Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda gyşky dynç alşynda dilegçilik edýän çagalar göz-görtele köpeldi


Bazarlarda goşmaça gazanjyň gözlegine çykan çagalaryň arasynda hojalyklarda bişirilen azyk önümlerini satyp, maşgala eklenjine kömek etmäge çalyşýanlar hem bar. (Illvustrasiva suraty)
Bazarlarda goşmaça gazanjyň gözlegine çykan çagalaryň arasynda hojalyklarda bişirilen azyk önümlerini satyp, maşgala eklenjine kömek etmäge çalyşýanlar hem bar. (Illvustrasiva suraty)

Lebabyň Türkmenabat şäheriniň bazarlarynda sadaka soraýan, dilegçilik edýän çagalaryň köpelendigini synlasa bolýar. Mekdep ýaşlaryndaky çagalar özleriniň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň agyrdygyny belläp, gyşky dynç alyş günlerinde maşgala eklenjine kömek etmäge çalyşýandyklaryny aýdýarlar.

"Gazanç gözlegindäki çagalaryň sany mekdeplerde gyşky dynç alyş günleriniň başlamagy bilen, geçen hepdäniň ilkinji günlerinde köpelip başlady. Takmynan 4-5-nji synplarda okaýan çagalary şäheriň ‘Gök' we 'Mekan' bazarlarynda synlasa bolýar" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 8-nji ýanwarda aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuw ýylynyň ikinji çärýegi tamamlanyp, gyşky dynç alyş günleri dowam edýär. Mekdeplerde gyşky dynç alyş günleri adatça dekabryň 29-dan ýanwaryň 13-i aralygyny öz içine alýar.

“Çagalar ellerini uzadyp, azyk satyn alvan alyjylardan esasan pul soraýarlar. Birine pul berseň, dilegçilik edip ýörän beýleki çagalar hem bereniňi görüp, dessine ylgap ýanyňa gelýärler we her biri ‘maňa-da pul beräýiň’ diýýär” diýip, lebaply alyjy anonim şertde gürrüň berdi.

Çagalaryň käbiri bolsa, alyjylardan azyk satyn alyp bermegi ýa-da satyn alan harydyndan bölüp bermegi haýyş edýär.

“Çagalar ‘daýza, daýy’ diýip ýanyňa gelýärler we ‘satyn alan peýniriňden maňa-da bölüp beräý, häzir men aç galdym, maşgalam aç galdy’ diýýärler. Köp adamyň olara nebsi agyrap, satyn alan azygyndan bölüp berýär” diýip, türkmenabatly başga bir ýaşaýjy aýtdy.

Habarçymyz ýaşaýyş-durmuş şertleri peselýän raýatlaryň barha köpelýändigini, käbir hojalyklarda günde bir gezek-de yssy naharyň bişmeýändigini belleýär.

Bazarlarda gazanç gözlegine çykan çagalaryň ählisi dilegçilik etmeýär. Olaryň arasynda hojalyklarda bişirilen azyk önümlerini satyp, maşgala eklenjine kömek etmäge çalyşýanlar hem bar.

“10-12 ýaşlaryndaky gyzjagazlar üsti saçak bilen ýapylan podnosda somsa satýarlar. Olar bu podnosy ellerinde göterip, bazaryň içinde aýlanyp, alyjylara we satyjylara somsalary satyn almagy hödürleýärler. Olar mekdep kanikulynda gazanç etmek üçin ejesiniň bişirip beren somsalaryny satýandyklaryny aýdýarlar” diýip, türkmenabatly alyjy belledi.

Indi alty ýyl gowrak wagt bäri ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Türkmenistanda ilat giň ýaýran işsizlik, hyzmatlaryň we harytlaryň yzygiderli gymmatlamagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Bu faktorlaryň arasynda, güzeran eklenji barha agyrlaşyp, garyplyk bilen ýüzbe-ýüz bolýan hojalyklaryň, şeýle-de dilegçilik etmäge, zibil dörmäge mejbur bolýan raýatlaryň köpelendigini synlasa bolýar.

Soňky ýyllarda, hususan-da, tomus aýlarynda gazanç etmäge, dürli işlerde işlemäge, plastik gaplary ýygnamaga ýa-da dilegçilik etmäge mejbur bolýan çagalar hem köpelýär.

Geçen ýylyň oktýabrynda Aşgabatdaky habarçylarymyz dynç günlerinde bazarlarda, restoranlarda ýa-da hususy hojalyklarda zähmet çekýän mekdep okuwçylarynyň köpelýändigini hem habar berdiler.

Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklary we onuň getiren netijelerini, hususan-da, çagalara ýetirýän täsirlerini boýun alyp, aç-açan mesele gozgamaýarlar. Häkimiýetler ýurtdaky işsizleriň we döwletiň maddy kömegine mätäç maşgalalaryň anyk sanyny hem äşgär etmeýärler.

Muňa derek, häkimiýetler dilegçileriň we zibil dörýänleriň “prezidentiň we ýurduň abraýyna kölege salýandygyny” aýdyp, olara garşy wagtal-wagtal reýd geçirýärler.

Mundan başga-da, ýurduň käbir sebitlerinde mollalar dindarlardan sadakalaryny “el serýän adamlara” däl-de, metjidiň özünde dikilen sandyklara oklamagy soraýarlar.

Berk döwlet gözegçiligindäki resmi media bu ýagdaýlar barada hiç hili gürrüň gozgamazdan, raýatlaryň, şol sanda çagalaryň “bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny” her gün diýen ýaly öňe sürýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG