Azatlygyň habarçysyna soňky bir aýda üçünji gezek hüjüm edildi

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa soňky bir aýyň dowamynda indi üçünji gezek hüjüme duçar boldy.

Şu gün, ýagny 25-nji noýabrda sagat 10:40 töweregi Açylowa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Aşgabatdaky Informasiýa merkezinden gaýdyp, öýüniň golaýyndaky duralgada awtobusdan düşýär. Ol öýüne tarap 100 metr çemesi ýöränden soň, özüniň duýdansyz ýüzin ýykylandygyny we şondan soň üstünden tigir bilen geçilendigini aýdýar.

67 ýaşyndaky Açylowa ýerinden turup, daş-töweregine seredende, golaýynda dört sany welosipedli, ýagny tigirli adamyň saklanandygyny görýär.

“Welosipedliler, hamana, tötänden meniň ýanymda çolaşan ýaly bolup, dördüsem saklandy. Olaryň biri menden “hiç ýeriň agyrmadymy?” diýip sorady. Menem: “Häzir agradymy ýa-da agramadymy görkezerin” diýip ýerimden turup, kameramy çykaryp, surata almakçy boldum. Soňra olar meniň üstüme topuldylar we kameramy almakçy boldular. Menem dessine kameramy jübime salyp gizledim. Azajyk ýöräp başladym welin, olar eýýäm gaçmak bilen boldular” diýip, Soltan Açylowa gürrüň berýär.

“Şu işi ýörite gulluklar tarapyndan gurnaldy”

Açylowa bu tigirli adamlaryň irden öýünden çykan mahaly hem öýüniň töwereginde aýlanyp ýörenini görendigini aýdyp, ol özüniň “ýöriteläp tigir bilen kakdyrylandygyna we üstünden tigir bilen geçilendigine” ynanýandygyny aýdýar.

“Men muny awtobusda gelýän mahalym aňladym. Biri meniň yzyma düşýän ýaly boldy, onuň elinde telefony bardy. Şol meniň yzyma düşüp, meniň awtobusdan düşenimi habar beren bolmaly. Şeýle-de, men irden öýden çykanymda, şol welosipedlileriň öýüň töwereginde aýlanyp ýörenini gördüm. Men şolara bilesigelijik bilen seredipdim. Ýöne şolaryň meniň kastyma çykarylyp, öýümiň daşynda aýlanyp ýörendiklerini pikirem etmändirin. Men şu işi ýörite gulluklar tarapyndan gurnalan nobatdaky hüjüm diýip hasaplaýaryn” diýip, Açylowa gürrüň berýär.

Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, bu soňky bir aýyň dowamynda Soltan Açylowa edilen üçünji hüjümdir. Olaryň birinjisi geçen aýyň ahyrynda bolup, şonda Açylowa öz žurnalistlik işini berjaý edýän mahaly, polisiýa tarapyndan soraga çekilip, nämälim adamlar tarapyndan onuň kamerasy talanypdy.

Şeýle-de, şu aýyň başynda Açylowa Türkmenistanyň Arçman şypahanasynda bejergi alýan mahaly, hüjüme sezewar edilipdi we ondan şypahanany terk etmeklik soralypdy.

“Tankydy dymdyrmak üçin edilen ýene bir synanyşyk”

21-nji noýabrda “Serhetsiz Reportýorlar” (Reporters Without Borders) guramasy ýörite beýanat ýaýradyp, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa garşy edilýän yzygiderli hüjümleri we kemsidiji hereketleri ýazgardy.

Şu aýyň başynda “Human Rights Watch” guramasy hem ýörite beýanat ýaýradyp, onda Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça başlygynyň orunbasary Rachel Denber “Açylowanyň agyr başdan geçirenleri [ýurtdaky] tankydy dymdyrmak üçin edilen ýene bir synanyşyk” diýdi.

Şeýle-de, ol Türkmenistanda medianyň doly diýen ýaly hökümetiň kontrollygynda saklanýandygyny aýdyp, “Türkmenistanyň halkara partnýorlary ýurduň içinden garaşsyz maglumatlary habar bermäge synanyşýan sanlyja garaşsyz žurnaliste abanýan howp-haýbatlary soňa goýmazdan ýazgarmalydyr” diýdi.

Türkmenistan “Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň dünýäde metbugat azatlygynyň derejesi boýunça ýaýradýan ýyllyk hasabatlarynda indi ençeme ýyl bäri iň ýaramaz görkezijileriň birine eýe bolup, ol 180 döwletiň arasynda 178-nji orunda ýerleşdirilýär.