Türkmenistanda täzelikde ulanmaga berlen täze telefon belgileriniň edilen tamany ödemändigi, müşderileriň lapykeç bolýandygy habar berilýär. “Täze telefon nomerini alan müşderiler ýene öňki, köne telefon nomerlerini ulanyp başladylar" diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy bilen gürleşen raýat aýtdy. Synçylar Türkmenistanda telefonyň syýasy gözegçilik guralyna öwrülendigini, bu ugurdaky monopoliýanyň ýatyrylmaldygyny öňräkden bäri aýdyp gelýärler.
“TMCELL” mobil operatorynyň 70, 71 we 72-lik kod bilen başlanýan täze belgilerini işe girizýändigi dekabryň başynda mälim boldy. Bu telefon aragatnaşygy hyzmatlarynyň hilinden nägile bolýan ýaşaýjylar üçin ýylyň dowamynda eşidilen iň gowy habarlaryň biri hasaplanýar.
Ozal bu aragatnaşyk operatorynda şeýle kodlaryň bäşisi — 61, 62, 63, 64 hem-de 65 hereket edýärdi.
71-lik belgileriň “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk operatorynyň nokatlarynda 10 manatdan satylýandygy barada berlen habarda aýdylmagyna görä, täze kod ‘ilatyň isleglerini hem-de ýüz tutmalaryny’ kanagatlandyrmak üçin işe girizildi. Ýöne türkmen metbugaty ýa-da mobil operatory ilatyň esasan haýsy meseleler bilen ýüz tutýandygyny anyklaşdyrylmady.
Telefon täzeligigini eşiden müşderileriň arasynda 71-lik belgili telefondan bir däl, iki, üç nomer edinmek islänler hem boldy diýip, Azatlygyň habarçysy habar berdi.
“Altyn asyryň” ofislerine baryp, täze nomer belgisini alan müşderileriň köpüsi az salymdan ýene-de öňki 65, 64, 63, 62, 61 belgili sim kartalaryndan peýdalanmaga geçdiler” diýip, habarçy aýtdy.
Degişli maglumat “TMCELL” mobil operatory 70, 71 we 72-lik kod bilen başlanýan täze belgilerini işe girizýär“Täzelikde satylyp başlanan 71 belgili sim kartalarda mobil inerneti kadaly işlemeýär, iň bärkisi, howa maglumatlaryny hem görüp bolmaýar” diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan bir ýaşaýjy aýtdy.
Biri-birinden aýratynlykda gürleşilen müşderiler şol bir ýagdaýlardan şikaýat etdiler.
“Jaň edilen wagty “Altyn asyr” swýazy ýitip gidýär, gürleşip duran wagtyň aragatnaşyk kesilýär we gaýtadan habarlaşmak örän köp wagt alýar. Jaň edýän nomeriň köplenç meşgul bolýar. Soň gürleşeňde, jaň eden adamyň şol wagt hiç kim bilen gürleşmändigini bilip galýarsyň” diýip, bir müşderi aýtdy.
Täze satylan telefon kodlaryny alan adamlar 71-ligiň Täze ýylyň öň ýanynda dörän ‘telefon şatlygyna kölege salandygyny’ aýdýarlar. Emma bu mesele boýunça açyk düşündiriş alyp bolmaýar.
“Altyn asyryň” hünärmenleriniň käbiri emele gelen kynçylyklaryň Täze ýylyň öň ýanynda ‘agralýan ýük’, ýagny ýurduň ýeke-täk operatorynyň ilatyň artýan isleglerini kanagatlandyryp bilmezligi bilen baglydygyny aýdýar.
“Häzirki günler, Täze ýylyň öň ýany Turkmenistanda ýeke-täk “Altyn asyr” operatory has kän nagruzkada işleýär” diýip, anonimlik şertinde gürleşen bir hünärmen aýtdy.
Onuň sözlerine görä, baýramçylyk günlerinde mobil telefonlaryndan peýdalanýan adam gaty köpelýär we, tehnikanyň mümkinçiligi çäkli bolansoň, birbada olaryň hemmesine hyzmat edip bolmaýar.
“Ýarygijeden soň ýa-da daňdanlar mobil aragatnaşygy we internet gowy işleýär, bu ýerde mesele gündizlerine abonentleriň has köpelip başlamagy bilen başlanýar” diýip, hünärmen düşündirdi.
Degişli maglumat Aşgabatda mobil telefonlary üçin SIM kartalaryň satuwy çäklendirildiAýratynlykda gürleşilen beýleki bir hünärmen bolsa, täze belgidäki aragatnaşygyň hiliniň “ýaramaz bolmagyny” 71-lik belgileriniň hasaba alynýan we aragatnaşyga birikdirilýän wagtynda döreýän problemalar bilen baglydygyny aýtdy.
Emma daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň arasynda mobil aragatnaşygy hyzmatlarynyň baýramçylykdan başga wagtlarda hem gowy däldigini, IMO arkaly habarlaşmagyň bolsa, bilkastdan kynlaşdyrylýana meňzeýändigini aýdýanlar hem bar.
Awstirýada ýaşaýan türkmen aktiwisti Nurmuhammet Hanamowyň pikiriçe, türkmenistanlylara 2004-nji ýyldan bäri hyzmat edýän “Altyn asyr” operatorynyň hyzmatlarynyň hili diňe bir ýagdaýda, telefon aragatnaşygy pudagyndaky monopoliýa ýatyrylyp, bu ugurda hakyky bäsdeşlik, konkurensiýa döredilende düzelip biler.
Öňki diplomatyň sözlerine görä, türkmenistanlylar ýurtdaky aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilinden uzak wagt bäri nägile we, işsizlik, okuw meseleleri sebäpli daşary ýurtlara çykan, ýa ýurt içinde başga şäherlerde okaýan we işleýän raýatlar dünýäniň ösen aragatnaşyk hyzmatlaryndan "syýasy sebäpler esasynda, bikanun monopoliýa arkaly mahrum edilýär".
Web sahypasynda aýdylmagyna görä, "Altyn Asyr" ÝGPJ müşderilere ýokary hilli hyzmatlary bermek üçin ähli şertleri we mümkinçilikleri göz öňünde tutýar”, ýöne onuň wekilleri Azatlygyň emele gelen ýagdaý barada düşündiriş sorap ýazan hatyna jogap bermediler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär