Şu günler Aşgabadyň gaz edarasynyň işgärleri ýaşaýyş jaýlaryna aýlanyp, ilatyň gaz ölçeýji gurallaryny barlamak çärelerini gaýtadan güýçlendirdiler. Gaz ölçeýjileri oturtmadyk ýaşaýjylara duýduryş haty berilýär. Bu aralykda, Öý dolandyryş müdirliginiň işgärleri resminama almak üçin ýüzlenýän raýatlardan ýyladyş ulgamy üçin töleg geçirmegi talap edýärler.
“Tomus paslynyň ikinji aýy gaz işgärleriniň ýaşaýjylaryň gapylaryny kakmagy bilen başlady. Üç-dört bolup aýlanýan gaz işgärleri esasanam Parahat etrapçalaryndaky jaýlarda gaz ölçeýjileriň dakylyp-dakylmandygyny barlaýarlar” diýip, etrapçanyň ýaşaýjysy 4-nji iýulda gürrüň berdi.
Gaz edaranyň işgärleri hasaplaýjylary oturtmadyk ýaşaýjylara duýduryş hatyny gowşurup, olara bu ýagdaý ikinji gezek gaýtalansa, onda gaz üpjünçiliginiň kesiljekdigini dilden duýdurýarlar.
Degişli maglumat Türkmenbaşynyň ilatyndan gaz, tok we suw hasaplaýjylaryny Balkanabatda barlagdan geçirmek talap edilýär“Ikinji gezek gelenimizde gaz ölçeýji gural bolmasa, onda polisiýa hem ýüzlenmeli bolarys” diýip, ýaşaýjy gaz işgäriniň sözlerini sitirledi.
Ýaşaýjylara, duýduryşyň ýany bilen, “Düşündiriş haty” hem gowşurylýar. Onda ölçeýji oturdylmadyk ýagdaýynda, sarp edilýän tebigy gazyň mukdarynyň ulanylýan gaz enjamlarynyň kuwwatlygy boýunça hasaplanyljakdygy hem duýdurylýar. Bu düzgüniň Türkmenistanyň prezidentiniň 2001-nji ýylyň 3-nji maýyndaky 5227 belgili kararyna esaslanýandygy bellenilýär.
Köp gatly jaýlaryň ýaşaýjylarynyň arasynda "gaz, tok ýa-da suw töleglerini almak üçin gelendirler” diýip, gaz işgärlerine gapylaryny asla açmaýanlar hem bar.
“Bu raýatlar güzeran eklenji juda agyrlaşan ýa-da aýlyklarynyň berilmegine garaşýan ýaşaýjylar” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz aýtdy.
Türkmen hökümeti ilat üçin elektrik energiýasyny, gaz we suw ýeňilliklerini 2018-nji ýylda ýatyrdy we bu karar 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi. Ýurduň prezidenti şonda 25 ýyl ozal girizilen ýeňillikleri ýatyrmak kararyny ilatyň has gowy ýaşap başlandygy we döwletiň goldawyna mätäç däldigi bilen düşündirdi. Şondan soň ýaşaýyş jaýlarynda elektrik, gaz we suw hasaplaýjylary oturtmak işleri we onuň talaba laýyk işleýşine gözegçilikler güýçlendirildi.
Ýöne Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy aradan dört ýarym ýyl geçen bolsa-da, hasaplaýjy gurallary oturtmadyk hojalyklaryň heniz-de bardygyny aýdýar.
“Esasanam Parahat 7-8 ýaşaýyş toplumlaryndaky jaýlaryň tas hiç birinde diýen ýaly hasaplaýjylar oturdylmadyk” diýip, habarçymyz aýtdy.
Degişli maglumat Türkmenistanda hojalyk hyzmatlary üçin bergidarlara dokument bermekden ýüz öwürýärlerAzatlygyň 4-nji iýulda barlaglar barada Aşgabadyň gaz edarasyndan telefon arkaly kommentariýa almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Bu aralykda, Parahat etrapçasyndaky Öý dolandyryş müdirlikleriniň işgärleri “forma 3” kysymly resminama almak üçin ýüzlenýän raýatlardan ýyladyş ulgamynyň tölegini geçirmegi talap edýärler.
“Raýatlardan, ýaşaýyş jaýynyň tutýan meýdanyna görä, 120-150 manat aralygynda töleg soralýar. Bu tölegi geçirmedik raýata resminamany bermeýärler. Üstesine-de, olar raýatlardan gazyň, toguň we suwuň töleglerini geçirendigi baradaky kepilnamany getirmegi hem talap edýärler” diýip, aşgabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Raýatlar gyş paslynyň dowamynda ýyladyş ulgamlarynyň tas işlemändigini aýdyp, resmileriň talabyna nägilelik bildirýärler. Köp ýaşaýjy ýyladyş ulgamy üçin töleg geçirmekden ýüz öwürýär. Resminama zerurlygy dörän raýatlar bolsa, nalaç tölegi geçirýärler.
Ýatlatsak, geçen güýz we gyş paslynyň dowamynda Türkmenistanyň dürli künjeginde, şol sanda paýtagt Aşgabatda ýyladyş ulgamlarynyň kadalay işlemeýändigi, ýyladyş turbalarynyň ýarylyp, hatardan çykandygy barada Azatlyk ençeme gezek habar berdi.
Häkimiýetler indi birnäçe ýyl bäri döwlet edaralarynyň ençemesinden resminama soraýan raýatlardan gaz, suw, tok we ýyladyş ulgamlary üçin tölegleriň geçirilendigi baradaky kepilnamalary talap edýärler.
Degişli maglumat Türkmenbaşyda ýyladyş turbalary yzygiderli hatardan çykýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.