“Akylly şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlandygy” aýdylýan Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň fonunda, Türkmenistanda Internetiň tizligi öňküsinden-de beter haýallady, VPN-lerden peýdalanmak tas mümkin bolmady.
Internet işjeňligine esewan edýän “Clouflare” bulut kiberhowpsuzlygy kompaniýasynyň hasabatyna görä, Türkmenistanda 26-njy iýunda, Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyndan üç gün ozal, 86 göterime deň bolan ulanyjy işjeňligi 29-njy iýunda agşam 12,5 göterime çenli pese gaçdy.
Türkmenistanda 86 göterime deň bolan trafika görkezijisi ýurduň çäginde onsuz hem haýalladylan Internet torunda ulanyjylaryň işjeňligini görkezýär. Soňky sanlar Türkmenistanda onsuz hem haýal bolan Internetiň tizliginiň has-da haýallap, Internet işjeňliginiň üç gün öňküsinden ýedi esse töweregi has-da peseldilendigini görkezýär.
“Internet işlemegini tas bes etdi” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçylary täze şäheriň açylyş dabarasynyň fonunda ýurt içinden habar berdiler.
“Cloudflare” kompaniýasyna görä, 3-nji iýulda gündiz Türkmenistanda Internetdäki ulanyjy işjeňligi 11,6 göterime çenli pese gaçdy.
Degişli maglumat Täze barlaglar: Türkmenistanda 122 müň töweregi Internet salgysy petikli saklanýarAzatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy açylyş dabarasynyň fonunda Internetiň tizliginiň ep-esli peselip, VPN ulanmak arkaly Internete baglanmagyň mümkin bolmandygyny habar berdi. Türkmenistanda onsuz hem haýal bolan Internet tizligi ulanyjylaryň petiklenen saýtlara girmekde VPN hyzmatlaryndan peýdalanmaklaryna kynçylyk döredýär.
Mundan ozal geçirilen barlaglar Türkmenistanda 122 müňden gowrak domen salgysynyň häkimiýetler tarapyndan petikde saklanýandygynyň üstüni açdy.
“Türkmen ulanyjylary VPN arkaly esasan YouTube, TikTok we Instagram ýaly sosial torlaryň petiginden sowlup geçýärler. Soňky birnäçe gün bäri bu mümkin däl, sebäbi VPN ulanyp bolmaýar. Bu aralykda, öý Interneti-de, 3G aragatnaşygy-da haýallady” diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy maglumat berdi.
“Aşgabat şäher telefon ulgamy” (AŞTU) aragatnaşyk kompaniýasynyň bir hünärmeni Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde Internetiň tizliginiň haýallamagynyň Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.
Türkmen häkimiýetleri ilatyň maglumat elýeterliligini çäklendirmekde berk tankyt edilýär.
Türkmen metbugaty tarapyndan “sebitde akylly şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan ilkinji şäher” hökmünde mahabatlandyrylýan Arkadag şäheri öňki-prezident, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününde, 29-njy iýunda açyldy.
Berdimuhamedow öz adyny göterýän şäheriň açylyş gününde Saud Arabystany patyşalygynyň mukaddes Mekge şäherinde ikinji gezek haj parzyny berjaý edýärdi.
Garaşsyz turkmen.news neşiriniň çeşmeleri hem Türkmenistanda Internet petiklemeleriniň güýçlendirilmegini täze şäheriň açylyşy we bu mynasybetli ýurda daşary ýurt döwletlerinden myhmanlaryň gelmegi bilen baglanyşdyrýarlar.
Degişli maglumat Türkmen metbugatynyň 'gara gulpy' açylmaýarÝöne neşire görä, Internet petiklemeleri daşary ýurtly myhmanlara täsir etmeýär, sebäbi olar myhmanhanalarda petiklemelerden azat Wi-Fi hyzmatlaryndan peýdalanýarlar. Daşary ýurt döwletlerinden baran wekiliýetler gaýdandan soň, myhmanhanalardaky erkin Internet gaýtadan çäklendirilýär diýip, turkmen.news ýazýar.
Öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsyýet kultuny has-da berkitmek tagallalarynyň çäklerinde Arkadag atlandyrylan täze şäher ýurduň çäginde garaşsyzlyk ýyllarynda noldan gurlan ilkinji iri şäher boldy.
70 müň ilata niýetlenen täze şäher üçin 5 milliard dollar töweregi döwlet serişdeleriniň harçlanýandygy çaklanýar.
Şäheriň açylyşyna gabatlap, “Arkadag” adyny göterýän täze teleýaýlym hem öz işine başlady.
Döwlet media serişdeleri “bagtyýar durmuş” wagzyny güýçlendirýän mahaly, häkimiýetler erkin maglumat elýeterliligine mümkinçilik berýän Internet toruny berk petik astynda saklaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.