Diňle: Aşgabadyň döwlet dükanlarynda un gaýtadan satuwa çykaryldy
Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda dowam edýän un we çörek gytçylygynyň arasynda, Aşgabatda ilata ýeňillikli bahadan un gaýtadan satylyp başlandy. Ýerli ýaşaýjylar Azatlyk Radiosynda ýurtdaky un we çörek gytçylygy barada yzygiderli habar berlenden soň, häkimiýetleriň ýagdaýy gowulandyrmaga çalyşýandygyny aýdýarlar.