Aşgabatlylar etrapçalardaky zir-zibil çelekleriniň kadaly arassalanmazlygyndan şikaýat edýärler. Olar çelekleriň her üç-dört günde bir gezek arassalanýandygyny, olaryň daşynyň zibilden dolýandygyny aýdýarlar. Munuň bilen bagly, töwerekde ýakymsyz ys ýaýraýar we bu ýerlerde dürli mör-möjekler üýşýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 1-nji martda paýtagtdan maglumat berdiler.
“Ýaşaýjylaryň hojalyk galyndylaryny taşlamaklary kyn meselä öwrüldi. Sebäbi çelekleriň içi we daşy, şeýle-de olaryň töwerekleri zibilden dolup, olaryň golaýyna barar ýaly däl” diýip, aşgabatly bir ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.
Käbir etrapçalarda ýaşaýjylar zibilden ýaňa çelekleriň daş-töweregine baryp bolmaýanlygy sebäpli, onuň baryp bolýan ýerine çenli baryp, zir-zibillerini ýere dökmeli bolýandyklaryny aýdýarlar.
Degişli maglumat Marynyň obalarynda zibil çelekleri hepdede bir gezek-de arassalanmaýar“Howanyň yssy günlerinde töwerekde ýakymsyz ys ýaýraýar. Ýakymsyz ys uzak aralyga çenli ýetýär. Bu ýerlerde dürli mör-möjekler, şol sanda siňekler üýşýär. Bu ýer ýokanç keselleriň ýaýramagynyň özeni bolup hyzmat edýär” diýip, paýtagtly ýaşaýjy belledi.
Bu ýagdaýlara paýtagtyň esasan sowetler döwründe gurlan etrapçalaryndaky, hususan-da, 1-nji, 2-nji, 3-nji, 4-nji, 6-njy, 9-njy we 30-njy etrapçalaryndaky we Howdan B ýaşaýyş toplumyndaky, Kim etrapçasyndaky dört we bäş gatly jaýlaryň töwereklerinde duş gelse bolýar.
Ýaşaýjylar hojalyk hyzmatlarynyň, şol sanda zibil üçin tölegleriň ýylyň-ýylyna ýokarlanýandygyny, muňa garamazdan, häkimiýetleriň öz üstüne alan borçlaryny doly ýerine ýetirip bilmeýändigini aýdyp, nägilelik bildirýärler.
“Ýaşaýyş jaý toplumlaryndaky zibil nokatlarynyň her birinde dört-bäş sany çelek bolmaly, ýöne oňa derek diňe bir ýa-da iki sany çelek bar. Üstesine-de, Jemagat hojalygy müdirliginiň zir-zibil bölümi günde gelip, çelekleri arassalamaly. Ýöne olar her üç-dört günden bir gelýärler. Häkimiýetleriň ýaşaýjylardan alýan puly ýylyň-ýylyna artsa-da, olaryň hödürleýän hyzmatlarynyň hili halky gönendirmeýär” diýip, ýaşaýjy belledi.
Ýaşaýjylaryň ençemesi çelekleriň arassalanmagyny sorap, etrap we şäher häkimliklerine ençeme gezek ýüz tutandyklaryny, ýöne netije bolmandygyny hem aýtdy.
Degişli maglumat Lebapda ilatdan hojalyk hyzmatlary üçin tölegleri tizden-tiz geçirmek talap edilýärAzatlyga bu ýagdaýlar barada Aşgabadyň häkimiýetlerinden, şol sanda Jemagat hojalygy müdirliginden teswir almak başartmady.
Ýöne müdirligiň habarçymyz bilen anonim şertde söhbetdeş bolan işgäri agzalýan problemalaryň bardygyny tassyklap, munuň döwlet tarapyndan ýeterlik maliýe serişdesiniň goýberilmezligi we netijede, doly bejeriş işlerine mätäç tehnikalaryň hatardan çykmagy bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.
“Täze çelekleri satyn almaga serişde ýok. Sebäbi müdirlige berilýän maliýe serişdesiniň möçberi her ýyl kemeldilmese köpeldilmeýär. Şol sebäpli müdirligiň material-tehnika bazasy agyr hala düşdi. Ätiýaçlyk şaýlarynyň ýoklugy sebäpli zibil daşaýan tehnikalaryň 60%-den gowragy asla bejerilmez hala geldi” diýip, müdirligiň bir işgäri aýtdy.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda zibil çelekleriniň wagtynda arassalanmazlygy ýiti problema öwrülýär. Ýurduň dürli sebitlerindäki, şol sanda paýtagtdaky habarçylarymyz bu ýagdaýlar barada maglumat berip gelýärler.
Türkmen häkimiýetleriniň geçirýän hökümet maslahatlarynda ýurduň arassaçylyk we abadançylyk derejesini yzygiderli gözegçilikde saklamak meselesi ýygy-ýygydan ara alnyp maslahatlaşylýar.
Ýöne ýurt häkimiýetleri we media serişdeleri zibil çelekleriniň wagtynda arassalanmazlygy bilen bagly ýyllarboýy dowam edip gelýän ýagdaýlar barada hiç zat aýtmaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.