Alyp gaçyp, ýa-da gaçyp baryp durmuş gurmak däpleri il arasynda giň ýaýrap barýar – ýerli ýaşaýjylar

Durmuşa çykýan gyz toý lybasynda. Arhiwden alyndy.

Balkan welaýatynda ýerli ilata mahsus bolmadyk gyz alyp gaçmak, gaçyp durmuşa çykmak däpleri soňky ýyllarda giň ýaýrap başlady diýip, Jebel şäherçesiniň ýaşaýjysy, bir aksakgal ýaşuly aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy bu sebitde ýoň bolup başlan täze toý däpleri bilen gyzyklanyp, birnäçe balkanly ýaşaýjy bilen söhbetdeş boldy.

“Aksakgal gojalar gyz alyp gaçmagy, gaçyp durmuşa çykmagy ykdysady krizis döwründe makullap başladylar” diýip, bir balkanly ýaşaýjy aýdýar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynda hasaba alynýan gyz alyp gaçmak däpleri, synçylara görä, türkmen giňişliginde, meselem, gyrgyz ýa-da gazak halklarynyň arasynda habar berilýän gyz alyp gaçmak däplerinden sähel tapawutlanýar. Ýerli synçylar türkmenlerde gyz alyp gaçmak diýlende, kämillik ýaşyna ýeten ýigit bilen gyzyň özara ylalaşyp, gudaçylyk däpleri ýerine ýetirilmezden, maşgala gurmagynyň göz öňünde tutulýandygyny aýdýarlar.

Şeýlelikde, synçylara görä, türkmenleriň arasynda gyz alyp gaçmak diýlende gyzyň fiziki taýdan alnyp gaçylmagy göz öňünde tutulmaýar, gyz bilen ýigidiň ylalaşyk esasynda ene-atalaryndan birugsat durmuş gurmagyna salgylanylýar.

Degişli maglumat Osmakçy, sözaýdyjy we sawçy: Türkmenleriň gudaçylyk dessurlary

Ýöne, her niçik-de bolsa, şeýle däpler, ýerli ýaşaýjylara görä, ilat arasynda oňlanman gelýärdi. Ýigit bilen gyzyň gudaçylyk esasynda durmuş gurmagy makul hasaplanýardy. Muňa garamazdan, ýurda aralaşan durmuş-ykdysady kynçylyklar raýatlary käbir milli däplerden, şol sanda käbir möhüm toý däplerinden el çekmäge we ‘aňsadyna garamaga’ iterýär.

“Toý tutmak üçin, bir topar pul gerek. Biziň ýurdumyzda günbatar döwletlerindäki ýaly, adamlara 3 müň-5 müň dollar aýlyk berilmeýär. Adamlar býujet edaralarynda işläp, 80-100 dollar aýlyga toý tutmagyň mümkin däldigini aýdýarlar” diýip, bir balkanly ýaşaýjy aýdýar.

Türkmenistanda toý däpleriniň gözçykgynç harajatlary ýerli synçylar we köp sanly ýaşlar tarapyndan sosial ulgamlarda tankyt edilip gelinýärdi.

Durmuş-ykdysady kynçylyklar ilatyň müňlerçe dollar harajat bilen durmuş toýlaryny guramalaşdyrmagyny agyr synaga salýar. Şeýlelikde, ilat arasynda ýoň bolan käbir däpler, wagtyň geçmegi bilen, üýtgeşmelere sezewar bolýar.

“Soňky iki ýylyň içinde biziň ýaşaýan şäherçämizde durmuş guran ýaşlaryň tas ýarysy alyp gaçyp, ýa-da gaçyp baryp maşgala gurdular” diýip, jebel şäherçesiniň ýaşaýjy, aksakgal goja aýdýar.

“Biz türkmençilik diýip otursak gyzymyz garry gyz bolup, öýde oturyp galýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürrüňdeş bolan başga-da birnäçe balkanly ýaşaýjy şeýle meýilleriň tutuş welaýatyň çäginde soňky ýyllarda has köp ýaýrap başlandygyny aýdýarlar.

