Türkmen dilli sosial media ulanyjylary türkmenleriň toý däplerini, galyň meselesini, ýigit bilen gyzyň dostluk gatnaşyklarynyň çäklerini ýygy-ýygydan ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu tema, megerem, köpler tarapyndan howpsuz we syýasatdan uzak tema hökmünde, hususan-da, ýaşlaryň arasynda özüne çekijiligini saklap gelýär. Galyň barada, toý çykdajylary barada, ýigit bilen gyzyň toýdan öňki dostlugynyň kabul edilýän çäkleri barada sosial ulgamlarda dürli-dürli pikirler orta atylýar. Kimler goldaýar, kimler garşy çykýar. Ýöne gyzgalaňly pikir alyşmalardan we çekişmelerden soňra, megerem, hemmeler durmuş hakykatlaryna dolanyp, öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ýazylmadyk kada-kanunlara, däp-dessurlara eýermegi, olary gyşarnyksyz berjaý etmegi dowam etdirýär. Eýsem, türkmenleriň arasynda nähili toý däpleri we gudaçylyk dessurlary bar?
Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany ylmy çeşmelere, şol sanda etnologiýa maglumatlaryna salgylanyp, türkmenleriň gudaçylyk we toý däplerini öwrenýär.
Türkmenleriň arasynda uly möçberlerdäki harajatlar bilen guramalaşdyrylýan toý çäreleri halk durmuşynda ähli döwürlerde özüniň aktuallygyny saklap gelýär. Il arasynda “Toý – göwün baharydyr”, “Uruş-söweş – yzan-da çuwanlygyň ýeri, toý-şagalaň – şatlygyň ýeri” ýaly nakyllar, “toýdan ýetirsin, ýa-da toý bolsun” ýaly dilegler birek-birege aýdylyp, toý-tomaşalar elmydama dabaralandyrylypdyr.
Türkmenistanda durmuş toýlarynyň harajatlary bilen bagly meseleler döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeýär. Ýöne toý we beýleki dabaralarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagy döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýär. 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda toý we beýleki dabaralarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda Düzgünnama tassyklanyldy. Döwlet metbugatyna görä, bu Düzgünnama toý dabaralarynda medeni hyzmatlaryň, meselem, aýdymçylaryň, bagşylaryň, sazandalaryň, tansçylaryň we alyp baryjylaryň hyzmatlarynyň ýokary hilli ýerine ýetirilmegine gözegçilik edýär.
Ýurduň paýtagtynda we sebit merkezlerinde Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirliklerine degişli “Bagt köşkleri” açyldy.
Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2011-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabadyň günortasynda gurlan “Bagt köşgüniň” açylyşynda ýurtda täze durmuş gurýan ähli ýaş çatynjalara ýadygärlik bag ekmegi tabşyrdy. Şeýle-de, ol şonda ýaşlary toý güni paýtagtyň Garaşsyzlyk binasyna, Konstitusiýa binasyna we beýleki käbir möhüm ýerlere gezelenç etmegi maslahat berdi.
Ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow hem ýaş raýatlaryň maşgala gurmagy bilen bagly käbir düzgünleriň berjaý edilmegini talap etdi. Nyýazow türkmen gyzlary bilen durmuş gurmak isleýän erkek daşary ýurt raýatlaryndan 50 müň dollar möçberinde töleg talap edilmegini düzgünleşdiripdi, ýöne bu düzgün 2005-nji ýylda ýatyryldy.
Türkmenleriň maşgala durmuşynda edim-gylymlaryň, nesilden-nesile geçip gelýän kada-kanunlaryň berjaý edilmegi möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Irki döwürlerde il arasynda kämillik ýaşyna ýeten ýigit bilen gyzyň söýşüp durmuş gurmagy köplenç oňlanmaýardy, ýaşlar diňe ene-atalarynyň saýlan deň-duşlary bilen durmuş gurmaly bolýardy. Ýöne onýyllyklaryň dowamynda bu düzgün ýuwaş-ýuwaşdan aradan aýrylyp, ýigitleriň we gyzlaryň öz saýlan ýarlary bilen durmuş gurmaklaryna jemgyýet tarapyndan ýol berildi. Ýöne heniz hem käbir maşgalalar “arranged marriage”, ýagny “gurnalan nika” däplerini dowam etdirýärler.
Türkmenleriň arasynda maşgala, nika we durmuş toýlary babatynda nesilden-nesile geçip gelýän kada-kanunlar, däp-dessurlar, mälim bolşy ýaly, öz hökmürowanlygyny saklap gelýär.
