Çözülmesi çatak bolan üç mesele ýönekeý adamlary heläk edýär

Türkmenabat. Migrasiýa gullugynyň binasynyň öňündäki adamlar. Arhiw suraty

Türkmenistanda ýönekeý adamlaryň durmuşyna gönüden-göni agyr täsir ýetirýän üç mesele bolup, olaryň birinjisi işsizlik, ikinjisi zähmet migrasiýasy, üçünjisi giň ýaýran korrupsiýa hasaplanýar. Korrupsiýa garşy göreş wadalary wagtal-wagtal gaýtalansa-da, häkimiýetler ýurtdaky agyr ykdysady kynçylyklar bilen çuňlaşan işsizlik, zähmet migrasiýasy meselesini açyk boýun almaýarlar. Synçylaryň käbiri häzirki hökümetiň bu agyr meseleleri çözjek bolmakdan geçen, agzamaga hem 'gorkýandygyny', netijede raýatlaryň örän kyn ýagdaýda galandygyny öňe sürýär. Şu aralykda deport edilen migrantlaryň öz ýurdunda düşýän agyr ýagdaýy, Moskwanyň Ukrainadaky urşuna goşulyp, rus raýatlygyny alýan türkmenistanly, Türkiýede ýiten goluny gözleýän enä haýbat atýan türkmen polisiýasy barada habarlar çykýar.

Aşgabatdan tapawutlylykda, Daşkentdäki ýolbaçylar zähmet migrasiýasy hakynda degişlilikde 'has açyk' gürrüň etmekden çekinmeýärler. Muňa özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň 4-nji aprelde gol çeken karary hem şaýatlyk edýär. Bu karar iki goňşy ýurduň zähmet migrantlary meselesindäki çemeleşmeleriniň aratapawudyna ýene bir gezek ünsi çekdi.

Azatlyk ýerlerdäki habarçylaryna özbek häkimiýetleriniň daşary ýurda gidýän migrant işçilere iş wizasy, uçar biletlerini satyn almak we kabul edýän ýurduň dilini bilmek boýunça kwalifikasiýa synaglaryndan geçmek üçin kompensasiýa, öwez puluny tölemek barada edýän aladalary baradaky habaryň göçürmesini iberip, ýerli ýaşaýjylaryň, hususan-da zähmet migrasiýasy bilen bagly kynçylyklary gören, başdan geçiren adamlaryň pikir-garaýyşlaryny öwrenmegi haýyş etdi.

Degişli maglumat Türkiýeden Türkmenistana deport edilýän raýatlar “köpelýär”

“Iş gözläp, daşary ýurda gitmek isleýän türkmenistanylaryň ýagdaýy özbek raýatlarynyň ýagdaýy bilen deňeşdirilse, bu ikarada uly tapawut bar, özbek prezidenti hiç bolmanda öz halkynyň iş gözleginde daşary ýurtlara gitmeli bolýandygyny, başga ýerden haraý gözleýändigini aç-açan boýun alýar we, sözde bolsa-da, ýardam bermek isleýändigini bildirýär, köp halatda ýardam berýär” diýip, Azatlygyň bu mesele barada gürleşen ilkinji söhbetdeşi aýtdy.

Bugdaý nanyň bolmasa...

“Türkmende “Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmydy?” diýen söz bar. Ýöne, gynansak-da, Berdimuhamedowlar hökmürowanlygy dowam edýär, ýurduň ýerasty we ýerüsti baýlyklaryndan gelýän girdejiler barada hasap soraýan ýok” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüňini dowam etdirdi.

Onuň sözlerine görä, ýurtda resmi taýdan boýun alynmaýan işsizligiň derejesi barha ulalýar, ýöne işi bolanlar hem, 50, 100 dollardan geçmeýän zähmet haky, barha gymmatlaýan bazar sebedi sebäpli, şu ýurtdan gidip bilseň gitmeli diýen hala gelýär.

