Balkanly daýhanlar ýyladyşhanalarynda odun ýakyp gök-önüm ýetişdirýärler

Hususy hojalygyň satuwa çykaran gök önümleri. Türkmenistan (Arhiw suraty)

Türkmenistanda gyş pasly oba zähmetkeşleriniň işini kynlaşdyrýar. Ýyladyşhanalarda gök önüm ýetişdirýän daýhanlar önümlerini sowukdan goramak ugrunda tagalla edýärler. Hususy ýyladyşhanalar üçin gaz ulanmak gadagan edilensoň, daýhanlar başga çykalga gözlemeli bolýarlar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Balkan welaýatyndaky ýagdaý barada habar berýärler.

Bereket etrap merkezine golaý obalardaky hojalyklaryň we telekeçileriň ýyladyşhanalaryndaky esasy problemalar olary ýylatmakdan we gök önümleri sowukdan goramakdan ybarat.

Gyş aýlarynyň sowugyna garamazdan, ýyladyşhanalarda tebigy gazdan ulanmak bir aýdan gowrak wagt bäri gadagan edildi. Golaýdaky geňeşlikleriň çäginde onlarça ýyladyşhana bar, olar 500 we 5000 inedördül metr aralygyndaky ýer böleklerinde ýerleşýär. Ýyladyşhanalarda lemon, pomidor, hyýar ýetişdirilýär.

Degişli maglumat “Girdeji çykdajydan az bolýar”. Lebapda hususyýetçiler ýyladyşhanalaryny sökýärler

"Etrap häkimligi şu ýyl gyşdan başlap tebigy gazdan ýyladyşhana üçin peýdalanmagy gadagan etdi. Dekabryň başynda bolan sowukdan gaty kösendik. Odun ýakyp ýyladyşhanamyzdaky gök önümlerimizi we lemon agajymyzy aman alyp galmak başartdy" diýip ýerli daýhanlaryň biri gürrüň berdi.

Daýhanlaryň sözlerine görä, ýyladyşhanalary maýlatmak üçin mümkinçilikler örän çäkli, sebäbi gaz bilen ýylatmak gadagan, emma munuň üçin elektrik toguny ulanmak hem gadagan.

"Elektrik togy bilen işleýän ýyladyş gazanlara hem rugsat ýok. Kömür hem Türkmenistanda satylmaýar. Sazak hem gyzyl kitaba girizildi, ony çapmak gadagan, eger ele düşäýseň jerimesine öýüňi satdyrýarlar" diýip, öz ýyladyşhanalarynda pomidor ýetişdirýän ýerli daýhan gürrüň berýär.

Türkmenistanda häkimiýetler hususy ýyladyşhanalar babatynda wagtal-wagtal çäre görýär. Soňky iki ýylyň gyş paslynda häkimiýetler hususy ýyladyşhanalaryň gaz üpjünçiligini köpçülikleýin kesip başlady. Lebap welaýatynda bolan bu ýagdaýyň sebäbi resmi taýdan düşündirilmedik hem bolsa, bu ýurt ýolbaşçylarynyň gyş aýlarynda senagat we önümçilik desgalaryny tebigy gaz bilen üpjünçiligini berk talap etmeginiň yzýanyna gabat gelipdi. Şonda ilata gazyň ýetmeýändigi aýdylypdy.

Tebigy gazyny eksport edýän Türkmenistanda gyş paslynda ýyllarboýy ýaşaýyş jaýlarynyň gaz üpjünçiligi hem kesilip durýar.

Azatlyk bilen adyny efirde agzamazlyk şertli gürleşen balkanly ýaşaýjylar gök önüm ýetişdirip satýandyklaryny we munuň öz maşgalalaryny eklemek üçin ýeke-täk girdeji bolýandygyny aýtdylar.

"Biziň maşgalamyzda býujetden aýlyk alýan adam ýok. Güzeranymyz şu ýyladyşhana bagly. Dekabrdaky sowukda bäş hojalykda ýyladyşhanalardaky pomidorlary sowuk urdy" diýip, Bereket etrabyndaky ýene bir obanyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Degişli maglumat Ýyladyşhana eýeleri, gaz hünärmenleri mümkin dildüwşük hadysalary boýunça derňelýär

Daýhanlar azyk ýetişdirmek işleriniň agyrdygyny, tebigy şertleriniň tomsuň yssysynda suwsuzlygyň we gyşda sowugyň önümçilik işlerini uly töwekgelçilik astyna salýandygyny we özleriniň döwletiň goldawyna mätäçdigini aýdýarlar.

"Döwlet önüm öndürýän adamlary goldamaga derek, diňe öňüne böwet bolýar. Şu günler Türkmenistanyň ähli ýerlerinde 1 kilogram pomidor 20-25 manatdan, hyýar hem şol bahadan satylýar. Bu halkymyz üçin gaty gymmat bolýar. Halkyň köp bölegi 500 manat pensiýa bilen günini görýär. Maşgala sebedi üçin un, ýag, et, tüwi kartoşka, sogan we beýleki zatlardan artmaýan hojalyklar nädip ter pomidor, hyýar we miwe satyn alyp iýsin. Adamlar üçin elýeter bolar ýaly önüm köp bolmaly" diýip, balkanly ýaşaýjy aýdýar.

Alyjylar gök önümleriň gymmatlygynda, ýyladyşhanalarda önüm ýetişdirýän daýhanlar bolsa, öz önümlerini sowukdan goramakdaky kynçylyklardan zeýrenýärkä, häkimiýet resmileri problemalaryň bardygyny boýun almakdan ýüz öwürýärler. Bu aralykda ýurtda azyk ýetmezçligi alty ýyldan gowrak wagtlap saklanyp gelýär.

Degişli maglumat Farapda käbir ýyladyşhanalaryň gaz üpjünçiligi kesildi

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.