"Bugdaý däneleri ammarlarda talabalaýyk saklanylmaýar" – ammar işgärleri

Ýygnalan däne hasyly ýurduň bugdaý ammarlarynda guradylyp arassalanýar. Illýustrasiýa suraty.

Mary welaýatynda ýerleşýän däne ammarlarynyň, elewatorlaryň işgärleri bugdaý hasylynyň saklanyş şertlerine alada bildirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy iýulda sebitden maglumat berdi.

“Däne ammarlaryna eltilen bugdaý däneleri güne serilmän, guradylman ýygnalýar” diýip, bir elewator işgäri anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýerli hünärmenler bugdaý däneleriniň ammarlarda talabalaýyk saklanylmazlygy bilen bagly meseleleriň un zawodlarynda öndürilýän ýerli unuň hiline ýaramaz täsir ýetirýändigini aýdýarlar.

“Öňler bugdaý däneleri ammarlarda gowy guraýança ýere serlip goýulardy, şondan soňra gaplanardy. Häzirki wagtda bugdaý hasyly doly bişip ýetişmänkä ýygnalyp alynýar, üstesine-de, ýygnalan bugdaý däneleri doly guradylman ammarlaryň içine salynýar” diýip, birnäçe ammar işgäri aýtdy.

Türkmenistanyň hökümeti 12-nji iýulda ýurt boýunça bugdaý plan borçnamasynyň ýerine ýetirilendigini yglan etdi. Resmi maglumatlarda aýdylmagyna görä, şu ýyl Türkmenistan boýunça 1 million 400 müň tonna töweregi galla hasyly ýygnalyp alyndy.

Degişli maglumat Tejenli gallaçylar bugdaý meýdanlarynda gemrijileriň we ýylanlaryň köpelmegine alada bildirýär

Ýygnalan däne ýurduň bugdaý ammarlarynda guradylyp arassalanýar. Munuň yz ýany, dänäniň bir bölegi tohumlyk üçin alnyp goýulýar, galan bölegi un üçin zawodlarda gaýtadan işlenilýär, ýa-da elewatorlarda, däne ammarlarynda bugdaý hökmünde saklanýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan saklawhana işgärleri bu ýyl onsuz hem ýurduň dürli sebitlerinde yzygiderli dowam eden çygly howanyň, dowamly ýagan ýagyşlaryň bugdaý hasylyna ýaramaz täsir edendigini aýdýarlar. Üstesine, dänäniň ammarlarda talabalaýyk guradylmazlygy onuň pilislemegine alyp gelýär. Heň bugdaýyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde alynýan un önümleri bolsa, elewator işgärlerine görä, ysly bolýar.

Günorta-gündogar sebitde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan birnäçe maryly ýaşaýjy sebitde öndürilýän un önümleriniň hiliniň yzygiderli ýaramazlaşýandygyny tassyklaýarlar.

“Ýerli unuň tagamy gitdigiçe zaýalanýar we ysly bolýar. Ýerli unlary satmaklyk hem kynlaşýar. Döwlet pekarnylary ýerli undan çörek bişirýärler. Bu çörekler 2 manat 50 teňňeden satylýar” diýip, maryly ýaşaýjylar aýdýar.

Olar hili pes, ýerli unlardan öndürilýän çörekleriň mallara iým hökmünde ulanylýandygyny hem aýdýarlar.

Ýatlasak, Türkmenistanda bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhy fewral aýynda 2,5 esse ýokarlandyrylyp, 800 manatdan 2 müň manada çykaryldy. Şeýlelikde, döwlet 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaý ýetişdiren kärendeçi daýhana öňküsinden 2,5 esse çemesi has köp mukdarda töleg töläp başlaýar.

Ýöne bu habarlaryň yz ýany, döwlet dükanlarynda unuň we çöregiň bahalary hem birden ýokarlandy. Azatlygyň habarçylary şonda paýtagt Aşgabadyň döwlet dükanlarynda ozal bir kilesi 1 manatdan satylan unuň bahasynyň 3 manat 50 teňňä, ozal 1 manatdan satylan tegelek çöregiň 2 manat 50 teňňä gymmatlandygyny habar berdiler.

Degişli maglumat Gowaça we bugdaý meýdanlary sil suwlarynyň aşagynda galdy

Maý aýynyň başlarynda Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy bu sebitde pes hilli ýaramaz unlara, bahalaryň ýokarlanmagynyň arasynda, hyrydar tapylmaýandygyny habar berdiler.

Bugdaý däneleriniň ammarlarda talabalaýyk saklanylmagy döwlet ýolbaşçylary tarapyndan hem gün tertibine getirilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iýunyň soňky hepdesinde “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynda oba hojalyk resmileri bilen geçiren duşuşygynda, beýleki käbir meseleler bilen bir hatarda, dänäniň ammarlarda talabalaýyk saklanylmagyna ünsi çekdi.

Ol ýygnalyp alnan galla hasylyny elewatorlarda, däne ammarlarynda talabalaýyk saklamagyň, bu işe hemişe berk gözegçilik etmegiň, hasylyň kabul edilişini, guradylyşyny we sarp edijilere ugradylyşyny ýokary derejede guramagyň möhüm mesele bolandygyny aýratyn belledi.

“Daýhanlarymyzyň yhlas siňdirip eken, mehanizatorlarymyzyň ýygnap alan bugdaýynyň ýekeje dänesini hem yrýa etmeli däl” diýip, türkmen metbugaty şonda Berdimuhamedowyň sözlerini sitirledi.

Azatlyk Radiosy Mary welaýatynyň elewatorlarynda dänäniň saklanyş şertleri barada ýerli resmilerden teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.