12-nji noýabrda, Hasyl toýunda we hepdäniň ýeke-täk dynç gününde Lebap welaýatynda býujet işgärleri we esgerler köpçülikleýin pagta ýygymyna çekildiler. Türkmenistanyň döwlet mediasy bolsa, bu senede, hamala, ýurduň dürli künjeginde Hasyl toýunyň dabaraly ýagdaýda bellenilendigi baradaky reportažlary görkezdi.
“Welaýatda baýramçylyk atmosferasy hiç hili duýulmady. Köpçülikleýin çäreler, şol sanda konsertler, maslahatlar geçirilmedi. Muňa derek ýekşenbe güni býujet işgärleri we esgerler köpçülikleýin pagta ýygymyna alnyp gidildi” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 13-nji noýabrda sebitden maglumat berdi.
Degişli maglumat Lebapda ýüzlerçe adamyň gatnaşmagynda çäre geçirilip, Hasyl toýy üçin reportaž taýýarlandy9-njy noýabrda habarçymyz Hasyl toýy mynasybetli geçirilen çärä soňky aýlarda görlüp-eşidilmedik derejede köp adamyň gatnaşdyrylandygyny we olaryň sanynyň ýüzlerçedigini aýdypdy. Bu çäre 12-nji noýabrda döwlet TW-siniň "Watan" habarlary gepleşiginde, hamala, şol güni geçirilen ýaly edilip görkezildi.
Hakykatda bolsa, Türkmenabadyň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň ýüzlerçesi gowaça meýdanlaryna gitmeli edildi. Pagta ýygmaly edilen işgärleriň takmynan ýarysy hakyna işçi tutdy.
"Beýleki bir bölegi bolsa, pagta ýygymyna gitmejek bolup, edaradaky pagta ýygymyna jogapkär işgäre 40-50 manat pul berdi. Bu işgär arçynlyga pul berip, göz öňünde tutulan pagtanyň ýygylandygy barada kepilnama alýar” diýip, lebaply býujet işgäri belledi.
Habarçymyz 12-nji noýabrda Çärjew etrabynyň Lebap daýhan birleşiginiň gowaça meýdanlarynda esgerleriň hem pagta ýygymyna köpçülikleýin çekilendigini aýtdy.
“Etrabyň şol daýhan birleşiginden uly awtomobil ýoly geçýär. Şol ýoluň çep tarapynda esgerleriň 100-e golaýy, sag tarapynda bolsa, býujet işgärleri pagta ýygdy. Esgerler ýörite tikilen eşikde bolup, kellelerinde gara topby hem bar” diýip, habarçymyz belledi.
Onuň tassyklamagyna görä, býujet işgärleri sagat 12-de arakesmä çykan bolsa, esgerleriň naharlanmagyna günortan 2 töwereginde rugsat berildi.
Degişli maglumat Lebapda pagta ýygymy batly depginde dowam edýär“Lebabyň gowaça meýdanlarynda Mary welaýatyndan gelen hakyna tutma ýygymçylar hem bar. Olaryň aglabasy buluçlardyr” diýip, habarçymyz belledi.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Lebabyň häkimliginden we oba hojalygy bölüminden kommentariý alyp bilmedi.
Dünýäniň pagta öndürýän esasy ýurtlarynyň onlugyna girýän Türkmenistanyň hökümeti pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda ýyllarboýy tankyt edilýär.
Bu mesele soňky gezek, 6-njy noýabrda Ženewada geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde hem gozgaldy.
Şonda beýleki demokratik ýurtlaryň wekilleri bilen bir hatarda fransuz wekili hem Türkmenistanda pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanylmazlygyna kepil geçilmegini teklip etdi.
Türkmenistan şu ýyl ýurt boýunça 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnamagy göz öňünde tutýar. Ýurtda resmi derejede sentýabr aýynda badalga berilýän pagta ýygymy möwsümi näresmi ýagdaýda awgust aýynda başlanýar we dekabryň ortalaryna çenli dowam edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.