Arkadag şäherinde ulaglar AK döwlet belgisi bilen hasaba alynýar, 'artykmaçlyklardan' peýdalanýar

Arladag şäheri. Illýustrasiýa suraty

Arkadag şäherinde döwlet belligine alnan hususy awtoulaglar aýratyn artykmaçlyklardan peýdalanýarlar diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi maglumat berýär.

Türkmen kanunçylygy tarapyndan “döwlet ähmiýetli şäher” hökmünde ykrar edilen täze şäherde raýatlaryň hususy awtoulaglarynyň döwlet belgileriniň soňy AK harplary bilen gutarmaly edilipdir.

“AK döwlet belgisi bu ulaglaryň eýeleriniň Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary bolandyklaryny aňladýar. Bu bolsa, AK döwlet belgisi bolan ulaglaryň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri tarapyndan saklanylmaly däldigini aňladýar” diýip, çeşme aýdýar.

Degişli maglumat Arkadag şäherinden jaý satyn alan welaýat ýaşaýjylarynyň jaýlary ellerinden alynýar

Türkmenistanda awtoulaglar welaýatlara görä hasaba alynýarlar. Meselem, ulaglar Ahal welaýatynda AH, Balkan welaýatynda BL, Daşoguz welaýatynda DZ, Lebap welaýatynda LB, Mary welaýatynda MR we Aşgabat şäherinde AG döwlet belgileri bilen hasaba alynýarlar.

2023-nji ýylda dabara bilen açylan Arkadag şäherindäki awtoulaglar bolsa, AK harplary bilen özleriniň täze döwlet belgilerine eýe bolýarlar.

Täze şäher, şol bir wagtda, Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolup durýar. Ýöne geçen ýylyň mart aýynda bu şäher babatynda ýörite kanun kabul edilip, ýurduň beýleki ilatly ýerlerinden tapawutlylykda, Arkadag şäheri “döwlet ähmiýetli şäher” statusyna eýe boldy.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary awgust aýynyň ahyrlarynda Mary welaýatynda döwlet belgileriniň öňi AK bilen başlanýan awtoulaglaryň döwlet belgileriniň häkimiýetler tarapyndan yzyna alynýandygyny habar beripdiler.

“...Meselem, AK 4517 MR bolan awtoulaglaryň eýelerine Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyndan jaň edýärler ýa-da olaryň öýlerine etrap polisiýasynyň işgärleri barýar. Käte-de olar ýol polisiýasy tarapyndan saklanýar” diýip, şonda ýagdaýlardan habarly maryly sürüji anonimlik şertinde gürrüň beripdi.

“Polisiýa wekilleri munuň sebäbini düşündirmeýärler. Olar diňe ‘bolanok, çalyşmaly’ diýýärler” diýip, başga bir ulag eýesi anonimlik şertinde gürrüň beripdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri täze şäheriň ýaşaýjylarynyň başga-da aýratyn artykmaçlyklardan peýdalanýandyklaryny aýdýar.

Çeşmelere görä, ýokary wezipelere eýe bolmakda, ýa-da ýaş raýatlaryň ýokary okuw jaýlaryna kabul edilmegi bilen bagly meselelerde täze şäheriň ýaşaýjylary aýratyn artykmaçlyklardan peýdalanýarlar.

“Bu şäherde ýerleşýän döwlet dükanlarynda azyk harytlarynyň elýeterliligi elmydama üpjün edilýär” diýip, çeşmeler aýdýar.

Bäş milliard dollar çemesi döwlet serişdeleri sarp edilip, tarp ýerde bina edilen täze şäheriň wagyz işleri Berdimuhamedowlaryň şahsyýet kultynyň üznüksiz dabaralandyrylmagyna goşant goşýar.

Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag adyny göterýän täze şäher döwlet telewideniýesinde yzygiderli wagyz edilýär.

Akylly şäher hökmünde dowamly mazamlanýan bu şäher adybir telewizion kanalyna-da eýe boldy. Türkmenistanda Arkadag şäheriniň açylyşyna gabatlap, adybir futbol topary, gazet we telewizion kanaly esaslandyryldy.

Degişli maglumat Iri telekeçiler, ýokary wezipeli emeldarlar Arkadag şäherinden jaý satyn almaga höweslendirilýär

Bu çäreleriň ählisi Berdimuhamedowlar maşgalasynyň kult tagallalaryna aýdyň mysal boldy.

Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň häzirki ilat sany barada takyk statistiki sanlar ýok, ýöne öňki ýyllarda bu şäheriň 70 müň ilata niýetlenendigi barada habarlar peýda bolupdy.

Şol bir wagtda, häkimiýetler bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Aşgabatda barlykly adamlardan, hususan-da telekeçilerden bu şäherdäki jaýlardan satyn almagy talap etdiler.

Ýaş şäherde gysga wagtyň içinde eýýäm häkim çalşygy hem geçirildi. 2022-nji ýylyň aprelinde esaslandyrylan şäher häkimliginiň ilkinji ýolbaşçysy Şamuhammet Durdylyýew şu ýylyň maý aýynda saglyk ýagdaýy sebäpli wezipesinden boşadylyp, onuň ornuna Türkmenistanyň Mejlisiniň öňki başlygy Gülşat Mämmedowa bellenildi.

Arkadag şäheriniň emeli hemradan düşürilen suratlary şäheriň bezeg işleriniň inçeliginden habar berýär.

“Adamlaryň ählisi kanun öňünde deň, ýöne Gökdepe we Arkadag şäherleriniň ýaşaýjylary has-da deňräk” diýip, bir çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy we türkmen režiminiň astynda halk arasyna ýaýran deňsizlige yşarat etdi.

Gökdepe etraby Berdimuhamedowlar maşgalasynyň gelip çykan etrabydyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.