Kömek etmekden, iş ýerlerini köpeltmekden we girdejileri ýokarlandyrmakdan geçen, türkmen häkimiýetleri başga ýurtlara gidip, yzynda galan çagasyny eklejek bolýanlara hem kynçylyk üstüne kynçylyk döredýär diýip, Azatlyk bilen gürleşen adamlar aýry-aýrylykda şol bir ýagdaýlardan zeýrendiler.

Maglumat üçin aýdylsa, goňşy ýurduň prezidentiniň daşary ýurtlarda wagtlaýyn zähmet bilen meşgullanýan adamlara goldaw bermek üçin kabul eden kararyna laýyklykda, Özbegistanda ýörite Daşarky zähmet migrasiýa agentligi, şeýle-de, Ministrler kabinetiniň düzüminde ýöriteleşdirilen bölüm dörediler. Özbegistanyň Angliýadaky, Birleşen Arap Emirliklerindäki, Wengriýadaky, Germaniýadaky, Latwiýadaky, Polşadaky we Ýaponiýadaky konsullyklarynda zähmet migrasiýasy meselesine seredýän ýörite wekiliň, attaşanyň wezipesi dörediler.

Degişli maglumat Türkiýede 'gazanç' mümkinçiligini ýitirýän türkmenler Russiýa ýykgyn edýär

“Xorijdaish” ýörite elektron ulgamynda hasaba alnanlara iş wizasy üçin 134 dollara çenli kompensasiýa tölener. Mundan başga, maksatnama gatnaşyjylara daşary ýurt dili we hünär ussatlygy boýunça tabşyrylan ekzamenleriň töleginiň öwezi dolunar ($79-a çenli, üstünlikli tabşyrylan bolsa). Netijede, hatda olaryň biletleriniň bahasy hem, 53 dollara çenli, bölekleýin öwezini dolmak görnüşinde, özlerine gaýdyp geler.

Özbek häkimiýetlerinden tapawutlylykda, türkmen häkimiýetleri daşary ýurda çykjak raýatlara kömek etmegiň däl, emeli kynçylyk döretmegiň pikirini has köp edýäne meňzeýär, olaryň oýlap tapýan päsgelçiliklerine akylyň haýran galýar diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.

Emeli päsgelçilikler parahorluk guraly bolýar

Onuň tassyklamagyna görä, Türkiýä gitjek bolýan raýatlaryň aglaba köplüginiň wiza talaby dürli bahanalar bilen ret edilýär, bu ýagdaý adamlary tanyş gözläp, 40 müň manada çenli para bermäge mejbur edýär, emma şonda hem wiza alyp bilmeýänler az däl.

Mundan başga, “wiza, uçar biletleri üçin töleg edilende, dollar kupýuralary täze banknotda bolmaly, uçara münjek wagtyň ýanyňa alan puluň hem täze dollar kupýurasynda bolmaly, ýogsa uçara goýbermän hem bilýärler” diýip, ýaşaýjy aýtdy.

Türkmenistanda uçar biletleriniň bahasy hem Özbegistandaky uçar biletleriniň bahasy bilen deňeşdirilende 3-4 esse gymmat, “Daşkent - Stambul aralygyna gatnaýan uçaryň biledi 100 amerikan dollaryna barabar, Aşgabat - Stambul uçar belediniň bahasy 5 müň, 8 müň manat we üstüne berilmeli parasy bilen has hem gymmat düşýär diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Ýerli synçylaryň köpüsiniň tassyklamagyna görä, 2007-nji ýyldan soň ýurtda korrupsiýa ‘bedew bady bilen ösüp’, parahorluk durmuşyň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi.

Degişli maglumat Migrant türkmenler "ildeş jenaýatçylygynyň" sebäplerini derňeýär

“Raýatlarymyzyň ugran ugrunda para bermäge mejbur edilmegi, adam mertebesiniň depelenmegi adaty bir ýagdaýa öwrüldi, adamlaryň sussy gaty peseldi, hatda mundan 25 ýyl öňki gören, özüne göwni ýetýän türkmenlerimiz hem galmady, olara derek resmiler näçe para sorasa, ‘bolýa’ diýip duran gorkak nesil emele geldi” diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy.

