Balkanda SIM kartalary satylmaýar, Aşgabatda we Türkmenabatda internet haýallady

“Aşgabat şäher telefon ulgamy” (AŞTU) aragatnaşyk kompaniýasynyň edarasy. Türkmenistan

Balkanyň iri şäherlerinde "Altyn Asyryň" SIM kartalary satuwda ýok. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, günbatar sebitde bir aý wagt bäri elýeterli bolmadyk SIM kartalarynyň wagtlaýyn satuwdan aýrylandygy müşderilere mobil kampaniýasynyň ýerli ofislerinde habar berlip, sebäbi düşündirilipdir.

"Türkmenbaşydaky we Balkanabatdaky TMcell şahamçalary '71' kod bilen başlanýan SIM karta belgileriniň ýurtda gutarandygy sebäpli SIM karta satuwynyň ýylyň ahyryna çenli wagtlaýyn togtadylandygyny aýdýarlar" diýip, Azatlygyň balkanly habarçysy 12-nji sentýabrda habar berdi.

TMcell-iň ýerli edaralarynyň işgärleriniň aýtmagyna görä, ýylyň aýagynda "72" kod bilen başlanýan SIM karta belgileriniň satuwa çykarylmagyna garaşylýar, şoňa çenli SIM kartalaryň satuwy bes edilipdir.

Degişli maglumat Aşgabatda mobil telefonlary üçin SIM kartalaryň satuwy bes edildi

Türkmenistanyň mobil aragatnaşyk hyzmatlaryny ýeke-täk üpjün edýän “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasy 70, 71 we 72-lik kod bilen başlanýan täze belgilerini işe girizýändigini geçen ýylyň noýabrynda müşderilere SMS arkaly habar beripdi. Şondan bäri paýtagtda we ýurduň beýleki ýerlerinde SIM kartalaryň söwdasy yzly-yzyna togtadylýar.

Türkmenbaşynyň ýaşaýjylary SIM kartalaryň satuwda bolmazlygynyň gaýtalanyp durmagyndan nägile bolýarlar.

"Bu ýagdaý gaýtalanýar. Eger SIM kart almak isleseň dekabrda geliň diýärler. Geçen bir aýyň dowamynda adamlar SIM karta almak üçin Aşgabada gidip gelmeli boldular. Adamlar internet mümkinçiligi çäkli bolsa-da, SIM karta zar bolduk. Aragatnaşyk üçin SIM karta häzirki döwürde suw we howa ýaly gerek zat" diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy aýdýar.

Azatlyk bilen anonim gürleşen balkanly ýaşaýjylar täze SIM kartalara uly zerurlygyň bardygyny aýdýarlar.

"Mekdebi tamamlap orta hünär we ýokary okuw jaýlaryna girmegi başaran ýaşlara SIM kartalar gerek. Olara okuw jaýlarynda ulanmak gadagan edilen hem bolsa, okuwdan boş wagtlary umumy ýaşaýyş jaýlarynda ene-atalary we ýakynlary bilen habarlaşmaly" diýip, balkanabatly ýaşaýjy aýdýar.

Bu aralykda Balkan welaýatyndaky okuw jaýlarynyň birnäçesinde ýaşlardan smartfonlara derek ýönekeý mobil telefonlaryny ulanmak talap edilýär. Nebit-gaz uniwersitetine degişli tehnikum we deňiz instituty, mugallymçylyk, lukmançylyk orta hünär mekdepleri we beýleki orta hünär okuw jaýlary ýaly bilim edaralarynda studentlerden Android smartfonlaryna derek internete girmek mümkinçiligi bolmadyk we kamerasyz ýönekeý telefonlara geçmek talap edilipdir.

"Studentler diplomlaryny alýança olara internetden peýdalanmak gadagan. Okuw jaýlarynyň çäginde we umumy ýaşaýyş jaýynda smartfon bolmaly däl" diýip, balkanly student aýdýar.

Ýurtda ilat üçin aragatnaşyk hyzmatlarynyň, şol sanda internetiň elýeterliligi çäkli bolmagynda galýar.

4-njy sentýabrdan bäri Aşgabatda we Türkmenabatda internetiň hiliniň hasam peselendigini bu şäherleriň ýaşaýjylary gürrüň berdiler.

“Routerimiň durnukly ýanyp durmaly çyrajygy, tiz-tizden oçüp ýanyp durýar. Smartfonymda bolsa, wi-fi çatylmaklyk yşaratyny görkezýän indikator hem ýygy-ýygydan ýitýär” diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýdýar.

Internet akymynyň we tizliginiň durnuksyzlygyny VPN ussalary we IT hünärmenleri hem tassykladylar.

Degişli maglumat Begenç gynanja öwrüldi. TMCELL-iň 'täzeligi' Täze ýyl baýramçylygyna kölege salýar

“Sekuntda 4 megabit maglumaty tordan ýükläp bilýän we 4 megabiti tora ýükläp bilýän wi-fi bu günlerde “speedtest”- onlaýn anyklaýjysynda 500 kilobit/s tizligi görkezýär. Bu internetiň tizliginiň peselenligini görkezýär we şu sebäpden bar VPN-ler işlemän galdy” diýip, türkmenabatly VPN gurnaýjy ussa aýdýar.

Türkmenabadyň ýaşaýjysy daşary ýurtda ýaşaýan ogly bilen bir hepde bäri IMO sosial ulgamynda wideo jaň arkaly habarlaşyp bilmeýändigini gürrüň berdi.

“Aýyna 20 dollara ýakyn internet üçin pul töleýärin. Balamy bolsa görüp bilemok. Telekomyň edarasyna baryp arz etdim, maňa: 'Halamaýan bolsaňyz internet aragatnaşykdan ýüz owrüp bilersiňiz' diýip goýberdiler” diýip, lebaply zenan gürrüň berdi.

Türkmenistanda internet akymy we tizligi yzly-yzyna erbetleşýär. Ilatyň maglumat almak hukugyny bozmakda tankyt edilýän Türkmenistan ýyllarboýy dünýä derejesinde iň haýal we gymmat internetli ýurtlaryň hatarynda galýar.

Degişli maglumat Ýaşaýjylar telefon, internet hyzmatlarynyň hiliniň 'hukuk meselesidigini' aýdýarlar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.