Balkanyň häkimiýetleri täze metjidiň gurluşygy üçin ýene ‘haýyr-sahawat’ pullaryny ýygnaýar

Hazar şäherinde gurulýan täze metjit

Şu günler Balkan welaýatynyň Hazar şäherinde ýakynda düýbi tutulan täze metjidiň gurluşygy dowam edýär. Häkimiýetler bu metjidiň gurluşygyny dolulygyna diýen ýaly welaýatyň býujet işgärleriniň we telekeçileriniň hasabyna alyp barmaga çalyşýarlar. Olar munuň üçin býujet işgärlerinden we telekeçilerden ýene “mejbury-meýletin haýyr-sahawat” pullaryny ýygnaýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri 4-nji awgustda sebitden maglumat berdiler.

“Işgärlerden 200 manat möçberindäki pul serişdesini awgust aýynda beriljek zähmet haklaryny alanlarynda tabşyrmak talap edildi. Bu talap barada Türkmenbaşynyň deňiz portunyň, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, häkimligiň, Jemagat hojalygy müdirliginiň, awtotransport we aragatnaşyk edaralarynyň, ‘TmCell’ kärhanasynyň we etrap saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri habarly edildi” diýip, ýagdaýlardan habarly türkmebaşyly çeşmämiz aýtdy.

Degişli maglumat Balkanda we Maryda täze metjitleriň gurluşygy üçin 'haýyr-sahawat pullary' ýygnalýar

Türkmenistanyň hökümeti Hazar şäherinde, şeýle-de ýurduň beýleki welaýatlarynda jemi bäş metjidi gurmak planlaryny geçen ýylyň maý aýynyň başynda yglan edipdiler.

Şonda hökümet sebit ýaşaýjylaryndan gelen islegleriň nazara alnyp, metjitleriň gurulýandygyny aýtdy. Ýöne resmi habarda guruljak metjitleriň mümkin bolan bahasy, maliýeleşdirmek meselesi we gurluşygynyň haçan tamamlanjakdygy barada hiç zat aýdylmady.

Balkanyň beýleki sebitlerindäki çeşmelerimiz, “haýyr-sahawat” pullarynyň tas ähli etrapdyr şäherlerdäki telekeçilerden hem ýygnalýandygyny aýdýarlar.

“Pul bermekden ýüz öwürýän býujetçilere işden kowulmak haýbaty bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Telekeçileriň bolsa, işlerinde bolsa býurokratik bökdençlikler dörediljekdigi ýaňsydylýar. Adamlar nägile bolsalar-da, işine zyýan ýetmeginden howatyrlanyp, garşylyk bildirmeýärler” diýip, beýleki bir çeşmämiz belledi.

Azatlyk nobatdaky pul ýygnamak çäreleri barada ýerli häkimiýetlerden, şol sanda agzalan edaralardan kommentariý alyp bilmedi.

Ýöne bellesek bu, Balkanyň häkimiýetleriniň Hazardaky täze metjidiň gurluşygy üçin “haýyr-sahawat pullaryny” ýygnamagy bilen bagly ilkinji waka däl.

Degişli maglumat Türkmen resmileri täze metjitleriň gurluşyklary üçin ‘haýyr-sahawat’ toplaýar

Azatlygyň habarçylary, metjit gurmak baradaky resmi kararyň yglan edilmeginiň yz ýany, geçen ýylyň 8-nji maýynda Balkanda we Maryda býujetçilerden we telekeçilerden maliýe serişdeleriniň ýygnalyp başlanandygyny habar beripdiler.

Şonda býujet işgärlerinden 50-100 manat aralygynda pul ýygnalýandygy, telekeçilerden 20 müň – 50 müň manat aralygynda serişdäniň haýyr-sahawat hökmünde talap edilýändigi mälim bolupdy.

Azatlygyň bu habaryndan üç hepde çemesi soň, Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti ýurduň sebitlerinde bina ediljek täze metjitleriň gurluşyklaryna haýyr sahawat ýardamyny etmäge isleg bildirýän taraplar üçin “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynda ýörite hasap açdy.

Türkmenistanda býujet işgärleri “tebigaty goramak”, “bag nahallaryny satyn almak”, “döwlet edaralarynda prezidentiň portretlerini çalyşmak”, “prezidentiň merhum atasynyň ýas sadakasyny sowmak“ we beýleki maksatlar üçin yzygiderli pul bermäge mejbur bolýarlar.

Degişli maglumat Balkanda täze metjit açyldy, synçylar diniň hakykata garşy ulanylýandygyny aýdýarlar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.