Diňle: Balkanyň häkimiýetleri täze metjidiň gurluşygy üçin ýene ‘haýyr-sahawat’ pullaryny ýygnaýar
Şu günler Balkan welaýatynyň Hazar şäherinde ýakynda düýbi tutulan täze metjidiň gurluşygy dowam edýär. Häkimiýetler bu metjidiň gurluşygyny dolulygyna diýen ýaly welaýatyň býujet işgärleriniň we telekeçileriniň hasabyna alyp barmaga çalyşýarlar. Olar munuň üçin býujet işgärlerinden we telekeçilerden ýene “mejbury-meýletin haýyr-sahawat” pullaryny ýygnaýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri 4-nji awgustda sebitden maglumat berdiler.