Bu ýagdaý, synçylara görä, türkmen kimliginiň goralyp saklanylmagyna we şöhratlandyrylmagyna ýardam berýär.
Türkmen medeniýetini we edim-gylymlaryny ylmy taýdan öwrenen ýerli maglumat çeşmeleri türkmenleriň maşgala institutyna “mukaddeslik” hökmünde garaýandygyny aýdýarlar. Ýöne soňky onýyllyklarda ýüze çykan durmuş-ykdysady problemalar, neşekeşligiň ýaýramagy, üpjünçiligi pes maşgalalaryň sanynyň köpelmegi ýaly meseleler maşgala gatnaşyklaryny agyr synaga saldy.
Muňa garamazdan, türkmenleriň arasynda öňden gelýän däp-dessurlar, şol sanda toý-tomaşalar bilen bagly edim-gylymlar köplenç gyşarnyksyz dowam etdirilýär.
Toý däp-dessurlary
“Halkyň şol toý däp-dessurlarynyň naýbaşylarynyň biri hem gelin toýy diýlip atlandyrylýan toý däp-dessurydyr. Öýlenmek diýen sözüň özi “öýli bolmak”, “öýli etmek” diýen manyny berýär. Halk arasynda gelin edinmek üçin bolsa ilkinji nobatda gyz saýlamak we gudaçylyk dessuryny amala aşyrmaly bolupdyr. Munuň üçin toý tutjak ýaşlaryň nika ýaşy, nika baglaşmak mümkinçilikleri bolupdyr” diýip, ýokary okuw mekdeplerine niýetlenilip, Türkmenistanyň Neşirýat gullugy tarapyndan 2018-nji ýylda çap edilen “Türkmenistanyň entologiýasy” okuw gollamasynda aýdylýar.
Bu çeşme türkmenleriň entologiýasy, däp-dessurlary we edim-gylymlary barada giňişleýin maglumatlary özünde jemleýär.
Ýöne garaşsyzlyk ýyllarynda ýurtda türkmen halkynyň däp-dessurlary, ýaşaýyş medeniýeti prezidentler tarapyndan erjellik bilen ileri sürüldi we ileri tutuldy. Ata-babalardan gelýän ýörelgeleriň sylag-sarpasy döwlet ýolbaşçylarynyň gol çekýän käbir permanlarynda aýratyn nygtaldy.
Türkmenlerde maşgala gurmak gudaçylykdan başlanýar. Gudaçylyk dessurlary il arasynda özboluşlylygyny saklap gelýär.
“Ogul öýermek isleýän ene-ata özara maslahatlaşyp, ogullaryna, öz maşgalasyna mynasyp gyzy saýlaýar” diýip, “Türkmenistanyň etnologiýasy” kitabynda aýdylýar.
Şeýlelikde, türkmenlerde öz maşgalasyna we ogullaryna mynasyp gyzy ene-ata saýlapdyr. Ýöne häzirki döwürde maşgala gurmak babatynda ogul-gyzlaryň göwün-islegleri ene-atalar tarapyndan diňlenilýär we kabul edilýär. Ene-atanyň razyçylygy bilen, ogul-gyzlaryň öz saýlan ýarlary bilen durmuş gurmagyna rugsat berilýär. Ene-atanyň durmuş tejribesi we pähim-paýhasy ogul-gyzlaryň özlerine mynasyp adam bilen maşgala gurmagyna goşant goşýar.
Etnologiýa çeşmesine görä, “öňki döwürlerde türkmenlerde gelinlik saýlananda guda bolunjak maşgalanyň kimlerdendigi, il içindäki at-abraýy, aljak gelinleriniň başarnyklary, işeňňirligi, gylyk-häsiýeti we görk-görmegi göz öňünde tutulypdyr”. Birmeňzeş ýagdaýlar ýigit tarapa-da degişli bolupdyr. Gelinlik gyz saýlanandan soňra, ýigit tarapy gyzyň maşgalasy barada sorag-idege çykyp, maglumat toplapdyr. Edil gelinlik gyz saýlanylyşy ýaly, öýleniljek ýigit hem saýlanylypdyr.
“Ýöne ýigit saýlamagyň gyz saýlamakdan tapawudy, gyzyň ene-atasy özlerine gudaçylyga gelen maşgalalardan sorap- idäp, diňe oňlanlaryndan soň habarlaryny alypdyrlar” diýip, Türkmenistanyň etnologiýasynda aýdylýar.
