Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Okuwçylardan mekdebi abatlamak üçin pul ýygnalýar


Ene-atalar okuwçylardan her aýda diýen ýaly bir zat üçin pul ýygnalýandygyny aýdyp, munuň ykdysady kynçylyklaryň arasynda, özleriniň güzeran eklenjine ýaramaz täsir ýetirýändigini aýdýarlar. (Illýustrasiýa suraty)
Ene-atalar okuwçylardan her aýda diýen ýaly bir zat üçin pul ýygnalýandygyny aýdyp, munuň ykdysady kynçylyklaryň arasynda, özleriniň güzeran eklenjine ýaramaz täsir ýetirýändigini aýdýarlar. (Illýustrasiýa suraty)

Balkan we Lebap welaýatlarynyň orta mekdeplerinde okuwçylardan tomusky dynç alyş möwsümi döwründe geçiriljek abatlaýyş işleri üçin ýene pul ýygnalýar.

Balkanyň bilim resmileri puly beren okuwçylara okuw ýylynyň jemleýji çärýeginde ýokarlandyrylan bahalaryň goýuljakdygyny wada berýärler. Lebapda her bir okuwçydan ýygnalýan puluň möçberi 400 manada çenli ýetýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 24-nji aprelde Balkandan we Lebapdan maglumat berdiler.

“Mekdepleriň remonty üçin pullar şäheriň 1, 2, 3, 5, 9, 10, 13 we 15-nji mekdeplerinde ýygnalýar. Toplanýan puluň möçberi her mekdepde dürli-dürli bolup, ol 70-100 manat aralygynda üýtgeýär. Mekdep ýolbaşçylary we mugallymlar puly tabşyran okuwçylara jemleýji çärýekde 4-lik we 5-lik baha goýmagy wada berýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli bilim işgäri anonim şertde gürrüň berdi.

Bilim işgärleriniň birnäçesiniň anonim şertde habarçymyza gürrüň bermegine görä, aglabasy 1980-nji ýyllarda gurlan mekdeplerde abatlaýyş işlerini geçirmek üçin döwlet tarapyndan maliýe serişdesi goýberilmeýär.

“Döwlet tarapyndan pul bölünip berilýän bolsa-da, ol mekdebe ýa-da mugallymlara gelip gowuşmaýar. Şol sebäpli etrap bilim bölümi mugallymlara okuwçylardan remont üçin pul ýygnamagy dilden tabşyrdy. Bu mekdeplerde onlarça ýyl bäri düýpli abatlaýyş işleri geçirilmeýär, şol sebäpli olara has köp gurluşyk materialy gerek bolýar” diýip, türkmenbaşyly bir mugallym aýtdy.

Lebabyň Türkmenabat şäherindäki orta mekdeplerde hem, tomusky dynç alyş möwsümi döwründe geçiriljek abatlaýyş işleri üçin okuwçylardan pul ýygnamak möwsümi başlandy.

“Häzir mekdebiň remonty üçin pul toplamak işleri şäheriň 2, 12, 28, 29 we 41-nji mekdeplerinde dowam edýär. 41-nji mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň her birinden bu ýyl 400 manat pul ýygnaldy. Çagamyň okaýan synpynda 30-a golaý okuwçy bar. Bu 12 müň manat bolýar” diýip, lebaply bir ene anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, köp ene-ata synplary abatlamak üçin bu serişdäniň ýarysynyň hem ýeterlikdigini aýdyp, mugallymlara we mekdep ýolbaşçylaryna nägilelik bildirdiler.

“Mekdebiň administrasiýasy ‘gep-gürrüň ýaýradyp ýörjek bolsaňyz bermän geçiň, maňa gerek ýaly… Siziň aladaňyz, siziň çagalaryňyzyň aladasy üçin edilýär’ diýip, ene-atalaryň ýüzüni alyp goýberdi” diýip, lebaply ene belledi.

Lebap welaýat bilim müdirligindäki ygtybarly çeşmämiziň tassyklamagyna görä, mekdepleri abatlamak üçin döwlet tarapyndan indi ençeme ýyl bäri maliýe serişdesi goýberilmeýär.

“Emma her ýyl degişli resminamalarda döwlet tarapyndan kesgitli möçberde puluň bölünip berlendigi barada serişde görkezilýär we mekdepler maddy taýdan üpjün edildi diýlip ýazylýar. Bu, ýokardan gelýän buýruk esasynda amal edilýär” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Lebabyň we Balkanyň bilim resmilerinden, şeýle-de agzalan mekdeplerden teswir alyp bilmedi.

Bu aralykda, garaşsyz neşir “Türkmenistanyň hronikasy” mekdepleri abatlamak işleri üçin okuwçylardan pul ýygnamak möwsüminiň Aşgabatda hem başlandygyny habar berýär.

“Parahat-4 etrapçasyndaky 56-njy we 60-njy mekdepleriň, Parahat-7 etrapçasyndaky 132-nji mekdebiň we 30-njy etrapçadaky 32-nji mekdebiň okuwçylarynyň her birinden 50 manat ýygnalýar” diýip, neşir öz ýurt içindäki habarçylaryna salgylanyp, 23-nji aprelde habar berdi.

Türkmenistanda döwletiň garamagynda bolan we býujetden maliýeleşdirilýän mekdepleri abatlamak we beýleki zerurlyklar üçin okuwçylardan pul ýygnamak tejribesi onlarça ýyl bäri amala aşyrylýar.

Ene-atalar okuwçylardan her aýda diýen ýaly bir zat üçin pul ýygnalýandygyny aýdyp, munuň ykdysady kynçylyklaryň, işsizligiň we azyk gymmatçylygynyň arasynda, özleriniň güzeran eklenjine ýaramaz täsir ýetirýändigini belleýärler.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy bu ýagdaýlar barada mesele gozgamaýarlar.

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuw ýyly 25-nji maýda we synaglar iýunyň başynda tamamlanyp, şondan soňra tomusky dynç alyş möwsümi başlanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG