Türkmenistanyň häkimiýetleri 12-nji dekabrda bellenýän Bitaraplyk baýramyna taýýarlyk görýärler we muňa tutuş ýurduň ýaşaýjylaryny çekýärler. Gatnaşyjylar saýlanýar we ähli düzgünleri kämil ýerine ýetirmek barada dil hatyny ýazmaly bolýar.
Bitaraplyk güni geçiriljek harby parada taýýarlanmak üçin Balkan welaýatyndan müňden gowrak adam ugradyldy. Azatlyk Radiosynyň Balkandaky habarçysynyň maglumatyna görä, olaryň arasynda harbylar, harby okuw jaýlarynyň studentleri we döwlet-edara kärhanalaryň işgärleri bar.
"Deňiz institutynyň talyplary, deňizçi esgerler, deňiz flotunyň we deňiz birikmesiniň harbylary Bitaraplyk güni mynasybetli Aşgabatda boljak parada uly taýýarlyk görýärler" diýip, habarçymyz gürrüň berdi.
Gatnaşyjylardan edilýän talaplar şu ýyl ozalkylaryndan hem pugtalandyrylypdyr. Ýagdaýdan habarly çeşmäniň sözlerine görä, indi parada we harby türgenleşiklere gatnaşýan her bir adamdan üç arka resminamasy we milletiniň türkmen bolmagy talap edilýär. Üstesine, parada gatnaşýan her bir harby Goranmak ministriniň adyna dil hatyny ýazmaly bolýar.
Degişli maglumat Mary Bitaraplyk gününe taýýarlanýar: Raýatlara çäreler barada gürlemezlik tabşyrylýarHabarçymyz dil hatynyň mazmuny barada şeýle diýýär: "Gatnaşyjy parad geçýän wagtynda özüniň aýagy büdräp ýykylsa, ýa-da tehnika sürüp geçýän harbylar ulagynda ýöriş wagty bir kiçi nogsanlyk tapylsa, ýa-da umuman parad ýolbaşçylara göwnejaý geçmese, jeza çekmäge razydygyny aýdyp, dil hatyny ýazmaly edildi. Olara göni efirde görkezilýän çärede döwleti masgara etmek günäsiniň bildirilip bilinjekdigi duýdurylýar. Hatda tussaglyk haýbaty atylýar."
Habarçymyz bilen gürleşen çeşmeler bu görkezmeleriň dilden edilendigini aýtdylar.
Azatlyk Radiosy parada görülýän taýýarlyklar we gatnaşyjylardan edilýän talaplar barada häkimiýetlerden resmi düşündiriş alyp bilmedi. Emma anonim gürleşen çeşmäniň sözlerine görä, bu çäreler parad wagtynda baş serkerdebaşynyň şahsy howupsyzlygyny üpjün etmek aladalary bilen düşündirilýär.
Habarçymyz bilen gürleşen harbylar gatnaşyjylardan dil hatynyň alynmagyny adalatsyzlyk diýip hasap edýärler, ýalňyşyň tötänden bolup bilýändigini belleýärler we munuň üçin jeza berilmegini aşa ýowuz atlandyrýarlar. Olaryň sözlerine görä, parad üçin maşklaryň örän agyr, köp wagty hem-de zähmeti talap edýär, esgerler eýýäm tomus aýlarynda maşk edip başlaýarlar.
Şeýle-de, çeşmelere görä, parada gatnaşan esgerler abraý bilen ýalňyşman geçip bilseler, olara prizidentiň we goranmak ministriniň adyndan hormat haty berilýär.
Harbylardan başga häkimiýetler tarapyndan paýtagta ugradylýan balkanlylaryň arasynda býujet işgärleri, şol sanda medeniýet wekilleri, polisiýa ofiserleri we ýaşulular bar.
Maşklara gatnaşýan balkanlylaryň ählisi Aşgabada öz hasabyna barýarlar we paýtagtda bolýan döwründe ähli çykdajylaryny özleri göterýärler.
"Häzirde Türkmenbaşynyň ruhyýet, medenýet köşgüniň artisleri, ähli oba medenýet öýleriniň hünärmenleri, ak sakgal ýaşulular, ýol polisiýa ofiserleri Aşgabada ugradyldy. Olar "Grand otel", "Paýtagt" we "Aşgabat" ýaly myhmanhanalara ýerleşdirildi" diýip, habarçymyz aýdýar.
Degişli maglumat Aşgabatda ‘marşirowkalar’ bilen baglanyşykly onlarça köçe ýapyldyŞeýle çäre mejburlygynyň arasynda harbylardan işini terk edýänleriň köpelendigini habrçylar belleýärler. Olaryň soňky maglumatlaryna görä, Balkan welaýatynda oktýabr we noýabr aýlarynda azyndan 50 çemesi deňizçi ofiser öz islegi bilen işden çykmak hakynda arza ýazypdyr.
Türkmenistan Bitaraplyk gününi 1995-nji ýyldan bäri döwlet derejesinde belläp gelýär.
Her ýyl uly tutumly baýramcylyk dabaralary müňlerçe adamyň gatnaşmagynda köpçülikleýin çäreler, ýörişler bilen geçirilýär. Ilatdan pul toplanýar. Paýtagtda we şäherlerde howpsuzlyk çäreleri pugtalandyrylýar içerki migrantlar we öňki tussaglar tutulyp saklanýar. Günä geçiş yglan edilip, türme tussaglygynda oturanlardan birnäçe ýüz adam boşdylýar.
Degişli maglumat Bitaraplyk - dünýä türkmenlerine päsgelçilikmi?Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.