Bu pikiri Ýewropada ýaşaýan türkmen hem tassyklady we etraplaryň birinde ýaşaýan garyndaşlarynyň para bermek üçin pul soraýandygyny gürrüň berdi.

Ýaşy ýetmişden geçen pensioneriň, özüni Gülnara diýip atlandyran dänewli aýalyň aýtmagyna görä, onuň 50 ýaşdan geçen gyzy we giýewisi eýýäm 9 ýyldan bäri Türkiýede, 68 ýaşly uýasy 12 ýyldan bäri Demirgazyk Kiprde işleýär.

"Gyzymyň, giýewimiň we uýamyň Türkiýede we Demirgazyk Kiprde hemişelik ýaşaýyş rugsatnamasy boýunça ýaşaýandyklaryna garamazdan, olara biometrik pasportlaryny çalşyp bermekde, gyzymyň 45 ýaşy dolanda içerki pasportyna surat ýelmäp bermekde konsullyk edaralary hiç hili kömek bermedi. Ähli soraglara we kanuny talaplara: "Bolanok, size hiç kim bärik (Türkiýä) geliň diýenok, baryň-da, Türkmenistana dolanyp, Lebapda pasportlaryňyzy çalşyp geliň" diýen ýaly gödek sözler, äsgermezlik bilen jogap berýärler” diýip, Gülnara aýtdy.

Özbek prezidentiniň kararyna görä, migrant işçilere kömek üçin ýörite 24 sagatlyk Jaň merkezi dörediler. Ol, daşary ýurtlardan gelýän jaňlary hem goşmak bilen, mugt bolar. 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli migrant işçiler üçin ýörite mobil programma döretmek meýilleşdirilýär, bu ýerde olar ýaşaýan ýeri, boş iş orunlary barada habar berip, watandaşlar bilen gürleşip, hatda pul hem geçirip bererler. Şol wagta çenli, 2025-nji ýylyň 1-nji iýulynda Özbegistandan gidýänler we yzyna girýänler barada bitewi elektron maglumat bazasy öz işine başlar.

Pul geçirmek kynçylygy adamlary uly töwekgelçilige salýar

'Bolanok... Türkmenistana dolanyp, Lebapda pasportlaryňyzy çalşyp geliň' diýen ýaly gödek sözler... bilen jogap berýärler.”
Gülnara

Emma Türkmenistanda, milli manady daşary ýurt walýutasyna erkin çalyşmak mümkinçiligi ýitirileli bäri, zähmet migrantlarynyň gazanan puluny maşgalasyna göni, resmi ýagdaýda ibermek mümkinçilikleri hem doly ýitirildi diýip, raýatlar aýdýarlar.

“Bu ýagdaý Türkmenistana pul iberýän adamlaryň hiç bir häkimiýetsiz, uruş ýa başga beladan ezýet çekýän, halkara sanksiýalaryna ýa-da üzňelige sezewar edilen territoriýa pul iberen adamyň ýagdaýyna salýar. Ol adamlar araçylaryň, tanyş-bilişleriň üsti bilen, kynlyk bilen gazanan pul serişdelerini yzda galan maşgala agzalaryna uly töwekgelçilik astynda ibermäge mejbur bolýarlar" diýip, Gülnara aýtdy we, eger islese, häkimiýetleriň bu meseläni bir günde çözüp bilýändigini hem sözüne goşdy.

Pul geçirmek kynçylyklary diňe bir Türkiýede işleýän migrantlara däl, eýsem, Türkmenistandan daşarda ýaşaýan türkmen migrantlarynyň, şol sanda studentleriň ählisine degişli bolup, ençeme ýyl bäri örän uly mesele bolmagynda galýar.

