Lebabyň Darganata etrabynda onlarça daýhanyň ekerançylyk ýerleri bikanun ellerinden alyndy diýip, ýerli ýaşaýjylaryň 10-a golaýy anonim şertde Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.
“Darganatada ýerleriň bikanun konfiskasiýa edilmegi netijesinde, aprel aýyndan bäri 70-e golaý daýhan garaşylmadyk ýagdaýda ekerançylyk ýerlerini ýitirdi. Bu ýerleriň her biri ortaça 3 gektara barabar” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy aýtdy.
Ýerleri ellerinden alnan raýatlaryň ençemesiniň ýakyn hossarlarynyň we garyndaşlarynyň tassyklamagyna görä, daýhanlarda ýerleriň özleriniň eýeçiligindedigi barada degişli resminamalar bar.
Degişli maglumat Lebapda iş orunlary azaldylýar, kärendeçilere ýer bölekleriniň ellerinden alynjakdygy duýdurylýarOlar bu ýer böleklerini 1993-1994-nji ýyllarda Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrligi tarapyndan geçirilen ýer reformasynyň çäginde hususylaşdyrypdyrlar we bu ýerde her ýyl esasan şaly, mekgejöwen we gök-bakja önümlerini ösdürip ýetişdirýärdiler.
Emma ýerli häkimiýet wekilleri ýer eýelerine dilden beren düşündirişlerinde 1990-njy ýyllarda geçirilen ýer reformalarynyň, şol sanda bu döwürde berlen resminamalaryň öz güýjüni ýitirendigini aýdyp, ýerleriň hökümetiň eýeçiligine geçirilýändigini aýdýarlar.
“Olar hiç hili resminama, buýruk, karar görkezmeýärler” diýip, ýeri elinden alnan daýhanlaryň biriniň ýakyn garyndaşy anonim şertde aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, ýer eýeleriniň degişli ýerli häkimiýetlere edýän arz-şikaýatlary hem diňlenmeýär.
“Etrap kazyýetine we prokuraturasyna ýüz tutmaklyk hem başartmaýar. Sebäbi hiç kim olaryň arzyny diňlemeýär we bu barada resmi derňew başlatmalyk hem başartmaýar” diýip, ýerli daýhan belledi.
Ýerleri ellerinden alnan raýatlaryň ençemesiniň ýakyn hossarlary we garyndaşlary ýerli emeldarlaryň bu ýerleri özleriniň mülk ýeri etmek maksady bilen, olary bikanun alandygyna ynanýarlar.
“Ýerli hukuk goraýjylar hem olara howandarlyk edýärler. Olar bu ýerlerde pagta ösdürip ýetişdirmegi meýilleşdirýärler. Ýer eýeleri adalaty dikeltmek we hususy eýeçilige bolan hukuklaryny goramak maksady bilen, Azatlyk Radiosynyň üsti bilen, bu bidüzgünçilikleri has ýokardaky häkimiýetlere eşitdirmegi umyt edýärler” diýip, ýeri elinden alnan daýhanlaryň biriniň ýakyn garyndaşy sözüni jemledi.
Azatlygyň bu barada Darganatanyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda etrap häkimliginden we oba hojalygy bölüminden teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Degişli maglumat Daýhan hojalyklaryň we kärendeçileriň ýer bölekleri ellerinden alnyp başlandyTürkmenistanda raýatlaryň ýer bölekleriniň, mellek ýerleriniň ýa-da beýleki emläkleriniň häkimiýetler tarapyndan duýdansyz ellerinden alynmagy bilen bagly ýagdaýlar barada Azatlyk wagtal-wagtal habar berýär.
Geçen ýylyň ýanwarynda bolsa, Lebabyň Halaç, Saýat we Hojambaz etraplarynda daýhan birleşikleriň başlyklary 1-3 gektar aralygynda ýer bölegi bolan kärendeçi daýhanlaryň ýer bölekleriniň yzyna alynjakdygyny duýdurdylar. Ýöne olar bu duýduryşyň haçan durmuşa geçiriljekdigi barada anyk bir zat aýtmandylar.
Bu duýduryş, prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýuridik şahslaryň ýer böleklerinden peýdalanmak hukugyny bes etmek hakyndaky buýruga gol çekmeginden bir aý soň edilipdi.
Buýrugyň yz ýany, 2022-nji ýylyň dekabrynda Balkan welaýatyndaky habarçylarymyz käbir daýhan hojalyklaryň ýerleriniň ellerinden alnyp, döwlet edara-kärhanalaryna berlip başlanandygy barada maglumat berdiler.
Şonda ýerli kärendeçiler ýer böleklerini yzyna gaýtaryp almak işleriniň diňe bir ýuridiki şahsalara, şol sanda daýhan hojalyklara we hususy kärhanalara degişli bolman, eýsem, fiziki şahslary, özbaşdak kärendeçi daýhanlary hem öz içine alýandygyny aýdypdylar.
Azatlyk Darganatada raýatlaryň ekerançylyk ýerleriniň ellerinden alynmagy bilen bagly ýagdaýlaryň bu buýruk bilen arabaglanyşygynyň bardygyny ýa ýokdugyny anyklap bilmedi.
Ýurduň berk döwlet gözegçiligindäki media serişdelerinde hem bu ýagdaýlar barada mesele gozgalmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.