Balkan welaýatynyň häkimiýetleri mejbury pagta ýygymynyň gerimini ýene güýçlendirip, bu işlere sebitiň harby birikmelerinde gulluk edýän esgerleri köpçülikleýin çekýärler. Bu ýagdaýlar barada habar berýär Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy we çeşmeleri esgerleriň agyr şertlerde pagta ýygýandygyny, olaryň azyk üpjünçiliginiň juda pesdigini aýdýarlar.
“Şu ýyl Balkanda gulluk edýän esgerleriň tas ählisi ýatymlaýyn pagta ýygymyna çekildi. Hat-da olaryň hataryna deňizçi esgerler hem goşuldy. Geçen ýyllarda deňiz goşunlaryna degişli esgerler pagta ýygymyna çekilmeýärdi. 3 müň esgeri bolan Gyzylarbat harby birikme we brigada howa güýçleriniň esgerleri, Magtymgulynyň serhet gornizonynyň 600 çemesi pyýada goşunlarynyň we motoatyjylaryň esgerleri hem bar. Şeýle-de, gowaça meýdanlaryndaky esgerleriň arasynda Balkanabat gorag polky 3-nji kamendatura ady bilen tanalýan polkyň, Türkmenbaşynyň Janga deňiz serhet flotunyň we garşy Bekdaş deňizçi we gury ýer serhetçi esgerleri hem bar” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz 16-njy oktýabrda gürrüň berdi.
Degişli maglumat Türkmenistanda mejbury pagta ýygymy ozal görlüp-eşidilmedik derejede ‘möwjeýär’Hiç hili töleg tölenmezden pagta ýygmaga mejbur edilýän esgerler göçme esger çadyrlarynda ýaşaýarlar. Bu çadyrlar sebitiň pagtaçylyk üçin niýetlenen üç etrabynda – Magtymguly, Gyzylarbat we Bereket – ýerleşýär.
“Bu çadyrlarda, esasanam Gyzylarbadyň Garasenger obasyndaky göçme esger çadyrlarynda şertler juda gözgyny. Olaryň içi juda sowuk. Olaryň ýatýan iki gatly krowatlarynyň matraslarynyň kirden ýaňa reňkini bilip bolmaýar. Esgerleriň hem bir aý töweregi wagt bäri doly ýuwunmandygyny görse bolýar. Olaryň köpüsiniň aýakgaplarynyň ujy deşilip, olaryň öň barmaklary görünýär” diýip, çeşmämiz aýtdy.
Esgerleriň birnäçesiniň anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň bermegine görä, olar üçin niýetlenen azyk önümleriniň aglabasy jogapkär ofiserler tarapyndan hususy taraplara satylýar.
“Esgerler oba adamlaryndan iýmäge çörek we gawun diläp, janlaryny saklaýarlar. Etrap ýaşaýjylary esgerlere rehimleri geleninden günortan wagtynda gowaça meýdanlaryna gelip, berjek hudaýoludyr sadakalaryny şol ýerde bişirip, esgerlere berýärler. Olary gören adamyň ýüregi awaman durup bilmeýär. Esgerler güne garalyp, açlykdan horlanyp gidipdirler” diýip, habarçymyz belledi.
Onuň tassyklamagyna görä, harby serkerdeler esgerleriň haýsy harby bölüme degişlidigini gizlemek üçin olaryň eşiklerindäki ähli belgileri aýyrdypdylar. Olarda ne pagon, ne-de başga belgi bar.
“Esgerleriň arasynda çagyryş boýunça iki ýyl gulluk möhleti oktýabryň 1-2-ne dolan esgerler hem köp. Ýöne olara pagta möwsümi tamamlanýança, gullukdan boşadylmajakdygy, 40-50 gün artykmaç gulluk edip, pagta ýygmaly boljakdygy duýdurylypdyr” diýip, habarçymyz aýtdy.
Degişli maglumat Häkimiýetler pagta ýygymynda mejbury zähmetden peýdalanylmagyny ‘täze belentliklere çykarýar’Ol bu ýagdaýa prezidentiň permanyna garamazdan, sebitde tas hiç bir hojalyga gullugy tamamlap, perzent ogullarynyň öýlerine gelmezliginiň hem şaýatlyk edýändigini belleýär.
Türkmenistanda “çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary ýurduň Ýaragly güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we raýatlaryň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy” dowam edýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu baradaky karara 16-njy sentýabrda gol goýdy.
Dünýäde iň iri pagta öndüriji ýurtlaryň hatarynda galýan Türkmenistan adam hukuklaryny goraýjy guramalar tarapyndan ýurduň pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanmakda yzygiderli tankyt edilýär.
Türkmen häkimiýetleri býujet işgärlerini, esgerleri köpçülikleýin mejbury pagta ýygymyna çekýärler. Käte-de olar mekdep okuwçylaryny, köçelerde düzgün bozan, serhoş, dilegçi, zibil dörýän raýatlary hem köpçülikleýin gowaça meýdanlaryna alyp gidýärler.
Türkmen häkimiýetleri bu habarlara reaksiýa bildirmeýärler. Azatlygyň ýokarda beýan edilenler barada Balkanyň degişli harby bölümlerinden kommentariýa almak synanyşyklary hem başa barmady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.