Gudaçylyk diňe erkek tarapyň başlangyjy bilen amala aşyrylypdyr. Meselem, seýrek hem bolsa, käbir medeniýetlerde bolşy ýaly, kämillik ýaşyna ýeten gyzyň erkek adama durmuş gurmagy teklip etmegi ýaly tejribeler il arasynda kabul edilmändir.
Gudaçylyk tapgyrlary
Ýerli etnograflar türkmenleriň gudaçylyk dessurlarynyň özboluşlydygyny, maşgalalaryň arasynda gudaçylyk garyndaşlygy açylanda hiç haçan gönümel hereket edilmändigini aýdýarlar. Şonuň üçin, öýlenjek ýigit ýa-da onuň ene-atasy gelinlik gyz saýlanlaryndan soňra, özara maslahatlaşyp, gudaçylyk dessuryna başlamak barada karar kabul edýärler.
Gudaçylyk dessurynyň ilkinji ädimi “osmakçy” tarapyndan ýerine ýetirilýär. Osmakçy assyrynlyk bilen gyzyň maşgalasy, onuň ene-atasynyň garyndaşlyk açmaga bolan garaýyşlary we gyzyň öz niýeti barada maglumat toplapdyr.
Ýöne “aňtaw işleri” gizlinlikde we aýlawly alnyp barlypdyr. Eger osmakçy gyzyň durmuşa çykmagy göwneýändigini anyklasa, gudaçylyk dessurynyň ikinji tapgyrynda “sözaýdyjy” herekete geçipdir.
Sözaýdyjy köplenç öýlenýän ýigidiň ýakyn hossarlarynyň, ýa-da ýakyn dogan-garyndaşlarynyň biri bolup, ol sähetli günde gyzyň öýüne baryp, niýetini aýan edipdir. Türkmenlerde sözaýdyjylar hem gönümel gürlemändir.
Etnograflara görä, sözaýdyjylar gyzyň öýüne baryp, onuň ene-atasyna “ýitigimiz gözläp geldik” diýen ýaly sözleri aýdypdyrlar. Gyzyň ene-atasy hem sözaýdyjylara gönümel jogap bermändir.
Käbir sebitlerde, meselem, sözaýdyjynyň düwünçeginiň açylmazlygy gudaçylyk teklibiniň kabul edilmeýändigini aňladypdyr. Ýa-da bolmasa, sözaýdyjy hasaplanan myhmanyň öňünde saçagyň açylman goýulmagy hem gudaçylyk teklibiniň kabul edilmändigini aňladypdyr.
Käbir maşgalalarda gyzyň ene-atasy razy bolmasa, olar sypaýyçylyk bilen “heniz gyzymyz ýaş” ýa-da “kakasy ýa-da gyzymyz göwnemeýär” diýen ýaly sözleri aýdypdyrlar. Gyz tarapy gudaçylyk teklibini kabul eden halatynda hem, muny gönümel aýtmandyrlar. Olar “oýlanyp göreli, ýa-da ýene bir gezek gelip göräýiň” diýen ýaly sözleri aýdypdyrlar.
Gyz tarapy diňe şu tapgyrdan soň oglan tarapyň maşgalasy we öýlenjek ýigidiň özi barada maglumat toplamak hukugyna eýe bolupdyr. Ýagny, sözaýdyjy gelmezden öň, meselem, diňe osmakçynyň niýetiniň üstüniň açylmagy bilen, gyz tarapy oglan tarap barada sorag-ideg edip bilmändirler. Bu ýagdaý il arasynda kabul edilmändir.
Gudaçylyk dessurynyň ikinji tapgyryndan soňra, gyz tarap oglan tarap barada berk sorag-ideg edýär. Megerem, hut şonuň üçin, sözaýdyjynyň gudaçylyk teklibiniň gümürtik kabul edilmegi, “oýlanyp göreli, ýa-da ýene bir gezek aýlanyp görüň” diýilmegi gyz tarapa, hakykatdan-da oýlanmaga we öýlenjek ýigit we onuň maşgalasy barada maglumat toplamaga mümkinçilik beripdir.
Gyzyň ene-atasyndan “oýlanyp görmek” wadasyny kabul eden sözaýdyjy gudaçylyk dessurynyň üçünji tapgyrynyň çäklerinde wezipäni “sawçylara” tabşyrypdyr.
