Balkanly çagalar dynç alyş wagtyny agyr işde işläp geçirmeli bolýarlar

Bazarda işleýän çaga. Iýul, 2024. Türkmenistanda köp çaga tomusky dynç alyş möwsümini agyr işde işläp geçirýär.

Tomus aýlary çagalaryň köp işleýän pasly bolýar. Okuwdan dynç alýan mekdep okuwçylarynyň ençemesi kanikullaryny agyr zähmetde geçirýärler. Azatlygyň habarçylary Balkan welaýatyndaky bazarlarda işleýän çagalaryň gündeki durmuşy barada habar berýärler.

Balkan welaýatynyň bazarlarynda şu günler işleýän çagalary köp görse bolýar. 10-14 ýaş aralygyndaky ýetginjekler ýük daşap gazanç etmäge synanyşýarlar.

"Bereket we Balkanabat şäherlerinde bazarlarda indi 6-njy we 8-nji klas aralygyndaky çagalaryň onlarçasyny görse bolýar. Ol el araba bilen ýüz kilogramdan agyr ýükleri eltip bermek hyzmatlaryny hödürläp, satyjylara we alyjylara hyzmat edýärler. Bazaryň içinden uly ýola 100 kilogram çemesi ýüki çykaryp, takmynan 600 metr aralyga alyp barýarlar we bu işine 5 manat iş hakyny soraýarlar, emma çagalara diňe 1 ýa-da 2 manat pul berip gidýänler hem az däl" diýip, habarçymyz gürrüň berýär.

Degişli maglumat Işsizlik ilat köpçüliginiň çagalaryny kadaly naharlamak we okatmak mümkinçiligini elinden alýar

Habarçylar ýerli ýaşaýjylaryň kanikul möwsüminde çagalaryň okuwdan boş bolup, gazanç etmegine mümkinçilik döremegine begenýändigini belleýär.

"Balkanyň daýhan bazarlarynda tomusky kanikul çagalaryň gazanç etmegine, maşgalasyna bäş manat goşant goşmagyna şert döredýär" diýip, habarçy belleýär.

Bazarlaryň birinde okaýan 6-njy synyp okuwçysy öz ene-atasynyň gazanjynyň maşgalany dolandyrmak üçin ýetmeýändigi sebäpli 3 aýlyk tomus kanikuly döwründe özüniň araba sürüp, her gün 25-30 manat aralygynda pul gazanýandygyny, emma şondan her hepdede bir sapar bazar administrasiýasyna hem-de polisiýa 50 manatdan para bermeli bolýandygyny gürrüň berdi.

"Bazar administrasiýasyna we polisiýa her hepdede bir sapar 50 manatdan para bermeli, bolmasa çagalara gazanç etmäge rugsat bermeýärler" diýip, Balkanabadyň bazarlarynyň birinde işleýän ýetginjek anonimlik şertde gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol käbir satyjylaryň we alyjylaryň hem ýükçiniň çykgynsyz ýagdaýyndan peýdalanyp, agyr zähmetine görä pul bermän, ujypsyz pul berip gidýändigini aýtdy.

"Käbiri ýüki menzile eltip berenimden soň 50 teňňe ýada 1-2 manat berip, 'saňa bolýar' diýip kemsidip gidýänler hem bolýar" diýip, ýetginjek gürrüň berdi.

Mekdep okuwçysy 40 gradus yssa ýa-da ýagyşly howa garamazdan, bazarda gazanç etmäge uly zerurlygynyň bardygyny aýdýar. Ol dynç almaga özünde hiç hili mümkinçiligiň ýokdugyny, hatda dynç alyş öýlerine mugtuna ýollanma berilse-de, gidip bilmejegini aýtdy.

"Ýok, men gazanç etmesem bolmaýar. Maşgalama goşant goşmasam ejemiň dermanlaryna pul ýok" diýip, oglanjyk aýdýar.

Türkmen resmileri we habar beriş serişdeleri çagalaryň zähmet çekmegi we ilatyň garyplygy bilen bagly meseläni gozgamaýarlar. Resmi media döwletiň "bagtly çagalyk syýasatyny" wasp edýär we çagalaryň dynç almagy üçin ähli şertleriň döredýändigini habar berýär.

Bu aralykda mekdeplere ýurduň Gökderedäki we Awazadaky dynç alyş merkezlerine ýollanmalary ýerleşdirmek işi tabşyrylýar.

Degişli maglumat Türkmenistanda çagalar “hökümetiň ýalňyş ykdysady we sosial syýasatyndan ejir çekýär”

Azatlygyň Balkandaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, hususan-da Balkanabatdaky her mekdebe okuwçylary dynç alyş merkezlerine ugratmak üçin onlarça ýollanma berlipdir, emma 20 günlük dynç alyşyň bahasy 3 müň manada ýetýär. Resmi kurs boýunça 857 amerikan dollaryna barabar bu baha köpçülik üçin elýeterli däl.

Habarçylar ýerli ilat köpçüliginiň örän garypdygyny, işsizlik zerarly adamlaryň islendik iş etmäge mejbur bolýandygyny, şu günler bazarlarda arabaly ýük daşap, gazanç edýän pensiýa ýaşyndaky zenanlaryň hem köpelendigini belleýärler.

Türkmenistanda halk köpçüliginiň durmuş derejesiniň peselmegi çagalaryň durmuşyna agyr täsir ýetirýär. Çagalaryň ençemesi mekdebe gatnamak üçin geýim we esbap alyp bilmeýärler. Okuw ýylynyň öňüsyrasynda mekdep zerurlyklary üçin işläp, ýa-da dilegçilik edip, pul toplaýan çagalar ýyl-ýyldan köpelýär.

Hökümet tarapyndan ykrar edilmeýän agyr işsizlik zerarly öz çagalaryny kadaly eklemekden ejiz bolup, hatda naharlap bilmeýän maşgalalaryň sany artýar.

Degişli maglumat Türkmenabatda gyşky dynç alşynda dilegçilik edýän çagalar göz-görtele köpeldi

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.