Özüni Nurmyrat diýip tanadan, häzir Orsýetiň Sankt-Peterburg şäherinde ýaşaýan 32 ýaşly daşoguzly migrantyň sözlerine görä, türkmen häkimiýetleri bank ulgamyny däl, araçylar ulgamyny, bikanunçylygy güýçlendirip, hem raýatlara, hem ýurt ykdysadyýetine agyr zarba urýarlar.

“Häkimiýetler Türkmenistana pul serişdelerini iberjek raýatlary araçylara ýüz tutmaga mejbur edýärler. Bu hili araçylar köplenç her hili kezzapçylyga ýüz urup, Orsýetde işleýän türkmen migrantlarynyň agyr işlerde işläp gazanan pullaryny Türkmenistandaky hossarlaryna geçirmän, ikaralykda ýitirim edýärler. Bu uly problema, emma türkmen režimi bu we we beýleki problemalary görmezlige salýar" diýip, Nurmyrat aýtdy.

Türkmen konsullygy... Russiýadaky türkmen talyplaryny we olaryň "küştdepdisini..." bilýär, emma müňlerçe türkmen migranty hakynda bir agyz söz hem aýtmaýar.”
Nurmyrat

Onuň tassyklamagyna görä, Russiýada türkmen konsullygynyň işgärleri türkmen raýatlarynyň hak- hukuklaryny hem goramaýar.

"Bu akyla sygjak zat däl. Türkmen ýolbaşçylary "Russiýa biziň ýakyn hyzmatdaşymyz, dost ýurdumyz" diýýärler, yzly-yzyna rus ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirýärler, emma Russiýada işleýän türkmen raýatlarynyň aladasyny etmeýärler. Türkmen konsullygy gerek bolanda Russiýadaky türkmen talyplaryny we olaryň "küştdepdisini, türkmençiligini, aýdym-sazlaryny" bilýär, emma müňlerçe türkmen migranty hakynda bir agyz söz hem aýtmaýar” diýip, Nurmyrat aýtdy.

Onuň pikiriçe, beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlary kyn ýagdaýa düşse, rus polisiýasy tarapyndan saklansa, habar serişdelerinde maglumat çykan badyna şol ýurduň Russiýadaky ilçihanasy resmi teswir ýa-da metbugat habary bilen orta çykýar. Emma türkmenistanly talyplaryň, migrantlaryň düşýän çylşyrymly ýagdaýlary barada çykýan habarlardan soň, näçe garaşsaň-da, türkmen konsulhanasyndan hiç hili resmi teswir, reaksiýa ýa-da maglumat çykanok. Hamala, olar üçin bu ýurtda agyr ýagdaýa düşýän türkmen raýatlary asla ýok ýaly.

“Öz raýatlaryňy beýle derejede äsgermezlik, olaryň ýagdaýy we kynçylyklary hakynda teswir we reaksiýa bildirmezlik, meniň pikirimçe, gönüden-göni döwlete we halka hyýanatdyr" diýip, Nurmyrat öz pikirini aýtdy.

Deňeşdirmek üçin aýdylsa, özbek prezidentiniň 4-nji aprelde gol çeken karary daşary ýurtlarda zorluga, diskriminasiýa duçar bolan ýa-da mejbury zähmete çekilen raýatlar babatynda aklawçynyň we adam hukuklaryny goraýjylaryň hyzmatlary üçin töleg tölenmegini hem göz öňünde tutýar.

Meseläniň boýun alynmazlygy režimiň ‘abraýyny gaçyrýar’

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly synçy türkmen resmileriniň soňky ýyllarda migrantlaryň hukuklary boýunça guralan halkara duşuşyklaryň ençemesine gatnaşyp, birnäçe halkara ylalaşyga gol çekendigini, ýöne iş ýüzünde Türkmenistanyň ýüz müňlerçe adama täsir edýän migrant meselesini resmi taýdan boýun almagy düýpden başarmaýandygyny aýtdy.

