Britaniýada immigrantlara garşy birnäçe günläp dowam eden bidüzgünçiliklerde asly türkmenistanly bir zenan maşgala hem ejir çekdi. Bu barada Angliýanyň “The Mirror” neşiri habar berýär.
Tolgunyşyklaryň ýurt boýunça dowam edýän pursatlarynda, ýüz örtügini geýnen üç sany erkek adam Angliýanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Herne Beý şäherçesinde 36 ýaşly Maýa Amangeldiýewanyň üstüne hüjüm edipdirler.
Britan raýatlygyny alan Amangeldiýewa 15 ýyl ozal Türkmenistandan Britaniýa göçüp barypdyr. Ol bir jemgyýetçilik kafesini, azyk tekjesini we dürli görnüşli harytlary mätäç adamlara hödürleýän bir tölegsiz dükany dolandyrýan ekeni. Ol 2023-nji ýylda “Britaniýanyň buýsanjy” baýragynyň “Ýylyň gazna toplaýjysy” kategoriýasy boýunça regional sylagyna-da mynasyp bolupdyr.
Migrantlara garşy tolgunyşyklaryň dowam edýän günlerinde, hüjümçiler zenan maşgalany ýere ýykyp, onuň üstüne ‘sen kirli, daşary ýurtly immigrant, öz musulman ýurduňa yzyňa dolan!’ diýip gygyrypdyrlar.
Degişli maglumat Angliýada bolan täze bidüzgünçiliklerden soň 90-dan gowrak adam tussag edildiBritaniýada awgust aýynyň başlarynda migrantlara garşy gurnalan demonstrasiýalar bidüzgünçiliklere ýazandan soňra, britan häkimiýetleri birnäçe günläp dowam eden zorluklarda häzire çenli müňden gowrak adamy tussag etdi.
Angliýanyň demirgazyk Sautport şäherçesinde 29-njy iýulda üç sany ýaş gyz pyçaklanyp öldürilenden soňra, migrantlara garşy girişilen tolgunyşyklar tutaşyp, bidüzgünçiliklere ýazdy. Bu bidüzgünçilikleriň migrantlara we musulmanlara garşy gönükdirilmegine degişli hüjümiň, ýalňyşlyk bilen, bir musulman migrantdan görülmegi sebäp boldy. Oňa gönükdirilen aýyplamalar onlaýn görnüşde ýaýradylan bir toslama maglumatdan uç aldy.
Awgustyň birinji hepdesinde Hull, Liwerpul, Bristol, Mançester, Stok-on-Trent, Blekpul, Belfast ýaly şäherlerde bizdüzgünçilikler bolup geçdi. Oňa gatnaşanlar dükanlara ot berdiler, polisiýa işgärlerine hüjüm etdiler. Şol bir wagtda, birnäçe ýerde geçirilen kiçi ýygnanyşyklaryň käbirinde zorluk hadysalary bolmady diýip, BBC tolgunyşyklar başlanan gabatlary habar berdi.
Tutuş Angliýada, şeýle-de Demirgazyk Irlandiýada zorluk hadysalary ýüze çykdy, ýöne zorluklara dahylly adamlary anyklamak tagallalary artdyrlandan soňra, geçen hepdeden bäri has az bidüzgünçilikler bolup geçýär diýip, Reuters habar berýär.
Bidüzgünçiliklerde ençeme adam tussag edilip, olaryň käbirleri uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilipdir.
Britan polisiýasyna görä, 14-nji awgusta çenli tutuş ýurt boýunça jemi 1024 adam tussag edilip, olaryň 575-sine günä bildirilipdir.
Başly-baratlykda ejir çeken asly türkmenistanly zenanyň Britaniýada esasan sensasiýa habarlary bilen tanalýan “The Mirror” neşirine gürrüň bermegine görä, ýüzlerine örtük geýnen 20 ýaşlaryndaky adamlar onuň üstüne hüjüm edip, hatda bäş-alty gezek depipdirler.
Bidüzgünçilikleriň tutaşmagynyň yz ýany, Britaniýanyň iýul aýynyň başlarynda geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanan täze premýer-ministri Kir Starmer “ýigrenji öjükdirmäge çalyşýan ekstremistlere garşy” çäre görmek meselesinde polisiýa “doly hökümet goldawynyň” beriljekdigini aýtdy.
Bidüzgünçiliklerde esasan daşary ýurtlardan bolan migrantlar ejir çekdi.
Ýüzi örtükli adamlaryň hüjümlerine we zorlugyna sezewar bolan asly türkmenistanly telekeçi zenan “The Mirror” neşirine beren gürrüňinde, soňky hüjümiň özüne garşy iki ýyl bäri dowam etdirilýän ýigrenç kampaniýasynyň dowamy bolandygyny aýdypdyr.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.