Çeşme: Balkanda 200-e golaý harby işgär öz arzasy bilen işden çykdy

Türkmen harby gullukçylary (arhiw suraty)

Şu ýylyň iýun we iýul aýlarynyň dowamynda Balkan welaýatynyň harby edaralarynyň 200-e golaý işgäri öz arzasy bilen işden çykdy. Muňa ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, harbylaryň aýlyk haklarynyň güzeran eklemäge ýetmezligi sebäp boldy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň welaýatyň harby pudagyndaky ynamdar çeşmeleri we öňki harbylar 4-nji awgustda sebitden maglumat berdiler.

“Öz işlerini taşlan harbylar Balkanyň gorag polkunda, Türkmenbaşynyň deňiz goşunlarynda we deňiz institutynda, Gyzylarbat diwiziýasynda işleýärdiler. Olaryň aglabasy harby ofiserler we şertnamalaýyn esasda gulluk edýän harby deňiz starşinalarydy” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Işden çykan ençeme öňki harbynyň aýtmagyna görä, olaryň işlerini taşlamagyna aýlyklaryň ujypsyz we iş şertleriniň agyr bolmagy, şeýle-de harbylaryň jaý meselesiniň çözülmezligi sebäp bolupdyr.

Degişli maglumat Lebapda gazanç gözleginde daşary ýurtlara gidýän raýatlar ‘köpelýär’

“Deňiz goşunlarynyň ofiseriniň we şertnamalaýyn esasda gulluk edýänleriň aýlyklary 2800 manat, komandirleriň zähmet haky 5 müň manat töwereginde bolup, bu pul azyga zordan ýetýär, jaý ýa maşyn satyn alyp, ogul-gyzyňy okadyp bolmaýar. Döwletiň harbylary jaý bilen üpjün etmek meselesi boş wada bolmagynda galýar” diýip, balkanly öňki ofiser aýtdy.

Ýatlatsak, türkmen prezidenti harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin “mynasyp şertleriň” döredilmelidigini, şol sanda olar üçin jaý gurmak planlaryny ençeme gezek mälim edipdi.

Ýurduň beýleki welaýatlaryndan Balkana gelip, şertnamalaýyn esasda gulluk eden türkmenistanlylar bolsa, alan aýlyklarynyň jaý kireýine hem ýetmändigini aýdýarlar.

“Balkanda iň arzan kireýine kwartira 4-5 müň manat aralygynda durýar. Köp harby aýalyny we çagalaryny dogduk welaýatyndaky ene-atalarynyň öýünde goýup, özleri harby myhmanhanalarda umumy kazarma şertinde ýaşap işleýärler” diýip, 40 ýaşlaryndaky öňki ofiser aýtdy.

Ol özüniň aýalyny we üç çagasyny ýylda diňe üç sapar görpüp, 10 ýyldan gowrak wagt harby ofiser bolup işländigini hem belläp, şeýle diýdi:

"Bu kynçylyklara garamazdan, Lebapdaky obamda jaý gurmaga pul ýygnap bilmedim. Öz hatar dostlarym Türkiýe we Russiýa ýaly ýurtlarda işläp, jaý we maşyn edinip, gurply hojalyklaryň hataryna girdiler. Men döwlet gullugynda ömrümi boşuna geçirenime gynanýaryn" diýip, ol sözüne goşdy.

Çeşmelerimiz Balkanyň harby edaralarynda işleýän ofiserleriň tas 100 göteriminiň işden soň, taksiçilik ýa-da ussaçylyk ýaly işleri edip, goşmaça gazanç edýändigini hem aýdýarlar.

Degişli maglumat Býujet işgärlerine biometriki pasportlarynyň möhletini uzaltmak gadagan edilýär

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Balkanyň harby edaralaryndan we bölümlerinden kommentariýa alyp bilmedi.

Bu aralykda, garaşsyz neşir “Turkmen.news” hem öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, ýurduň kanun goraýjy edaralarynda işden çykýan işgärleriň sanynyň artýandygyny habar berýär.

“Harby bölümleriň, harby mekdepleriň we hatda harby bellige alyş gullugynyň işgärleri işden çykarýarlar we daşary ýurtlara gidýärler... Köp adam harbylaryň syýahat etmeýändigine ynanýar, ýöne bu beýle däl. Gitmegiň ýollary bar. Harbylar köplenç dynç alşa barýan ýaly gidýärler” diýip, neşir 3-nji awgustdaky habarynda belleýär .

Harbylaryň köpçülikleýin işden çykýandygy baradaky maglumatlar, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, gazanç gözleginde daşary döwletlere işlemäge gidýän raýatlaryň köpelendigi baradaky maglumatlar bilen utgaşýar.

Habarçylarymyz soňky ýyllarda ilatyň diňe işsiz gatlagynyň däl, eýse döwlet işlerinde zähmet çekýän raýatlaryň, şol sanda polisiýa işgärleriniň, mugallymlaryň we lukmanlaryň hem daşary ýurtlara işlemäge gidýändigini, sebäbi aýlyklaryň güzeran eklemäge ýetmeýändigini aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlara işlemäge gidýän raýatlarynyň sany baradaky statistikany ilat köpçüligine aç-açan elýeterli etmeýärler. Ýöne olar raýatlaryň daşary ýurtlara gitmegini çäklendirmek ugrundaky çärelerini wagtal-wagtal güýçlendirýärler.

Soňky aýlarda raýatlaryň biometriki pasport almakdaky kynçylyklary ýitileşdi. Mundan ozal, käbir býujet işgärlerine biometriki pasportlarynyň möhletini uzaltmak gadagan edildi, käbirinden bolsa özleriniň biometriki pasportlaryny Döwlet Migrasiýa gullugyna tabşyrmak talap edildi.

Degişli maglumat Zaýalanan etden palaw, ýandakdan çaý. Goşundaky gullukçylaryň gün-güzerany

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.