşikli howpsuzlyk işgärleri we ýol polisiýasynyň ulaglary gözegçilik edýär" diýip, Azatlygyň habarçysy 6-njy awgustda Balkandan habar berdi.
Türkmenbaşyda gijeki klublar ýapylyp, toýhanalaryň we toý ulaglarynyň diňe az sanlysyna işlemäge rugsat berlipdir.
Degişli maglumat Awazada dynç alýan raýatlar sebitden çykarylyp, emeldarlaryň gelmegine taýýarlyk görülýärTürkmenbaşyda we şäheriň töweregindäki ýaşaýyş toplumlarynda polisiýanyň we ýangyn söndürijileriniň gözegçiligi güýçlendirilipdir. Munuň üçin welaýatdaky ýangyn söndürijiler we ýörite tehnika Türkmenbaşa bir aýlyk nobatçylyga ugradylypdyr.
Ýerli çeşmeleriň sözlerine görä, häkimiýetleriň esasy ünsi howa menzilinden Awaza çenli barýan ýoluň ugruna gönükdirilýär. Hususan-da, Aeroport ýaşaýyş toplumynyň we Akdaş etrapçasynyň ýaşaýjylaryna tamdyrlarda ot ýakmak bir aýyk gadagan edilipdir.
Ýagdaýdan habarly çeşmeleriň biri bu çäreleriň ählisi ataly-ogul Berdimuhamedowlaryň dynç alyş möwsümi bilen bagly diýýär.
"5-nji we 15-nji awgusta kiçi Berdimuhamedowyň, 15 we 25-nji awgustda uly Berdimuhamedowyň maşgalasy bilen Awazada dynç alýandygy aýdyldy. Ol aralykda olaryň paýtagta birnäçe sapar uçarda baryp, geljekdigi habar berildi. Olar uçarda gelende ýa-da gidende obalarda tüsse görünmeli däl diýildi" diýip, ýerli döwlet edarasyndaky çeşme anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Bu aralykda ýol polisiýasy we jemagat gulluklaryň işgärleri ýurt ýolbaşçylarynyň ýörejek ýolunyň ugrunda tertip-düzgüni berjaý etmeginiň çäginde şeýle-de it we pişik bolmaz ýaly çäre görýärler.
"Ýekeje-de entäp ýören öýsüz it-pişik bolmaz ýaly, haýwanlaryň ählisini ýok etmek işlerini alyp barýarlar. Sebäbi prezident bir sebite iş sapary bilen baranda tamdyrda ot ýakylandygy we öňüni pişik kesip geçendigi üçin, şol sebit ýol we ýangyn polisiýasynyň ýolbaşçylaryny wezipesinden boşadyp, içeri işler ministrine käýinç berlendigini aýtdylar" diýip jemagat gullugynyň işgäri aýtdy.
Şeýle-de, soňky bir hepde bäri ýerli dinçiler polisiýanyň gözegçiligine duçar boldular. Hijap dakynan aýallar we sakgally erkekler polisiýa tarapyndan saklanyp, erkekleriň sakgalyny syrmaga mejbur edilmegi, aýallara hijap dakynmaz ýaly basyş edilmegi bilen bagly ýagdaýlar köpeldi. "Sebäbi bu prezidentiň halamaýan zatlarynyň ýene biri" diýip, türkmenbaşyly çeşme aýdýar.
Ozalky ýyllarda bolşy ýaly, ýerli polisiýa narkologiýa dispanserleriniň sanawynda duran raýatlary tussag astyna aldy. Polisiýadaky çeşmelere görä, şeýle raýatlaryň ençemesi sentýabr aýyna çenli Balkanabadyň deslapky tussaghanasyna ýerleşdirilipdir.
Gadagançylyklar deňizýaka sebitde dynç alýan raýatlara we zähmet çekýän içerki migrantlara täsir ýetiripdir.
"Şäherde işleýän içerki migrantlar hem 1-nji awgustda Türkmenbaşydan doly kowuldy, myhmanhanalar hem 1-nji awgustdan 1-nji sentýabr aralygynda adaty myhmanlary kabul etmeýär" diýip, habarçymyz aýdýar.
Degişli maglumat Emeldarlaryň ‘Awaza’ dynç almaga gelmegi bilen, sebitde VPN-e garşy göreş güýçlendirildiGadagançylyklaryň ilat tarapyndan berjaý edilmegine ýerli polisiýa gözegçilik edýär. Şeýle-de bolsa, gadagançylyklaryň girizilmegi ilata resmi derejede duýdurylmady. Adamlar edýän hereketiniň gadagandygy barada diňe polisiýanyň saklan ýagdaýynda bilip galýarlar ýa-da bir birinden eşidýärler.
Hazar deňziniň kenaryna ýolbaşçylaryň gelmegine taýýarlyk iki hepde mundan ozal başlanypdy.
Türkmen hökümet agzalarynyň hem-de oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berilmeginiň yz ýany “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýan raýatlar myhmanhanalardan çykarylyp başlandy.
Türkmen döwlet baştutanlary we hökümet agzalary dynç alyş möwsümini her ýyl awgustda Hazar deňziniň boýunda geçirýärler. Şu sebäpden her gezek ýerli ilat dürli gadagançylyklara sezewar edilýär, dynç alýan raýatlar we zähmet çekýän içerki migrantlar sebitden kowulýar.
Degişli maglumat Syýahatçylyk möwsümini açmaga taýýarlanýan Awazada býujet işgärleri arassaçylyk işlerine mejbury çekilýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.