Daşoguzda palçylar, tebipler gysylýar

Illýustrasiýa.

Soňky aýlarda Daşoguzda il içinde palçy ýa-da tebip diýip tanalýan adamlaryň polisiýa merkezlerine alnyp gidilip, soraga çekilýändigi we olara garşy çäre görülýändigi barada, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky çeşmeleri habar berýärler.

Bu çäräniň, esasan-da, ýurtda palçylary we tebipleri reklama etmegi gadagan edýän “Türkmenistanyň Mahabat hakyndaky” kanuny kabul edilenden soňra güýçlenendigi aýdylýar.

Ýeri gelende ýatlatsak, prezident G. Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen bu kanun şu ýylyň 4-nji aprelinde güýje giripdi. Onda käbir beýleki harytlar we hyzmatlar bilen bir hatarda, “gipnotizorlaryň (gözbagçylaryň), tebipleriň (şypa berijileriň), ekstrasensleriň, palçylaryň, astrologlaryň, jadygöýleriň hyzmatlaryny mahabatlandyrmak gadagan edilýär.

Şeýle-de, bu kanun “özlerini wakany öňünden aýtmaga ukyply diýip mälim edýän ýa-da ukyply hasap edýän we tebigatdan daşary ukyplary we güýçleri peýdalanmak arkaly adamlara, olaryň ruhy dünýäsine we emlägine we daşky gurşawa täsir edýän beýleki adamlaryň hyzmatlaryny (işlerini) mahabatlandyrmagy”, ýagny reklama etmegi hem gadagan edýär.

“Daýza, bu işleriňi bes et

Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda palçylara we tebiplere garşy görülýän çäreleriň sebäpleri barada resmiler tarapyndan anyk düşündiriş ýa-da maglumat berilmeýär. Emma bu çäräniň netijesinde, il içinde palçy ýa-da tebip diýip tanalýan 100-den gowrak adam polisiýa merkezine alnyp gidilip, soraga çekildi we olardan bu iş bilen meşgullanmagy bes etmek talap edildi.

“Menden ilki “Nähili kitaplary okaýarsyň? Öýüňde nähili kitaplar bar? Näme iş bilen meşgullanýarsyň” diýip soradylar. Menem olara Gurhan kitabym bar diýdim. Soňra olar maňa “Daýza, bu işleriňi bes et, bu işleriň döwlet syýasatyna gabat gelenok. Döwükçilik ýa-da çöpçülik, tebipçilik ýa-da palçylygyňa hiç kim düşünmeýär” diýdiler” diýip, 70 ýaşyna golaýlan we il içinde tebip diýlip tanalýan daşoguzly Leýla (howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady üýtgedildi) daýza gürrüň berdi.

Palçylaryň we tebipleriň ençemesiniň aýtmagyna görä, olar polisiýa merkezine alnyp gidilen mahaly, olaryň öýündäki Gurhan, beýleki namaz kitaplary we dini dogalardygy aýdylýan kitaplary hem polisiýa işgärleri tarapyndan alnypdyr.

Munuň deregine sport bilen meşgullan”

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň maglumatyna görä, bu çäräniň netijesinde olaryň tas ählisi diýen ýaly öz işini togtatdy, käbirleri bolsa, öz palçylyk ýa-da tebiplik işlerini gizlinlikde alyp barýarlar.

“Men ilkibada olara özümiň ýalňyş zat etmeýändigimi aýdyp, öz işimi dowam etdirjekdigimi mälim etdim. Soňra meniň bilen özüni Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk gullugynyň işgäri diýip tanyşdyran bir adam söhbetdeş boldy. Ol maňa “sen döwlet syýasatymyza gabat gelýän işler bilen meşgullan. Biziň ýurdumyzda beýle zatlar bolmaly däl. Munuň deregine sport bilen meşgullan” diýdi. Meni goýberdiler. Ýöne men şonda-da öz tebipçiligimi dowam etdirýärin. Ýöne hemişe gorky astynda, gizlin işleýärin” diýip, Leýla daýza aýdýar.

Daşoguz welaýatynda il içinde palçy ýa-da tebip diýlip tanalýan adamlaryň polisiýa alnyp gidilmegi we olardan öz işlerini bes etmeginiň talap edilmegi ýaly çäreler soňky birnäçe ýyllykda ilkinji gezek geçirilýär.

Türkmenistanda ilat arasynda “palçy-ýalançy” diýen söz ýa-da nakyl giňden ýaýran bolsa-da, ýurtda, esasan-da, aýal-gyzlaryň, ýaş çagasy syrkawlan eneleriň ýa-da gartaşan aýallaryň ençemesiniň hoş söz ýa-da derdine çäre tama edip, tebiplere, palçylara ýüz tutýandygy aýdylýar.