Altynjy gün Angliýada, sagçy güýçleriň migrantlara garşy gurnan täze demonstrasiýalary bidüzgünçiliklere ýazanyndan soň, ýurduň şäherlerinde 90-dan gowrak adam tussag edildi.
Bidügünçilikler Hull, Liwerpul, Bristol, Mançester, Stok-on-Trent, Blekpul, Belfust ýaly şäherlerde bolup geçdi. Oňa gatnaşanlar dükanlara ot berdiler, polisiýa işgärlerine hüjüm etdiler. Şol bir wagtda, birnäçe ýerde geçirilen kiçi ýygnanyşyklaryň käbirinde zorluk hadysalary bolmady diýip, BBC habar berdi.
Britan premýer-ministri Kir Starmer polisiýa "ýigrenji öjükdirmäge çalyşýan ekstremistlere" garşy çäre görmek meselesinde "doly hökümet goldawynyň" beriljekdigini aýtdy.