Durmuş, ýaşaýyş aladalaryndan gelip çykýan jemgyýetçilik pikir alyşmalarynyň ýygjamlaşmagynyň arasynda, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, häkimiýetler "trollar tagallasyny” güýçlendirýäne çalym edýär. Bu maglumat Azatlygyň studentleriň arasyndan güýç edaralaryna işgär gözlenýändigi, MHM-niň studentlere we ýokary synp okuwçylaryna hyzmatdaşlyk teklip edýändigi baradaky habarlarynyň yz ýanyndan geldi.
Býujet edarasynda kompýuter hünärmeni bolup işleýän söhbetdeşimiziň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, sosial torlarda resmi we ýarym resmi medianyň Berdimuhamedowlar hakynda çykarýan habarlarynyň aşagynda ýurduň awtoritar ýolbaşçylaryny öwýän, "ýurtdaky parahatçylyk üçin" taňryýalkasyn aýdýan teswirler görnetin köpelip başlapdyr.
“Teswir galdyrýan ulanyjylaryň tas ählisiniň profilleri ýapyk, beýlekileri ýokary gatlaga ýakyn bloggerler bolup çykýar. Bu ýagdaý soňky aýlarda has göze ilip başlady" diýip, paýtagtly hünärmen aýtdy.
Şeýle-de, söhbetdeşlerimiz sosial torlarda başga pikirli adamlara edilýän şahsy hüjümleriň, gorkuzmak synanyşyklarynyň has köpelendigini aýdýarlar.
Öz işinde internetden, sosial torlardan kän peýdalanýan maryly telekeçiniň tassyklamagyna görä, özge pikirli raýatlara garşy kemsidiji teswirleri galdyrýan, olara garşy dürli ýarlyklary ulanýan teswirçiler hem görnetin köpelene meňzeýär.
Degişli maglumat Häkimiýetler jemgyýetçilik awtobuslarynda kameralary oturdyp, ilata gözegçiligini güýçlendirýär"Energetika institutyny tamamlap, MHM-niň kiberhowpsuzlyk bölümine işe giren tanşym bu işe ýaşlaryň kän çekilýändigini gürrüň berdi. Şeýle-de ol, bu işi güýçlendirmäge Orsýetden çagyrylan ýörite hünärmenleriň kömek edýändigini aýdy” diýip, maryly telekeçi Azatlygyň habarçysy bilen anonym söhbetdeşlikde aýtdy.
Soňky wagtlarda propagandanyň täze bir usuly – hamala, "halk içinden çykýan pikirler" ýaýrap başlady diýip, Azatlygyň lebaply, daşoguzly söhbetdeşleri aýtdylar.
"Toýlarda, märekelerde, iş we okuw ýerlerinde " ýurdumyzda hemme zat gowy, şükür ediň, uruş ýok, kynçylyk hemme ýurtda hem bar, hökümetimiz bir alajyny tapar" diýen ýaly gürrüň edýän adamlar köpeldi. Özem bu sözler adaty raýatlar tarapyndan ýaýradylýar. Ýöne biraz üns berseň, bu adamlaryň arkasynda häkimiýetleriň durandygy belli bolýar” diýip, köneürgençli hasapçy zenan öz şaýat bolan ýagdaýlary barada gürrüň berdi.
Daşoguzly söhbetdeşimiziň tassyklamagyna görä, "Asuda asman, uruş ýok, parahatçylyk" diýen ýaly gürrüňleri köp edýän adamlaryň arkasynda hem güýç gurluşlary durýar.
"Ýokardan MHM-ä, polisiýa buýruk gelýär, olar hem işgärlerine asuda asman propagandasyny adaty raýatlaryň agzyndan ýaýratmak barada görkezme berýärler” diýip, ozalky polisiýa işgäri aýtdy.
Onuň pikiriçe, bu gürrüňler adamlarda kynçylyklara çydamak, sabyrly bolmak, şükür etmek duýgularyny güýçlendirmek üçin ýaýradylýar.
Ýerli synçylaryň käbiri “trollar tagallasynyň” güýçlendirilmegini döwlet eýeçiligindäki metbugatyň, resmi propagandanyň netijesizligi bilen baglanyşdyrýar.
"Häkimiýetler indi adamlaryň türkmen telewideniýesiniň propagandasyna ynanmaýandygyny gowy bilýärler. Ýöne olaryň gözboýagçylygy dowam etdirmekden başga çäresi ýok. Netijede, otuz ýyllap satylan ýalan propagandany indi ýönekeý adamlaryň üsti bilen satjak bolýarlar” diýip, aşgabatly synçy aýtdy.
Degişli maglumat Häkimiýetleriň “ygtybarsyz raýatlary” anyklamak işleriniň çäginde raýatlaryň öýleri dökülýärEmma muňa garamazdan, anonimlik şertinde gürleşen synçynyň pikiriçe, bu “trollar tagallasy” diňe az sanly raýata täsir eder, sebäbi halk köpçüligi, aglaba adam ýurtda dörän ýagdaýy gowy bilýär we onuň ejirini çekýär”.
“Adamlaryň öz ýagdaýy, garyplyk, ählumumy korrupsiýa, ýapyklyk we diýdimzorluk hakynda barha kän gürrüň etmekden, özara pikir alyşmakdan başga çäresi ýok” diýip, aşgabatly synçy aýtdy.
Azatlygyň habarçylary mundan öň türkmen häkimiýetleriniň studentleriň arasyndan güýç edaralaryna işgär gözleýändigini, Milli howpsuzlyk ministrliginiň talyplara we mekdepleriň ýokary synp okuwçylaryna hyzmatdaşlyk teklip edýändigini habar beripdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.