Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynda we käbir döwlet edaralarynda suw üpjünçilik ulgamy ýene-de sandan çykdy. Bagtyýarlyk etrabynda binalaryň birnäçesinde kesilen suw üpjünçiligi uzak günüň dowamynda diňe bir ýaşaýjylaryň durmuşyna täsir ýetirmän, çagalar bagynyň işini hem kynlaşdyrdy.
Bagtyýarlyk etrabynyň il içinde Kim diýlip, atlandyrylýan etrapçada 29-njy ýanwarda tutuş günläp agyz suwy bolmady. Suw üpjünçiligi şol gün irden kesilip, diňe agşam sagat 21:00 töweregende ýola goýuldy. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, ýerli häkimiýetler suwuň kesilmeginiň sebäbini düşündirmändir.
Ýerli ilaty agyz suwsuz galdyran bu ýagdaý etrapçada ýerleşýän №90-njy çagalar bagynyň işinde dürli kynçylyklary döretdi.
Degişli maglumat Aşgabatda 10-a golaý köp gatly jaýyň ýaşaýjylary tas üç günläp suwsuz galdy"Suwuň duýdansyz kesilmegi çagalar bagynyň aşhanasynda işleýän aşpezleri çykgynsyz ýagdaýa saldy. Olar suw bolmazdan, çagalar üçin iýmit taýýarlamakda uly kynçylyklary başdan geçirdi" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz gürrüň berýär.
Şeýle-de, habarçymyz suw üpjünçiliginiň kesilmeginiň döreden kynçylyklaryň netijesinde çagalar bagynyň terbiýeçileriniň iş wezipelerini ýerine ýetimeginde uly bökdençliklere duçar bolandygyny we goşmaça maddy çykdajylary çekendigini habar berdi.
"Terbiýeçiler şahsy pullaryndan pul toplap, golaýdaky dükandan 20 litrlik gaplanan arassa agyz suwuny satyn alyp, iýmit taýýarlanmagy üçin çykdajy etmeli boldular. Ýöne çagalaryň aýak ýolyna, hajathana zerurlyklary hem uly kynçylyk boldy. Terbiýeçiler çagalara azyrak nahar we suw berip, olaryň hajathana hajatlaryny mümkin boldugyndan kemeltmäge çalyşdylar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşme anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy bu ýagdaýyň jikme-jikleri barada bu çagalar bagynyň wekillerinden resmi görnüşde maglumat alyp bilmedi.
Paýtagtyň beýleki böleklerinde bolşy ýaly, ýaşaýjylar tarapyndan Kim diýlip atlandyrylýan bu etrapçada hem suw geçiriji turbalar ýygy-ýygyndan sandan çykýar.
Geçen gezek noýabr aýynda Bagtyýarlyk etrabynyň bu böleginde ýyladyş turbalary ýarylypdy. 1-nji noýabrda ençeme dört gatly ýaşaýyş jaýynyň ýyladyş ulgamyny üpjün edýän turbalaryň hatadan çykmagy zerarly ýyladyş müdirliginiň işgärleri köçäniň 10 metr çemesi bölegini gazyp, iki günläp bejeriş işlerini geçirmeli bolupdy.
Şol ýagdaý ýaşaýjylar, hususan-da, çagaly hojalyklar üçin dürli oňaýsyzlyklary döredip, gijelerine 8 gradusa çenli pese düşen aýazly howada ýaşaýjylar sowuk öýlerinde gün geçirmeli boldular. Ýyladyş problemasyndan başga-da, jaýlaryň suw üpjünçiligi hem bökdençlikli işläp, adamlar suwsuz kösenipdi.
Türkmenistanyň paýtagtynyň infrastrukturasy ýurduň beýleki ýerlerinden has ganymat hasaplanýar. Beýleki şäherlerdäki jemagat hyzmatlarynyň hili hasam pes bolup, ýaşaýyş jaýlarynyň we döwlet binalarynyň tutuş ýylyň dowamynda suw, gaz, elektrik togy bilen üpjünçiliginiň yzly-yzyna kesilmegi we ilatyň uzak wagtlap, suwsuz hem toksuz galmagy ýyllarboýy gaýtalanyp durýar.
29-njy ýanwarda Maryda güýçli ýagyş ýagyp, ygally howa elektrik energiýasynyň üpjünçiliginde bökdençlik döretdi. Gijelerine ýagtylandyrylýan iri köçeler garaňkyda galdy. Käbir köçelerde çyra sütünleri kadaly işlemän, çyralar yzygiderli söndi we ýaşaýjylara oňaýsyzlyk döretdi.
Degişli maglumat Marynyň obalaryna gaz we elektrik kadaly berilmeýär, şäherlerde ýyladyş ulgamlary kadaly işlemeýärÝerlerdäki häkimiýetler jemagat hyzmatlarynyň üpjünçiligindäki bökdençlikleriň sebäbi düşündirmeýärler. Hökümet resmileri ilatyň suw, tok we gaz üpjünçiliginiň kemçilikleriniň hatda bardygyny hem boýun almaýarlar.
Şeýle-de bolsa, hökümet maslahatlarynda resmiler jaýlaryň jemagat hyzmatlarynyň üpjünçiligi ugrunda iş alnyp barylýandygyny yzygiderli hasabat berýärler.
Ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki jemgyýetçilik desgalarynyň ýyladyş, elektrik togy, gaz we agyz suwy bilen üznüksiz üpjünçiligi barada nobatdaky resmi hasabat 29-njy ýanwarda hökümet maslahatynda berildi. Döwlet habar gullugynyň habaryna görä, maslahatda Türkmenistanyň prezidentiniň görkezmesine laýyklykda, ýaşaýyş jaýlarynda, mekdeplerde, çagalar baglarynda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemegine, şeýle hem ilatyň elektrik togy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üznüksiz üpjün edilmegine yzygiderli gözegçilik edilýändigini aýyldy.
Türkmen hökümetiniň bu hasabaty, Bagtyýarlyk etrabynda ýaşaýjylaryň tutuş günläp suwsuz oturan wagtyna gabat geldi.
Degişli maglumat Berdimuhamedowlaryň arassa agyz suwy wadalaryna näme boldy?Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.