Sawçylar öýlenýän ýigidiň dogan-garyndaşlaryndan ybarat topar bolup, köplenç neberäniň uly ýaşly agzalary resmi taýdan gudaçylyk garyndaşlygyny açmak üçin gyzyň öýüne myhmançylyga barypdyr. Sawçylyk tapgyry gudaçylyk garyndaşlygyny berkitmegi maksat edinipdir. Sawçylykda taraplar gudaçylyk gatnaşygynyň açylýandygyny yglan edipdirler. Üçünji tapgyrda iki tarap hem gatnaşygy oňlap, öýlenýän ýigidiň hem-de gelinlik gyzyň maşgala gurmak niýetini oňlap, tassyklapdyrlar. Galyň geçirmek däbi, käbir sebitlerde sawçylyk tapgyrynda, käbir sebitlerde bolsa şondan soňky ilkinji wezipe hökmünde ýerine ýetirilipdir.
Türkmenleriň arasynda galyň geçirmek däpleriniň dowam etdirilmegi barada has giňişleýin maglumat almak üçin Dünýä Türkmenleri gepleşigimiziň 2018-nji ýylyň 7-nji dekabrynda efire berlen sanyny diňläp bilersiňiz. Ýa-da, Azatlyk Radiosynyň web sahypasynda çap edilen “Kim nan tapmaz iýmäge, ‘kimler mentalitet gurbany’ atly makalamyzy okap bilersiňiz!
Şeýlelikde, gudaçylyk dessury tamamlanyp, toý taýýarlyklary başlanypdyr. Toý tutmak üçin sähetli gün bellenipdir. Ýöne toý gününden öň, taraplaryň arasynda başga-da birnäçe dessurlar ýerine ýetirilipdir.
Meselem, üme däpleri şol dessurlaryň biridir. Käbir sebitlerde berjaý edilýän üme dessurynda durmuşa çykýan gyzyň joralary, ýeňňeleri we garyndaş gyzlary gyzyň öýünde üýşüp, onuň bukjasyny taýýarlamaga kömekleşipdirler. Gudaçylyk gatnaşygynyň açylmagyndan hem-de galyň däbiniň berjaý edilmeginden soňra, gyz tarap esasan bukja taýýarlamak işleri bilen meşgullanypdyr. Gyzyň bukjasyna egin-eşikler, şaý-sepler, haly-palaslar, hatda soňky döwürlerde, taraplaryň ylalaşygyna laýyklykda, mebeller, öý goşlary hem girizilipdir.
Türkmen dilli sosial media ulanyjylary soňky ýyllarda käbir toý däplerini berjaý etmek üçin gözçykgynç harajatlaryň çykarylýandygyny aýdýarlar.
Oglan tarapda toýdan iki hepde töweregi öň, süýjülik tikmek däbi geçirilipdir. Bu çäräniň dowamynda ýigit tarapyň dogan garyndaşlary gyz tarapa niýetläp kiçijik haltajyklara tikip, onuň içine süýjülikleri we beýleki harytlary salyp, gyz tarapyň dogan garyndaşlaryna paýlapdyrlar.
Ýigit toýundan bir hepde töweregi öň, gyz tarapda atgulak asylýan gün geçiripdir. Bu çäräniň dowamynda ýigidiň dogan-garyndaşlary, ýakynlary geljekki gelinlerine matadyr, ýaglyklary, hatda haly-palaslary sowgat edipdirler.
Ýigit toýundan birnäçe gün öň, oglan tarapda geňeş toýy geçiripdir. Geňeş toýuna dogan-garyndaşlar çagyrylyp, toý dabarasynyň maslahaty edilipdir.
Esasy durmuş toýundan bir gün öň, guda tarapda, ýagny gyz tarapda “gyz ýygyn” geçirilipdir. Bu häzirki döwürde gyz toý hem atlandyrylýar.
Gepleşigiň dowamynda toý we gudaçylyk dessurlary barada gürrüň berenimizde biz köplenç “edilipdir, goýlupdyr” diýip, köplenç öten zamanyň işliklerini ulandyk ýöne köp ýerde bu däpleriň ençemesi, köpüsi hatda hemmesi diýen ýaly dowam etdirilýär.
Toý dessurlarynda çelpek, toý pişmesi, kejebe, gelnalyjy, guşak çözdi, baş salma, gelin salamy ýaly başga-da bir topar däp-dessurlar bar. Belki, gepleşiklerimiziň öňümizdäki sanlarynyň birinde bular barada hem gürrüň ederis.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum