Daşoguz-Köneürgenç garaýolunyň ugrunda 7-nji noýabrda bir toý kerweniniň köçe-ýol hadysasyna uçramagy netijesinde bolan ýol heläkçiliginde ýedi sany ýaş ýigit wepat boldy. Hadysa Daşoguz şäheri bilen Şabat etrabynyň araçäkleşýän sebitlerinde, bir agyz suw desgasynyň golaýynda bolup geçdi.
Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň öwrenen deslapky maglumatlaryna görä, toý kerwenine gatnaşýan ulaglardan iki ulagyň sürüjisi, öýlenýän ýigidiň 24 ýaşly klasdaşlary dar ýoluň ugrunda ulaglaryny ýaryşdyrmakçy bolanlarynda ýol heläkçiligine uçraýar. Ulaglaryň biri öňden gelýän başga bir ulaga pete-pet baryp urýar.
Toý gününe gabat gelen ýas çäreleri, öýlenýän ýigidiň hem-de durmuşa çykýan gyzyň durmuşynda, şeýle-de heläk bolan ýaş ýigitleriň dogan-garyndaşlarynyň durmuşynda hasratly waka hökmünde ýatda galýar.
“7-nji noýabr öýlenýän ýigidiň dogan-garyndaşlarynyň durmuşynda ýedi sany ýaş ýigidiň ömür tanapy kesilen sene hökmünde ýatda galar” diýip, wakanyň şaýatlary gynanç bildirýär.
Degişli maglumat Daşoguzda üç mekdep okuwçysynyň ölümine sebäp bolmakda aýyplanýan polisiýa işgärine 18 ýyl kesildiTürkmen däp-dessurlarynda gelin kerweniniň köplenç günüň birinji ýarymynda guralýandygy nazarda tutulanda, wakanyň 7-nji noýabr güni ir sagatlarda, günüň birinji ýarymynda bolup geçendigini çaklamaga esas bar.
Häzirki zaman türkmen kejebelerine köplenç köp sanly ýeňil awtoulaglar gatnaşdyrylýar we gelnalyjy kerwenlerine gatnaşýan ulaglaryň köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmeýän halatlary ýüze çykýar.
Habarçymyz Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyndaky bir ýerli çeşmä salgylanyp, 7-nji noýabr güni Daşoguz howa menziliniň golaýynda, Daşoguz-Aşgabat awtomagistralynyň ugrunda bolan aýrybaşga bir ýol heläkçiliginde üç adamyň wepat bolandygyny habar berýär. Şeýlelikde, sebitiň çäginde bir günüň içinde bolup geçen köçe-ýol hadysalarynda azyndan 10 adam ýitgisi hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýurtda hasaba alynýan köçe-ýol hadysalary, ýol heläkçilikleri barada hasabat bermeýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary şu ýylyň başlaryndan bäri ýurduň dürli sebitlerinde bolup geçen onlarça ýol heläkçiliklerinde hasaba alnan onlarça adam ýitgileri barada yzygiderli habar berdiler.
Ýol hadysalaryna köplenç sürüjileriň ünssüzligi, dykgatsyzlyk, ýokary tizlik, içgili awtoulag dolandyrylmagy, umuman sürüjileriň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmezligi ýa-da gara ýollaryň hiliniň ýaramazlygy ýaly aýry-aýry ýagdaýlar sebäp bolýar.
Degişli maglumat Aşgabat-Mary awtomagistralynyň ugrunda bolan iki ýol hadysasynda ýedi adam heläk boldyMundan ozal, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda üç mekdep okuwçysyny awtoulag bilen kakyp öldüren içgili bir polisiýa işgäri şu ýylyň maý aýynda 18 ýyl möhlet bilen türme tussaglygyna höküm edildi.
Iýun aýynda Aşgabat – Daşoguz gara ýolunyň ugrunda bolan ýol heläkçiliginde bir aýal, bir çaga, jemi dört adam heläk boldy.
Biraz soň, Aşgabat-Mary awtomagistralynyň ugrunda iýul aýynda bolan ýol heläkçiliginde ýedi adam wepat boldy.
Sentýabryň başlarynda Türkmenbaşy-Aşgabat ýolunda bolan ulag heläkçiliginde üç adam heläk boldy, ikisi ýaralandy.
Türkmenistanyň içer işler edaralary ýurtda bolup geçýän ýol heläkçiliklerini asla agzamaýar. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýol hadysalary barada habar bermeýär.
Bu aralykda, Türkmenistanda her ýylyň sentýabr aýynda ýol howpsuzlygyna bagyşlanyp, ýörite biraýlyk geçirilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.