Aşgabadyň 11-nji etrapçasynda ýerleşýän köp gatly jaýlarda, şäher häkimliginiň buýrugy bilen, sowadyjylar sökülýär diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 14-nji iýunda paýtagtdan maglumat berdi.
“Bu gezek dört gatly jaýlaryň köçe tarapyndaky, jaýlaryň sag we sol taraplaryndaky sowadyjylar sökülýär” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri söküş işleriniň şäher häkimliginiň ýaşaýyş jaý ulanyş müdirligine iberen görkezmesi esasynda ýerine ýetirilýändigini aýdýarlar. Kondisionerleri sökmek işlerine müdirligiň işgärleri we tehnikalary çekilýär.
Häkimiýetler tomus aýlarynda indi 10 ýyla golaý wagt bäri paýtagtyň köp gatly jaýlarynda oturdylan kondisionerlere garşy tutanýerli göreş alyp barýarlar. Bu çäreler 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda has-da güýçli depginlerde alnyp baryldy.
Degişli maglumat Yssy howa şertlerinde Türkmenbaşynyň häkimiýetleri jaýlardaky split-ulgamlaryny sökýärHäkimiýetler kondisionerleriň sökülmeginiň sebäpleri boýunça köplenç anyk düşündiriş bermediler. Ýöne bu çäreler wagtal-wagtal şäheriň görküne timar bermek synanyşyklary hökmünde kabul edildi.
Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy 11-nji etrapçanyň köp gatly jaýlarynda üç aý çemesi mundan ozal hem kondisionerleriň sökülip, olaryň bir setirde oturdylmagynyň talap edilendigini habar berýär.
Häzirki söküş işlerine dört sany agyr tehnika we ýaşaýyş jaý ulanyş müdirliginiň işçileri gatnaşýar.
Kondisionerler aýrylanda jaý eýeleriniň razyçylygy alynmaýar.
“Santehnikler ýaşaýjylaryň razyçylygy bolmazdan, ýörite tehnikalary ulanyp, ýokarky gatlarda oturdylan kondisionerleri goparyp aýyrýarlar we ýere taşlaýarlar” diýip, bir şäher ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Köp gatly jaýlaryň ýaşaýjylary howanyň temperaturasynyň 40 gradusdan hem aşýan günlerinde split ulgamlaryndan mahrum bolup, dymyk otaglarda ýaşamaga mejbur bolýarlar.
“Şäher häkimi güýmenje tapmasa, ýaşaýjylaryň sowadyjylaryna yrsaramagy makul hasaplaýan ýaly bolup görünýär” diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar.
Aşgabatda köp gatly jaýlardaky kondisionerleri aýyrmak düzgüni ilkibaşda 2013-nji ýylda şäheriň protokol köçeleriniň ugrunda berjaý edilip başlandy. Şonda häkimiýetler möhüm köçelerde ýerleşýän köp gatly jaýlaryň daş ýüzünde split ulgamlarynyň görünmezligini talap edip başladylar. Bu ýagdaý, howpsuzlyk kadalaryna garamazdan, kondisionerleriň jaýlaryň iç ýüzünde oturdylyp başlanylmagyna getirdi.
Degişli maglumat Aşgabatda jaýlaryň girelgelerindäki kondisionerler köpçülikleýin aýrylýar2015-nji ýylda ýerli häkimiýetler Parahat etrapçasynda ýerleşýän köp gatly jaýlarda split ulgamlarynyň bir setire düzülmegini talap edip başladylar.
2016-njy ýylyň tomsunda köp gatly jaýlardaky kondisionerleri sökmek işleri Parahat 1, Parahat 2 etrapçalarynda giň gerime eýe boldy. Şondan bir ýyl ozal, Aşgabatda kondisionerleriň sökülmegine garşy şäher ýaşaýjylary tarapyndan kiçeňräk protest çäresi hem guramalaşdyryldy.
2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Bäşinji Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda, şäherde köp gatly jaýlardaky split ulgamlaryny aýyrmak işleri has-da batlandy.
Ýöne halkara sport çäresinden soňra hem kondisionerleri sökmek işleri dowam etdi.
Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýaňy-ýakynda Balkan welaýatynyň sebit merkezinde hem häkimiýetleriň, elektrik energiýasyndan tygşytly peýdalanmak çäreleriniň çäklerinde, her hojalykda bir kondisionerden peýdalanylmagyna rugsat berilýändigini habar berdiler.
Redaksiýa paýtagtda kondisionerleriň gaýtadan sökülip başlanmagy boýunça şäher häkimliginden teswir alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.