Aşgabadyň döwlet dükanlarynda un gaýtadan satuwa çykaryldy

Döwlet dükanynyň öňünde azyk nobatyna duran ýaşaýjylar. Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda dowam edýän un we çörek gytçylygynyň arasynda, Aşgabatda ilata ýeňillikli bahadan un gaýtadan satylyp başlandy. Ýerli ýaşaýjylar Azatlyk Radiosynda ýurtdaky un we çörek gytçylygy barada yzygiderli habar berlenden soň, häkimiýetleriň ýagdaýy gowulandyrmaga çalyşýandygyny aýdýarlar.

“Şu gün döwlet dükanlarynda adam başyna bäş kilogram un satuwa çykarylyp başlandy. Bäş kilogram un 5 manada düşýär” diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Unuň duýdansyz satylyp başlanmagy döwlet dükanlarynyň öňünde nobata duran alyjylaryň köpüsini geň galdyrdy.

Degişli maglumat Döwlet dükanlarynda arzan buhankanyň ýany bilen tamdyr çöregini hem satyn almak talap edilýär

“Käbir alyjylar öň adam başyna bir kilogram uny zordan berýärdiler, bu sahylygyň sebäbi näme bilen baglanyşyklyka diýip soraýarlar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy alyjylaryň özaralarynda edýän gürrüňlerini sitirledi.

Alyjylaryň käbiri Azatlykda un we çörek gytçylygy barada maglumatlaryň berilmeginiň yz ýany, “häkimiýetleriň dessine hoşgöwünli bolýandygyny” aýtdy.

"Käbir alyjylar bolsa, 'birneme wagt geçensoň, hemme zat unudylar we ähli zat ýene-de öňki bolşy ýaly bolar' diýdi" divip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Türkmenistanyň döwlete degişli azyk dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan satylýan azyk paýlarynyň sanawynda un, buhanka çöregi we ösümlik ýagy saklanyp galýar.

Ösümlik ýagy döwlet dükanynda 14 manat, hususyýetçilerde 35 manat bahalanýar. Döwlet dükanynda bir kilogramy 1 manat bolan un hususy söwdada 10-12 manada satylýar. Şeýle-de, buhanka çöregi 60 teňňeden satylýan mahaly, iň arzan tamdyr çöreginiň bahasy 3 manatdan başlanýar.

Ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň, hyzmatlaryň we harytlaryň gymmatçylygynyň arasynda, köp hojalyk döwlet dükanlarynyň harytlaryna garaşly bolup galýar.

Degişli maglumat Aşgabatly alyjy çöregi 'bikanun satan' dükan satyjysy bilen ýakalaşdy

Ýöne geçen aýyň başyndan bäri ýurduň, hususan-da Aşgabadyň we Ahalyň gür ilatly sebitleriniň, şol sanda Kaka şäheriniň döwlet dükanlarynda çörek tapdyrman başlady. Şeýle-de, ilata her aý paýlanmaly un hem wagtly-wagtynda satuwa çykarylmaýar. Käbir dükanlarda raýatlara bäş kilogram una derek diňe bir kilogram un berilýär. Bular barada Azatlyk yzygiderli habar berip gelýär.

Çörek we un gytçylygy, käte alyjylar bilen satyjylaryň arasynda dawa-jenjeliň döremegine, käte-de onuň urşa ýazmagyna hem sebäp bolýar.

Bugdaý planynyň doly ýerine ýetirilendigini tas her ýyl gaýtalaýan türkmen häkimiýetleri döwlet dükanlarynda indi ençeme ýyl bäri dowam edýän un we çörek gytçylygy barada kelam agyz söz aýtmaýarlar.

Bu aralykda, Aşgabatdaky habarçymyz käbir azyk harytlarynyň bahalarynyň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, has gymmatdygyny habar berýär.

“Paýtagtyň merkezi etrapçalaryndaky bazarlarda esasanam ýeralmanyň we soganyň bahasy ýokary bolmagynda galýar. Her ýylyň tomus paslynda täze ýeralma hasylynyň ýetişmegi bilen, onuň bahasy arzanlaýardy. Ýöne onuň gyş paslyndaky bahasy häzir hem saklanyp galýar. Bir kilogram ýeralma 8-9 manat, sogan tas 6 manat bahalanýar. Geçen ýyl şu wagtlar ýeralmanyň bahasy 4-5 manatdy. Deňeşdirmek üçin aýtsak, häzir alçanyň bir kilogramy hem 6-8 manat bahalanýar” diýip, habarçymyz aýtdy.

Degişli maglumat Ilata paýlanan ýeňillikli ýag döwlet dükanlary tarapyndan "Arkadagyň sahawaty" atlandyryldy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.