“Onsoň, toý hem köpeldi, maşgala-da köpelýär, çaga-da köpelýär. Esasy zat – çagalar bagtly bolsalar bolýar. Ýaşlaryň ömri geçip barýar!” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

Degişli maglumat Kim nan tapmaz iýmäge, kimler - 'mentalitet gurbany'

Jebel şäherçesinden bolan aksakgal gojanyň sözlerine görä, alyp gaçyp, ýa-da gaçyp baryp durmuş guran ýaş çatynjalar köplenç özleriniň ene-atalaryndan razyçylyk almaýarlar.

“Näme etsinler!? Ýaşlarda guda bolup, galyň töläp, toý etmäge pul ýok. Hojalyklaryň gerdeni galmaýar, iş ýok, iş bolsa-da çörege zordan ýetýär” diýip, aksakgal goja aýdýar.

Şol bir wagtda, türkmenleriň arasynda galyň tölemek däpleri hem saklanyp galýar. Öýlenýän ýigidiň maşgalasy gyz tarapa uly möçberlerde pul tölegini töleýärler.

Ýöne alnyp gaçylanda, ýa-da gaçyp barlanda, şeýle tölegleriň uly möçberleri aradan aýrylýar. Görnüşinden, ýaşlaryň ençemesi bu ýoly maşgala gurmagyň has aňsat ýoly hasaplaýarlar.

Ýöne, ýerli ýaşaýjylara görä, ýaşlar has az çykdajy bilen maşgala gursalar-da, maşgalany dowam etdirmek üçin zerur bolan harajatlaryň, hojalygy ekläp saklamak üçin, güzeran aýlamak üçin zerur bolan maliýe serişdeleriniň gözden salynýan halatlary, şeýle ýagdaýlaryň öňünden görlüp bilinmeýän pursatlary hem bolýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan balkanly ýaşaýjylar guda garyndaşlygy açylmazdan esaslandyrylan maşgalalardaky ýaş çatynjalaryň hossarlarynyň wagtyň geçmegi bilen ylalaşýandyklaryny aýdýarlar. Adatça, alyp gaçyp durmuş guran oglanlaryň, ýa-da gaçyp baryp durmuşa çykan gyzlaryň ene-atalar tarapyndan uzak wagtlap bagyşlanmaýan halatlary hem bolýar. Ýöne häzirki döwürde bu ýagdaý üýtgäp barýar. Üstesine, jebelli gojanyň ynançlaryndan tapawutlylykda, orta ýaşlaryndaky beýleki bir balkanly ýaşaýjynyň sözlerine görä, ene-atalaryň özara ylalaşygy esasynda bu ýagdaýyň guramalaşdyrylýan pursatlary hem bolýar.

Degişli maglumat Türkmenistanyň täze ýaşlar syýasaty ýaş raýatlara nämeleri wada berýär?

“Häzirki döwürde, iki ýaş juwan halaşsa, oglan tarapyň maddy ýagdaýy pes bolsa, iki guda ylalaşyp, oglan gyzy alyp gaçýar. Şeýlelikde, ýigit tarap gurbunyň çatdygyndan kiçeňräk toý edýär. Iki guda hem toýda gatnaşyp, çagalaryna guwanyp ýaşaýarlar. Gudalar arasynda duşmançylyk, ar almak ýa-da beýleki dawalar bolmaýar. Men haýran!” diýip, balkanly ýaşaýjy aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan 40 ýaşlaryndaky bir erkek adam il içinde ýoň bolup barýan soňky meýillere baha berýär:

“Hatda mundan bäş ýyl ozal hem, şeýle ýagdaý, ýagny ylalaşyk esasynda alyp gaçyp, ýa-da gaçyp baryp toý tutmak aýyp hasaplanýardy. Men hem 40 ýaşdan aşdym. Gyz alyp gaçmak 10 ýyl ozal dagy gaty namys hasaplanardy! Indi hemme zat üýtgäp barýar” diýip, balkanly ýaşaýjy aýdýar.

“Indi guda garyndaşlygy açylmazdan durmuş gurmak däpleri tas moda öwrülip barýar diýseňem bolar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.