Birinji synpa barýan körpeleriň ene-atalaryndan pul toplanýar

Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy. Birinji synpa baran körpeler noutbuk kompýuterleriniň gapdalynda surata düşürilýär.

Täze okuw ýylynyň bosagasynda, şu ýyl paýtagtdaky orta mekdeplere başlangyç bilim almaga barýan birinji synp okuwçylaryň ene-atalaryndan eýýäm pul serişdeleri ýygnalyp başlandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 30-njy awgustda Aşgabatdan maglumat berdi.

“Birinji synpa barýan okuwçylaryň ene-atalaryndan, şeýle-de mekdebe çenli çagalar baglaryna gatnaýan körpeleriň ene-atalaryndan okuw esbaplaryna hem-de hojalyk zerurlyklaryna niýetlenip, pul serişdeleri toplanyp alynýar” diýip, bir aşgabatly ýaşaýjy aýdýar.

Ene-atalara görä, her bir okuwçy mekdebe 100 sany A4 kagyzyny, şeýle-de kserokopiýa maşynynyň syýasyny doldurmak üçin, bulardan başga-da, arassaçylyk serişdelerini satyn almak üçin bellenen möçberlerde pul serişdelerini eltmeli.

Degişli maglumat Täze okuw ýylynyň bosagasynda mekdep mugallymlary ene-atalardan pul toplaýar

Mugallymlara görä, kserokopiýalarda okuwçylaryň sapak wagtynda ýerine ýetirýän gönükmeleri köpeldilýär, şeýle-de, zerur bolan halatynda, olaryň resmi kagyzlary print edilýär.

Ene-atalar öňki ýyllardaky tejribelere salgylanyp, kanselýariýa harytlaryny ýa-da soralýan pul serişdelerini öz wagtynda mekdebe getirmedik okuwçylaryň mugallymlar tarapyndan çetletmelere sezewar edilýändiklerini aýdýarlar.

“Mugallymlar pul getirmedik çagalary sygdyrmaýarlar, bu bolsa olaryň ruhy ahwalyna ýaramaz täsir ýetirýär, okuwçylary bilimden sowadýar” diýip, paýtagtly bir ata we ene aýdýar.

Ýerli ýaşaýjylar öňki ýyllardaky tejribelere salgylanyp, ruhy zeper ýetirmeleriň diňe bir mekdebe pul getirmedik okuwçylar bilen çäklenmeýändigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan paýtagtly bir ýaşaýjynyň sözlerine görä, mekdebe gatnaýan çagalaryň arasynda ejesi ýa-da kakasy daşary ýurtlarda zähmet çekip, maşgalasyna pul ugradýan hojalyklaryň çagalary hem mekdeplerde wagtal-wagtal häkimiýetleriň esassyz sorag etmelerine sezewar bolýarlar.

“Wagtal-wagtal MHM işgärleri duýdansyz mekdeplere gelip, ejesi ýa-da kakasy daşary ýurtlarda zähmet çekip, yzda galan maşgala agzalaryna pul ugradýan hojalyklaryň çagalaryny, gyz bolsun, oglan bolsun, tapawudy ýok, bir otaga gabap, edil howply jenaýatkär tutan ýaly, gyssaýarlar we soraga çekýärler, käwagt olaryň elektron enjamlaryny alyp gidýärler” diýip, bir ene-ata täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda öňki ýyllarda bolan wakalary ýatlaýar.

Şeýle çagalarda bilime bolan höwes peselip, olar okuwdan galyp başlaýarlar diýip, ene-atalar aýdýar.

Degişli maglumat Okuwçylardan mekdebi abatlamak üçin pul ýygnalýar

Bu aralykda, türkmen metbugaty şu ýyl paýtagt boýunça 17 müň 864 okuwçynyň birinji synpa kabul edilýändigini, olara noutbuk kompýuterleriniň sowgat beriljekdigini habar berýär.

Ýurduň beýleki käbir künjeklerinde okuwa kabul edilýän körpeler barada aýdylanda, ýerli metbugata görä, meselem, Balkan welaýatynda şu ýyl 11 müň 500 çemesi çaganyň başlangyç mekdebe başlamagyna garaşylýar. Olara-da noutbuk kompýuterleri paýlanyp berler diýip, ýerli metbugat ýazýar.

Türkmenistanda okuwçylardan, ene-atalardan, hatda mugallymlardan, umuman, býujet işgärlerinden, yzygiderli görnüşde pul ýygnamak däbi saklanyp galýar.

Her ýyl ýurt boýunça edara-kärhanalarda prezidentiň portretlerini çalyşmak üçin, şeýle-de propaganda medialaryny, şol sanda ýylyň şygarlaryny çalyşmak üçin raýatlardan yzygiderli görnüşde pul toplanýar.

Paýtagtyň mekdeplerinde okuwçylardan ýygnalmagy göz öňünde tutulýan pullar, bu gezek, olaryň öz zerurlyklaryna, şol sanda kanselýariýa harytlaryna, A4 kagyzlaryna, kserokopiýa syýalaryna we beýleki okuw esbaplaryna niýetlenýär. Ýöne ýurduň orta mekdeplerinde prezidentiň portretlerini çalyşmak, ýylyň şygarlaryny çalyşmak ýaly, çaganyň bilim we terbiýesine dahylsyz serişdeler üçin hem ene-atalardan pul serişdeleriniň ýygnalyp alnan halatlary, mundan ozal, köp boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.