Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynda ýokary synp mekdep okuwçylarynyň alty sanysy öz deň-duşyna topulyp, ony urup-ýençdi we ýanyndaky puluny aldy. 12-nji fewralda bolan wakada ýenjilen ýetginjek oglan bir gözüniň görejini ýitirdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 13-nji fewralda paýtagtdan maglumat berdi.
“15-nji orta mekdebiň 11-nji synpda okaýan alty sany okuwçysy rus toparynda okaýan bir okuwçy oglana topulyp, ony rehimsizlik bilen urup-ýençdi. Şeýle-de, olar ýenjilen oglanyň ýanyndaky 150 manady hem aldylar” diýip, habarçymyz aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, hüjüm eden okuwçylar ýenjilen oglanyň esasan kellesine ýumruk bilen urupdyrlar.
Degişli maglumat 'Mekdep, köçe arasyndaky uruş'. Türkmen ýaşlarynyň arasynda köçe toparlarynyň 'meşhurlygy' artýar“Urgular zerarly ýenjilen okuwçy oglanyň sag gözi görmesini bes edip, görmesiz hala düşýär” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.
Azatlyk howpsuzlyk aladalary sebäpli ýaşaýjynyň şahsyýetini anyklaýan maglumatlary, şol sanda wezipesini köpçülige ýetirmeýär. Şeýle-de, redaksiýada hüjüm eden oglanlaryň we ýenjilen mekdep okuwçysynyň atlary we familiýalary bolsa-da, olary äşgär etmekden saklanýar.
“Okuwçy oglany urup-ýenjen oglanlar Bagtyýarlyk etrabynyň polisiýa bölümine äkidilip, sülçüler tarapyndan soraga çekilýär” diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.
Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada agzalýan mekdepden, ýerli polisiýa we bilim bölümlerinden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi. Ýöne redaksiýa wakany yzarlamagy dowam edýär.
Bu waka, Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň arasynda köpçülikleýin uruşlaryň ýygy-ýygydan ýüze çykýandygy, “çekeleşikleriň” dürli mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda bolýandygy barada maglumatlaryň gelip gowuşýan mahalyna gabat geldi.
Geçen ýylyň dekabr aýynda Mary welaýatyndaky habarçylarymyz Baýramaly etrabynda 7-nji we 9-njy mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda ýakalaşygyň bolandygyny, uruşda ýaralanan birnäçe okuwçynyň hassahana ýerleşdirilendigini habar berdiler.
Degişli maglumat Türkmenbaşyda ilatdan baýramçylykda özlerine we çagalaryna göz-gulak bolmak barada dil haty alynýarAzatlygyň Aşgabatdaky habarçylary şeýle ýagdaýlaryň paýtagtda hem köpelýändigini, bolýan zatlaryň ene-atalary we polisiýany aladalandyrýandygyny aýtdylar.
"Paýtagtyň mekdeplerinde ahlak we ruhy taýdan çökgünlik çuňlaşýar. 11-nji synpa ýetenlerinde orta mekdep okuwçylary ugruny doly ýitirýärler. Hökümet syýasaty synp bölünişigine, deňsizlige we şahsyýetiň çüpremegine şert döredýär, netijede hukuksyzlyk, kemsitme we ýigrenç ösýär..." diýip, paýtagtly ýaşaýjy dekabr aýynda öz pikirini paýlaşypdy.
Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada habar berip, reaksiýa bildirmeýärler. Ýöne soňky ýyllarda häkimiýetler ene-atalardan howpsuzlygy üpjün etmek we çagalaryna gözegçiligi güýçlendirmek talabyny artdyrýarlar.
Mekdeplerde ýygnaklar geçirilip, okuwçylary alkogol içmekden, çilim çekmekden ýa-da sapakdan gaçmakdan saklamak üçin, ene-atalardan çagalaryna gözegçiligi güýçlendirmek talap edilýär.
Şeýle talaplar barada habarçylarymyz soňky gezek dekabr aýynda maglumat berdiler. Şonda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki ene-atalardan baýramçylykda çagalaryna göz-gulak bolmak barada dil haty alyndy.
Degişli maglumat Türkmenabadyň birnäçe orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda ýakalaşyk boldyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.