Aşgabadyň häkimiýetleri şäheriň käbir etrapçalarynda köp gatly jaýlaryň diwarlaryndan split-ulgamlaryny sökmek çärelerini ýene batlandyrdylar. Ýaşaýjylar häkimiýet wekilleriniň bu işlere gödek çemeleşýändigini, split-ulgamlaryny hatardan çykarýandyklaryny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 4-nji martda paýtagtdan maglumat berdi.
“Häkimlige degişli edaranyň, ýagny Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri sowadyjylary sökmek işlerine geçen hepdäniň başynda girişdiler. Bu çäreler paýtagtyň sowetler döwründe gurlan etrapçalarynda, şol sanda 1-nji, 2-nji, 3-nji we Kim etrapçalarynda alnyp barylýar” diýip, habarçymyz belledi.
Split-ulgamlary dört-bäş gatly jaýlaryň köçe tarapyndaky diwarlaryndan sökülip, olaryň görünmeýän taraplaryna oturdylýar. Häkimiýet wekilleri bu çäreleriň sebäbini düşündirmeýärler.
Şeýle-de, olar split-ulgamlarynyň söküljekdigi barada ýaşaýjylara öňünden duýduryş hem bermeýärler we bu çäreleri gündizlerine, raýatlaryň okuwda ýa-da işde wagty amal edýärler.
Ýaşaýjylaryň aglabasy öýüne gelende split-ulgamlarynyň sökülendigini we hatardan çykandygyny bilip galýar.
Degişli maglumat Aşgabatda jaýlardaky split-ulgamlary sökülýär“Olar split-ulgamlaryny tiz we gödek söküp aýyrýarlar. Şunuň bilen bagly split-ulgamlary işlemezlik derejä gelýär. Talaba laýyk sökülmänsoň, split-ulgamlarynyň friony howa geçirýär we olar ýylytmak we sowatmak tehniki häsiýetini ýitirýärler” diýip, ýerli ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, bu ýaşaýjylar üçin goşmaça maddy çykdajy bolýar. Olar öz hasaplaryna ussa çagyryp, split-ulgamlaryny bejertmeli bolýarlar.
“Käbir ýaşaýjylar maddy serişdesi bolmansoň, aýlyga çenli garaşmaly bolýarlar. Netijede, olar sowuk howanyň dowam edýän günlerinde ençeme, käte onlarça günläp split-ulgamlary bolmazdan oturmaly bolýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.
Azatlyga bu barada şäher häkimliginden, şeýle-de Jemagat hojalygy müdirliginden teswir almak başartmady.
Türkmenistanda split-ulgamlarynyň we jaýlaryň daşynda ýaşaýjylar tarapyndan oturdylýan beýleki gurallaryň häkimiýetler tarapyndan köpçülikleýin sökülip aýrylmagy 2017-nji ýylda güýçlenipdi. Şondan bäri häkimiýetler bu çärelerini paýtagtyň dürli etrapçalarynda we sebitlerinde wagtal-wagtal güýçlendirýärler.
Resmiler ýaşaýjylara dilden berýän düşündirişlerinde şeýle gurallaryň “paýtagtyň owadan keşbine zyýan ýetirýändigini” mälim edip gelýärler.
Bu çäreleriň netijesinde, ýaşaýjylar käbir otaglaryndaky split-ulgamlaryny düýbünden aýyrmaga mejbur bolýarlar. Bu bolsa, ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş ulgamlary kadaly işlemeýän we tomsuna howanyň temperaturasy 40 gradusa çenli ýetýän ýurtda ýaşaýjylaryň käbir otaglaryny gyşyna ýylytmagyna, tomsuna sowatmagyna böwet bolýar.
Türkmenistanyň häkimiýetleri splitleriň sökülmegi barada resmi beýanat bilen çykyş etmeýärler. Döwlet telewideniýesiniň reportažlarynda hem, ilata “paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmek” barada maslahat berilse-de, bu çäreler barada hiç zat aýdylmaýar.
Degişli maglumat Yssy howa şertlerinde Türkmenbaşynyň häkimiýetleri jaýlardaky split-ulgamlaryny sökýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.