Mundan aňryk dymmak bolmaz. Migrantlar we olaryň ýakynlary internetde, sosial torlarda, häkimiýetler bilen duşuşyklarda ýiti meseleleri açyk... beýan etmeli."
Azatlygyň maryly söhbetdeşi

Onuň pikiriçe, bu umumymilli mesele bolup, türkmen režiminiň ‘abraýyny gaty pese gaçyrýar’.

“Türkmen režimi hatda özi ýaly awtoritar ýurtlaryň arasynda, sebitiň Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyzystan ýaly ýurtlarynyň adamlarynyň gözleri bilen seredilende hem, akyla sygmajak, yzagalak we üzňeçilik syýasatyny ýöredýän hökümet bolup görünýär. Meniň pikirimçe, migrasiýa meselesi häzirki türkmen reallygynda uly bir ykdysady, demografik we soňy bilen syýasy dartgynlygyň bir uçguny hem bolup biler.”

Migrantlaryň öňünde döredilen emeli kynçylyklaryň aradan aýrylmagynyň, häkimiýetlerden zeýrenmäge däl-de, eýsem, adamlaryň öz pozisiýalaryna baglydygyny aýdýanlar hem bar.

Türkiýede işleýän maryly migrantyň atasynyň Azatlygyň habarçysyna aýtmagyna görä, raýatlaryň pasport, wiza, bank meseleleriniň çözülmeginde halkyň syýasy we sosial işjeňligi örän möhüm bolup durýar.

"Mundan aňryk dymmak bolmaz. Migrantlar we olaryň ýakynlary internetde, sosial torlarda, häkimiýetler bilen duşuşyklarda ýiti meseleleri açyk diskussiýalar, talaplar bilen beýan etmeli. Dymmakdan indi netije ýok. Jemgyýetiň özi öz haklaryny talap etmese, bu meseleler çözülmez" diýip, Azatlygyň maryly söhbetdeşi aýtdy.

Türkmenistanly migrantlaryň daşary ýurt pasportlarynyň möhletlerini uzaltmagy, ýurtdan gitmekçi bolýanlaryň pasport almagy hem, ýönekeý raýatlar üçin uly mesele ýa-da artykmaç çykdajy bolmagynda galýar.

Azatlygyň habarçylary daşary ýurt pasportlarynyň nobatynyň käbir sebitlerde indiki ýylyň ýazyna çenli uzandygyny habar berýärler. Aýdylmagyna görä, sebitler bilen deňeşdirilende, Aşgabatda daşary ýurt pasportyny almak aňsat.

“Aşgabatda zagran pasporty tiz wagtda aljak bolsaň, 500-1000 dollar aralygynda para bermeli, soralan puly berseň, bir hepdäniň içinde düzelýär. Adamlar daşary ýurda işlemäge gitmek üçin döwlet emeldarlaryna para bermeli bolýarlar. Olar daşary ýurtlara çykanlaryndan soň, birnäçe aýlap diňe bergilerini üzmek üçin işleýärler. Wizany üç aýlyk alyp bolýar. Şondan soň köp adam daşary ýurtda gaçgak, bikanun ýagdaýda galmaly bolýar. Türkmenistanda wiza düzedip berjek diýip, birnäçe adamdan pul alyp, soň özi şol pullary bilen daşary ýurda gaçyp gidýänler hem bar” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi ýurtdaky işsizligiň we garyplygyň barha köp adamy zaýalaýandygyny gürrüň berdi.

