Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat-Mary awtomagistralynyň ugrunda bolan iki ýol hadysasynda ýedi adam heläk boldy


2023-nji ýylyň maý aýynda Aşgabadyň eteginde bolan ýol heläkçiligi. Illýustrasiýa suraty
2023-nji ýylyň maý aýynda Aşgabadyň eteginde bolan ýol heläkçiligi. Illýustrasiýa suraty

7-nji iýulda Aşgabat-Mary awtomagistralynyň ugrunda iki sany ýol hadysasy boldy. Wakada ýedi adam, şol sanda tutuş bir maşgala heläk boldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmeleri sebitden maglumat berdiler.

Ýol heläkçiliginiň birinjisi irden sagat 7 töwereginde gara ýoluň Ahal welaýatynyň Kaka etrabyna degişli Gowşut obasynyň deňinde, awtobanyň gurluşygyny amala aşyrýan we çagyl öndürýän kärhananyň öwrümindäki çatrykda bolup geçdi.

“Sarahs etrabyna degişli ‘Toyota camry’ kysymly ulag bu kärhananyň ýük ulagynyň ýol bermändigi sebäpli birden çatrykdan öwrülýär we ýeňil awtoulagyň öňüne çykýar. Ýeňil awtoulagdaky tutuş bir maşgala, şol sanda bir adam we onuň aýaly hem-de iki çagasy, şeýle-de ejesi ölýär” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz aýtdy.

Bu wakadan bir sagat çemesi geçensoň, agzalýan çatrykda ýene bir ýol heläkçiligi boldy. Ýol hadysasyna uçran “Toyota Avalon” kysymly ýeňil ulag Mary welaýatyna degişli hususy taksi bolup, ol hem ýük ulagyna çaknyşyp, waka şaýat bolanlaryň sözlerine görä, doly diýen ýaly weýran boldy.

“2004-nji ýyla degişli bu ulagyň içindäki iki adam ýol heläkçiliginiň bolan ýerinde heläk boldy. Agyr ýaralanan başga bir ýolagçy Kaka etrap hassahanasyna alnyp baryldy. Ýöne hassahana ony kabul etmändigi sebäpli ol Aşgabada alnyp gidildi” diýip, wakadan habarly çeşmämiz bu ýolagçynyň saglyk ýagdaýy barada häzirlikçe goşmaça maglumatyň ýokdugyny hem aýtdy.

Habarçy awtobanyň gürrüňi edilýän böleginde ýük ulaglarynyň ýeňil awtoulaglar bilen çaknyşmagy bilen bagly ýol heläkçilikleriniň ýygy-ýygydan ýüze çykýandygyny aýdýar.

“Ilat arasynda bu ýeriň ady ýol heläkçilikleri bilen belli boldy. Ýük ulaglary ýol heläkçiliklerine sebäp bolýar. Ýöne ýük ulag sürüjilerine garşy çäre görlendigi barada hiç zat aýdylmaýar ýa-da eşidilmeýär. Häzir Gowşut obasynyň deňinden geçmäge gorkýan sürüjiler az däl. Olar sagatda 90 kilometr tizlige çenli sürüp bolýan ýerlerde-de, sagatda 40-50 kilometr tizlikde sürüp geçmegi hem endik etdiler” diýip, habarçymyz aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Ahal welaýat Polisiýa müdirliginden kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 11-nji iýulda telefon arkaly eden dowamly synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi we oňa degişli edaralary ýurduň çäginde hasaba alynýan ýol hadysalary barada halka hasabat bermeýärler. Berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri hem, ýurtda bolýan ýol heläkçilikleri baradaky maglumatlary ilat köpçüligine ýetirmeýär.

Ýöne Azatlygyň habarçylary şu ýylyň başyndan bäri ýurduň dürli sebitlerinde 10-a golaý ýol hadysasynyň bolandygy we bularda 30-a golaý adamyň heläk bolandygyny habar berdiler. Bu ýol heläkçilikleriniň aglabasy ýurduň welaýatlaryny paýtagt bilen birleşdirýän gara ýollarda bolup, geçen aý Aşgabat-Daşoguz awtomagistralynyň ugrunda iki ýeňil awtoulagyň pete-pet çakyşmagy netijesinde bolan ýol hadysasynda dört adam heläk boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG