Türkmenistanyň garrylar öýüne ýaşululary ýerleşdirmäge islegler köpelýär. Garrylar öýlerinde boş ýer tapdyrmaýar we esli garaşmaly bolýar diýip, Azatlygyň habarçylary maglumat berýärler. Daşogzuň Ruhubelent etrabyndaky garrylar öýüne nobat iki ýyla ýetipdir.
"Ruhubelent etrabynda ýerleşýän garrylar öýüne salmak üçin 2 ýyl nobata garaşýan adamlar bar. Bu ýerde saklanýan garrylaryň aşa köpdügi muňa sebäp bolýar" diýip, çeşme gürrüň berýär.
Bu garrylar öýündäki ýagdaýdan habarly çeşmeleriň sözlerine görä, bu ýere düşýän garrylaryň ykbaly dürli.
"Käbirleri maşgaladaky oňuşmazlyk sebäpli bu ýere tabşyrylýar, beýlekileri ýarawsyzlygy sebäpli düşýär. Ene-atalaryna derman satyn alyp bermäge we öýünde saglygyna seretdirmäge mümkinçiligi bolmadyk maşgalalar bar. Olaryň arasynda hökümet ene-atama gowy sereder diýip, umyt edýänler hem az däl" diýip, çeşme anonimlik şerti bilen gürrüň berdi.
Degişli maglumat Türkmen pensionerlerine apreliň puly berilmedi, olardan diriligini subut etmek talap edildiRuhubelent etrapdaky garrylar öýündäki ýagdaýdan habarly çeşmeler ol ýerdäki şertleriň agyrdygyny, garrylaryň öýüni küýsäp, başdan geçirýän stresden başga-da, derman ýetmezçiliginden ejir çekýändigini aýdýarlar.
"Derman ýetmezçiligi sebäpli her ýyl onlarça garry biwagt aradan çykýar. Garrylar onsuzam, bu ýere getirilenden soň agyr stres bilen ýaşaýarlar, olaryň agtyklaryny göresi gelýär, tiz-tizden saglygynda problema döreýär. Arasynda ýakynlarynyň ýylda 1 sapar görmäge gelmeýänleri hem bar" diýip, çeşme aýdýar.
Şeýle-de, garrylar öýünde arassaçylyk serişdeleriniň we azygyň ýetmezçiligi saklanýar. Çeşmeler soňky ýyllarda problemanyň has-da agyrlaşandygyny belleýärler. Olaryň sözlerine görä, geçen ýyl garrylar öýüne duýdansyz barlag barypdyr. Saglyk ministrliginiň we ýokary gözegçilik edarasynyň resmileri tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesinde ogurlygyň üsti açylyp, hojalyk işleri boýunça jogapkär işgär we aşpez işden kowulyp, olara garşy iş gozgalypdyr.
Şeýle-de bolsa, garrylar öýüne ýerleşmek üçin uly nobat saklanýar. Çeşmelere görä, bu ýagdaýda nobatsyz ýerleşdirmek üçin para hödürleýänler hem tapylýar, paranyň möçberi 50 we 100 müň manat aralygynda bolýar.
Garrylar öýüne raýatlar ýörite komissiýadan geçip, welaýat saglyk müdirligi we welaýat häkimligi hem-de Ruhubelent etrap häkimligi tarapyndan tassyklanmagyndan soň kabul edilýär. Resmi düzgünlerde, garrylar öýüne nobatsyz ýerleşdirmek üçin käbir şertler hem göz öňünde tutulýar. Bu barada çeşmeler aýdýar.
"Çagalary ýok garrylar özüni ekläp bilmeýän derejä ýetse we ýaşaýan ýeriniň resmileri tarapyndan hödürlense, olar nobatsyz kabul edilýär" diýip çeşmeleriň ýene biri aýdýar.
Ýaşy 70-e ýeten garrylaryň öz ogul-gyzlary tarapyndan tabşyrylan ýagdaýynda resminamalaryň ençemesi soralýar.
"Sebit kazyýetine çenli maşgalalar bilen söhbetdeşlik geçirilýär we başga çäre bolmasa garrylar öýüne kabul edilýär" diýip, çeşme belleýär.
Degişli maglumat Marynyň ruhy keselhanasynda hassalar hapaçylykda idegsiz, aç saklanýarAzatlyk Radiosynyň Daşoguzyň Ruhubelent etrabynyň garrylar öýündäki ýagdaý barada bu edaranyň ýolbaşçylaryndan, ýerli häkimiýetlerden we Salyk ministrliginden resmi taýdan maglumat almak synanyşyklary başa barmady.
Türkmenistanda dürli kynçylyklara duçar bolýan garrylaryň problemalary soňky ýyllardan hasam agyrlaşdy. Pensiýalarynyň gijikdirilmegi ýygy-ýygydan ýüze çykýar.
Şäherlerde barha köpelýän öýsüzleriň arasynda garylar hem duş gelýär. Gartaşan adamlary zir-zibil çelekleri dörýän adamlaryň arasynda hem görse bolýar.
Türkmenistanda garrylar öýlerindäki ýagdaý barada resmi maglumat we statistika sanlary köpçülige elýeterli edilmeýär. Häkimiýetler bu meseläni agzamaýar, ýurduň döwlet serişdelerinde hem bu mesele gozgalmaýar.
Mundan öň Aşgabadyň garrylar öýündäki şertleriň agyrdygy barada maglumat berlipdi. Habarçylarymyzyň maglumatlarynyň birinde garrylaryň aç saklanýandygy aýdypdy. Ýene bir maglumatda Aşgabadyň garrylar öýüniň işgärlerinden beýleki döwlet edaralarynda bolşy ýaly, köpçülikleýin çäreler üçin pul toplanýandygy, şol sanda welosiped satyn almak üçin pul alynýandygy mälim bolupdy.
Degişli maglumat Garrylar öýüniň ýaşaýjylary özleriniň açdygyny aýdýarlarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.