Aşgabatda zagran pasporty tiz wagtda aljak bolsaň, 500-1000 dollar aralygynda para bermeli..."
Azatlygyň söhbetdeşi

Türkmenistan ýurtdaky işsizleriň, şol sanda daşary ýurtlarda işleýän migrantlaryň sanyny gizlin saklaýar. Emma synçylar ýurtdan gitmek isleýänleriň barha köpelýändigini aýdýarlar. Şol bir wagtda, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň ýazmagyna görä, daşary ýurtlardan deportasiýa edilip, ýurduna mejbury dolanmaly bolan raýatlaryň arasynda öz janyna kast edýän köpelýär. Şeýle-de, neşir Aşgabadyň esasy howa portundan daşary ýurtlara uçýanlaryň ýanlaryndaky şaý-sepleri üçin hem para bermeli bolýandygyny habar berýär.

Türkiýe ýolunyň gysylmagy türkmenleriň Ukraina bilen uruşýan Russiýa hem barha kän ýykgyn etmegine getirdi. Olaryň arasynda rus dilini düýpden bilmeýänleri hem bar. Şol bir wagtda, sosial ulgamlarda Russiýadan Türkiýä gitmek üçin maslahat soraýan türkmen migrantynyň türkmençe ýazan haty soňky ýyllardaky ýaşlaryň öz dillerinde hat ýazmakda hem uly kynçylyk çekýändigini görkezýär.

Adamlaryň öz hökümetine ynanmazlygynyň sebäbi

Emma adamlar, nähili kyn ýagdaýa düşseler hem, öz hökümetlerine bil baglamaýar, “Türkmenistanda kanun boýunça ýörelmeýär, Konstitusiýada ýazylan kanunlar bilen ýurduň içindäki kanunlaryň ýoly başga, parahorluk ýurduň birinji we in uly kanuny” diýip, Russiýada işleýän migrant Azatlyk bilen eden anonim söhbetdeşliginde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, soňky döwürde öz ellerinde bolan ähli emlägini deger-degmezine satyp, daşary ýurda gidýänleriň sany gün-günden artýar.

“Russiýada bolan terrorçylyk hüjüminden soň Türkmenistandan Russiýa gitmek has kynlaşdy. Bu ýurda üç aýlyk wiza almak üçin azyndan 3000 dollar çykdajy etmeli. Bu puluň içinde bilet, wiza we syýahatçylyk agentleriniň tölegleri bar. Zagran pasportyň çykdajysy aýratyn. Deport edilip, yzyna gelen raýatlar migrasiýa gullugynyň işgärleriniň her hili kemsidiji sözlerini çekmeli bolýar. Olaryň iň ýumşak sözi "Hawwa, gidip baýadyňmy?" diýen gyşyk soragdan ybarat. Deport edilenleriň soraga çekilişi aýratyn gürrüň. Ozal hem sussy basylan, agyr durmuşdan ýadan adamlaryň hasam gözlerini gorkuzýarlar. Hemme kişi bilýär, ilki özüňki basyş edýär. Ýene daşary ýurtlaryň häkimiýetleri biziňkilerden gowy, polisiýa işgärleri bizi adam ýerinde goýup, mylakatly gürleşýärler” diýip, migrant türkmen aýtdy.

Degişli maglumat Ekspertiň pikiri: Türkmen ykdysadyýetiniň "diagnozyny" bejerip bolarmy?

Wenada ýaşaýan türkmen aktiwisti Nurmuhammet Hanamowyň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, türkmen hökümeti häzirki agyr meseleleriň köpüsini öňki hökümetlerden miras aldy.

"Bu meseleleri dowam etdirmeli däl, çözmeli. Şu meseleleri çözmeseň, sen halka gahrymanam bolup bilmeýäň, arkadaglam bolup bilmeýäň" diýip, Hanamow telefon söhbetdeşliginde aýtdy.

Şu aralykda, maglumat üçin aýdylsa, türkmen ýigidiniň Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşuna goşulyp, rus raýatlygyna geçişi, Türkiýede ýiten ogluny gözleýän ene-ata türkmen häkimiýetleriniň atýan haýbaty barada habarlar çykýar. Emma türkmen häkimiýetleri we döwlet eýeçiligindäki, adatça bolşy ýaly, metbugat bu habarlara hiç bir reaksiýa bildirmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.