Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arkadag şäherinden jaý satyn alan welaýat ýaşaýjylarynyň jaýlary ellerinden alynýar


Arkadag şäheri.
Arkadag şäheri.

Arkadag şäherinde geçirilen häkim çalşygynyň yz ýany, ozal bu şäherden ipoteka esasynda jaý satyn alan welaýat ýaşaýjylarynyň jaýlary ellerinden alynýar diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi 15-nji maýda maglumat berdi.

Ozal bu şäherde ýazgyda durmadyk welaýat ýaşaýjylarynyň birnäçesi 30 ýyl möhlet bilen ipoteka esasynda Arkadagdan jaý edinendiklerini, ýöne eýýäm özlerinden jaýlary tabşyrmagyň hem-de şäheri terk etmegiň talap edilýändigini aýdýarlar.

Arkadag şäheriniň öňki häkimi Şamuhammet Durdylyýew 6-njy maýda saglyk ýagdaýlary sebäpli wezipesinden boşadyldy we onuň ornuna Türkmenistanyň Mejlisiniň öňki başlygy Gülşat Mämmedowa bellenildi.

“Aşgabatda ýazgyda durmaýan welaýat ýaşaýjylary, Şamuhammet Durdylyýew Arkadag şäheriniň häkimi bolan döwürlerde, ýaşaýyş jaýlarynyň umumy bahasynyň 10 göterimini öňünden töläp, 30 ýyllyk ipoteka esasynda bu şäherden ýaşaýyş jaýlaryny satyn alyp bilýärdiler. Emmä şäheriň häkimi wezipesine Gülşat Mämmedowanyň bellenilmeginden soňra, ozal bu şäherden jaý edinen adamlaryň ýaşaýyş jaýlary ellerinden alnyp, olaryň özleri welaýatlara ugradylýar. Jaý eýeleriniň pullary yzyna gaýtarylyp berilmeýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi aýdýar.

Gelip çykyşy boýunça Lebap we Mary welaýatlaryndan bolan we Arkadag şäherinden jaý satyn alan birnäçe ýaşaýjy täze şäherden jaý satyn alanlarynda özleriniň, araçylaryň üsti bilen, öňki häkime, Şamuhammet Durdylyýewe para bermäge mejbur bolandyklaryny aýdýarlar.

“Bu paranyň gizlin adyna ‘petir’ diýerdiler. Jaýyň umumy bahasynyň 10 göterimini töländen soňra, araçylaryň üsti bilen, Durdylyýewe 20-40 müň manat aralygynda para bermeli bolýardy” diýip, asly lebaply bir ýaşaýjy aýdýar.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Arkadag şäheriniň häkimliginden teswir alyp bilmeýär.

Şamuhammet Durdylyýew 2022-nji ýylyň 28-nji aprelinde esaslandyrylan Arkadag şäheriniň häkimligine ýolbaşçy hökmünde bellenilmezden öň, ministr, wise-premýer we Aşgabat şäheriniň häkimi ýaly ýokary wezipelerde işläpdi. Ol ýurduň uly möçberlerde maliýe serişdeleri sarp edilýän ulgamlarynyň biri bolan gurluşyk pudagyna hem gözegçilik edipdi.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri täze şäherden jaý satyn alan welaýat ýaşaýjylarynyň jaýlarynyň ellerinden alynmagyny şäheriň täze häkimi Gülşat Mämmedowanyň başlangyçlary hökmünde düşündirýärler.

Mämmedowa şäher häkimi wezipesine bellenmezden ozal, häkimligiň Umumy bölüminiň müdiri wezipesini ýerine ýetirýärdi. Ol 2018-2023-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Mejlisine başlyklyk etdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýaşaýan welaýat ýaşaýjylaryny öz welaýatlaryna ibermek işleriniň, Türkmenistanda 18-nji maýda bellenilip geçilýän Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň baýramçylygynyň fonunda, paýtagtda işleýän içerki migrantlaryň öz welaýatlaryna iberilmegi bilen utgaşýandygyny habar berýärler.

Has ozal, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň aşgabatly agzalary dekabrda özleriniň Arkadag şäherinde gurlup ulanylmaga berlen täze jaýlardan, kottežlerden we kwartiralardan satyn almaga mejbur edilendiklerini gürrüň berdiler.

Şonda Aşgabatda ýazgyda duran we üç arkasy barlanyp, ‘arassa’ hasap edilen gurply telekeçiler Arkadag şäherinden 300 çemesi ýaşaýyş jaýyny satyn almak talaplary bilen ýüzbe-ýüz boldular.

Ýöne Arkadag şäherindäki ýaşaýyş jaýlary bilen bagly habarlar martyň soňky hepdesinde ýygjamlaşyp başlady. Bu şäherden jaý edinen ahally we aşgabatly ýaşaýjylar martyň soňky hepdesinde jaýlarda özlerine wada berlen öý goşlarynyň ýokdugyny aýdyp, şikaýat bildirip başladylar.

Biraz soňra, apreliň ahyrlarynda Büzmeýin etrabynda jaýlary ýykylýan adamlara Arkadag şäherinde gurlan ýaşaýyş jaýlary hödürlenip başlandy.

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi 6-njy maýda prezident Serdar Berdimuhamedowyň permany bilen Şamuhammet Durdylyýewiň, saglyk ýagdaýlary sebäpli, şäher häkimi wezipesinden boşadylandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň Mejlisi 2022-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Arkadag şäherini Ahal welaýatynyň edara ediş merkezi hökmünde yglan etdi. Soňra, bu şähere “döwlet ähmiýetli şäher” statusy berildi.

Birinji tapgyrynyň gurluşygyna $3,3 milliard, ikinji tapgyrynyň gurluşygyna $1,5 milliard çemesi döwlet serişdeleriniň sarp edilmegi göz öňünde tutulan täze şäher 2023-nji ýylyň 29-njy iýun güni, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 66 ýaş ýubileý toýunda dabara bilen açyldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG