Diňle: Türkmenistandan çykmak kynlaşýar: Kepil bolmaly adamyň bankda karzy bolmaly däl

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistandan daşary ýurtlara, esasan hem Türkiýä gitmek üçin wiza almak isleýän raýatlar ýene-de goşmaça çäklendiriji talaplar bilen ýüzbe-ýüz boldular. Dilden mälim edilýän täze düzgüne laýyklykda, indi daşary ýurda gitjek raýatyň yzyna dolanyp geljekdigine kepil bolmaly döwlet işgäriniň bankda karzy bolmaly däl. Habarçylarymyz agyr ykdysady krizisiň arasynda bankdan karz almadyk býujet işgärleriniň juda azdygyna ünsi çekýärler.