Aşgabatda polisiýanyň köçelere gözegçiligi Täze ýyl baýramçylygyndan bäri ýokary derejede bolmagynda galýar. Polisiýa işgärleri agşam sagat 9-dan soň köçä çykan raýatlaryň şahsyýetini anyklaýan resminamalaryny barlaýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji ýanwarda paýtagtdan maglumat berdi.
“Polisiýa gije pyýada ýöräp barýan ýaşaýjylardan näme sebäpden agşam çagy köçä çykandygyny, nirä barýandygyny sorap, şahsyýetini anyklaýan resminamalary görkezmegi talap edýär. Olaryň erkin gezelenje çykandygyna şübhe bildirilýär. Polisiýa işgärleri ysyrganyp, raýatlaryň serhoşdygyny ýa däldigini hem barlaýarlar” diýip, bu barlaglara sezewar bolan aşgabatly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.
Degişli maglumat Türkmenistanda ilat Täze ýyly berk gözegçilikde, öçügsi bellediPolisiýa raýatlardan jübüsinde bar bolan zatlaryny çykaryp görkezmegi hem talap edýär. Eger raýatlaryň jübüsinden nas ýa-da agyryny azaldýan derman tapylsa, onda olar polisiýa bölümine alnyp gidilýär.
“Bu raýatlaryň eli gara möhüre batyrylyp, olaryň el yzy ak kagyza basylýar. Polisiýa işgärleri bularyň jenaýatlaryň bolup geçen ýerlerinde yz galdyran el möhürleri bilen deňeşdirilýändigini aýdýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly başga bir aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.
Habarçylarymyz soňky ýyllarda raýatlaryň arasynda endamynyň agyrysyny we ýadawlygy azaldýan dermanlary köpçülikleýin we dowamly ulanýan raýatlaryň göz-görtele köpelýändigini aýdýarlar.
“Bu dermanlara garaşly bolan adamlar hem köp. Şol sebäpli jübüsinden bu dermanlar çykýan adamlar hem köp. Bu ýagdaý, jenaýat hadysalary bilen hiç hili arabaglanyşygy bolmadyk adamlaryň hem polisiýa bölümine alnyp gidilmegine we ençeme sagatlap saklanmagyna sebäp bolýar” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz belledi.
Polisiýanyň köçelere güýçli gözegçiliginiň saklanyp galmagy we munuň sebäpleri barada häkimiýetler tarapyndan resmi düşündiriş berilmeýär. Azatlygyň bu barada şäheriň Polisiýa müdirliginden kommentariý almak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.
Türkmenistanda polisiýanyň köçelere gözegçiligi Täze ýylyň öňüsyrasynda, dekabryň ikinji ýarymynda güýçlenip başlady.
Degişli maglumat Türkmenabatda täze ýylyň ilkinji hepdesinde birnäçe ogurlyk boldy31-nji dekabrda Aşgabatda köp sanly dron uçurylyp, şähere ýokardan wideo gözegçilik edildi. Şeýle-de, öňki ýyllardan tapawutlylykda, bu ýyl köçelerde baýramçylyga mahsus haýwanlaryň keşblerine giren ýa-da olaryň keşbindäki maskalary dakynan raýatlar, olary surata düşürýän suratçylar saklanyp, polisiýa bölümine alnyp gidildi.
Türkmen häkimiýetleri baýramçylyklaryň we uly çäreleriň öňüsyrasynda we dowamynda howpsuzlygy güýçlendirip, köçelere gözegçiligi artdyrýarlar. Ýöne adatça bu ýagdaý, baýramçylyklaryň we uly çäreleriň yzysüre aradan aýrylýar.
Aşgabadyň köçelerine gözegçilik etmek çärelerine gatnaşýan polisiýa işgärleriniň ýaşaýjylara aýtmagyna görä, bu gezek gözegçiligiň güýçlendirilen tertipde dowam etdirilmegi, paýtagtda jenaýat hadysalarynyň, şol sanda ogurlyk wakalarynyň köpelendigi bilen baglanyşykly.
“Polisiýa işgärleri gije sagat 11-den soňra köçä asla çykmazlygy maslahat berýärler. Olar gije sagat 11-den soňra köçä çykýanlaryň jenaýat hadysalary bilen aýyplanmak ähtimallygynyň ýokarydygyny duýdurýarlar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.
Bu waka, ýurtda ogurlyk hadysalarynyň ýygjamlaşandygy baradaky maglumatlaryň artan mahalyna gabat geldi. Geçen hepde Lebapdaky habarçylarymyz Türkmenabatda täze ýylyň ilkinji hepdesinde birnäçe ogurlyk hadysasynyň bolandygyny, hususy awtoulaglaryň bölekleriniň we içindäki zatlaryň talanandygyny habar berdiler.
Degişli maglumat Migrant işçiler baýramçylykdan öň paýtagtdan kowulýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.