Esgerler, administratiw temmi alan raýatlar mejbury pagta ýygymyna çekilýär, býujetçiler pul töleýär

Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Mary welaýatynda administratiw taýdan tussag edilen adamlar, şeýle-de çagyryş boýunça harby gullukçylar pagta ýygmaga mejbur edilýärler. Bu aralykda, býujet işgärlerinden pagta möwsümi bilen baglylykda pul serişdeleri ýygnalyp alynýar.

“10-15 gije-gündiz möhlet bilen administratiw tussaglyga höküm edilen adamlar, ýa-da serhoşlukda saklanyp, polisiýa bölümlerine eltilen adamlar, galyberse-de, üç-alty aý möhlet bilen zähmet- düzediş edaralaryna çekilen raýatlar pagta ýygmaga mejbur edilýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky çeşmeleri 1-nji noýabrda sebitden maglumat berdiler.

Degişli maglumat Pagta möwsümi: Mejbury zähmet dowam edýär, döwlet awtobuslary ýygymçy daşaýar

Şol bir wagtda, sebitde çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerler hem-de jemagat gullugynyň işçileri hem ýygym möwsümine çekilýärler.

“Baýramaly etrabynyň ilat arasynda ‘Bolşoý Çast’ diýlip tanalýan harby bölüminiň esgerleri pagta ýygymyna köpçülikleýin çekilýärler. Gowaça meýdanlarynda jemagat gulluklarynyň tämizlikçilerini hem görmek bolýar” diýip, çeşmeler aýdýarlar.

Bu aralykda, pagta möwsümine töleg esasynda meýletin gatnaşýan ýerli ýygymçylar bir kilogram ýygnalan pagta üçin tölenýän zähmet tölegleriniň ujypsyz bolandygy sebäpli, elleriniň ‘pagtadan sowaýandygyny’ aýdýarlar.

“Pagta ýyganyňa degenok, 1 kilogram pagta üçin 40 teňňe tölenýär. Biziň bir günde ýygan pagtamyz günebakar ýagyny satyn almaga, hatda kir sabyn satyn almaga-da ýetenok. Ýygnalan her bir kilogram pagta üçin bize 4-5 manat möçberinde töleg geçirseler, biz hem pagta ýygardyk” diýip, sebitiň daýhan birleşikleriniň birinde öňler meýletin ýygym möwsümine gatnaşan ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Azatlygyň çeşmeleri ýygym möwsüme öňler öz islegleri bilen gatnaşan adamlaryň ençemesiniň soňky wagtlarda hojalyklarda ýer agdaryp, ýa-da toý-märekelerde gap-gaç ýuwup gazanç edýändiklerini aýdýar.

“Gap-gaç ýuwup eden gazanjyň, pagtadan has girdejili bolýar” diýip, öňki ýygymçylar aýdýar.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy bu sebitde ýygnalan bir kilogram pagta üçin ýygymçylara 1 manat möçberinde tölegleriň tölenilýändigini, häkimiýetleriň bolsa, günbatar sebitde bu tölegleriň 1,5 manada çenli çykarylmagyny talap edýändiklerini habar berdi.

Türkmenistanda administratiw hukuk bozulmalaryny edip, iş kesilen adamlara, ýa-da spirtli içgilere garaşly bolup, polisiýa tarapyndan saklanan adamlara häkimiýetler tarapyndan pagta ýygdyrmak tejribesi öňden bäri saklanyp galýar. Şol bir wagtda, zähmet-düzediş edaralaryna iberilýän raýatlar hem pagta zähmetine çekilip bilinýär.

Bulardan başga-da, Türkmenistanyň hökümeti döwlet edara-kärhanalarynda işleýän býujet işgärlerini hem pagta ýygmaga mejbur etmekde tankyt edilýär.

Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy we çeşmeleri şu günler günorta-gündogar sebitde döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden pagta möwsümine mejbury pul gatançlarynyň ýygnalyp alynýandygyny aýdýarlar.

Bu tejribe hem ýurduň pagtaçylyk pudagynda ýyllarboýy däp bolan tejribe bolup, maliýe serişdeleriniň möçberleri wagtal-wagtal onlarça manatdan, ýüzlerçe manada çenli çykyp bilýär. Býujet işgärleri maliýe gatançlary bilen köplenç öz orunlaryna ýygymçy işçileri pagta möwsümine ugratmaga mejbur bolýarlar.

Türkmenistanda şu ýyl resmi taýdan 11-nji sentýabrda badalga berlen pagta möwsümi ýurduň dürli sebitlerinde eýýäm awgust aýynda batlandy.

Şeýle-de, bu ýyl Türkmenistan pagtaçylyk pudagynda ýetginjekleriň zähmetinden peýdalanylmagyny kanun taýdan gadagan edip ýygym möwsümine girişdi.

Degişli maglumat Milli howpsuzlyk işgärleri pagta meýdanlaryna gözegçilik edýärler

Ýöne Azatlygyň habarçylary, kanunçylyga garamazdan, sentýabryň birinji hepdesinde Lebap welaýatynda mekdep okuwçylarynyň ýygym möwsümine heniz hem çekilýändiklerini habar berdiler. Bu habarlaryň yz ýany, üstümizdäki pagta möwsümine resmi taýdan badalga berilmeginiň öňüsyrasynda, bu ýyl Milli howpsuzlyk işgärleriniň hut özleriniň gowaça meýdanlaryna gözegçilik edýändikleri mälim bolupdy.

Bu aralykda, üstümizdäki ýylyň hasylyndan Türkmenistanda pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy hem ýokarlandy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda daýhanlar şertnama esasynda döwletiň kärende ýerlerinde gowaça ösdürip ýetişdirýärler we ýygnalan hasyly döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satmaga borçlanýarlar.

Bu ýyl nah pagtanyň tonnasy 1355-1500 manat bolanlygyndan, 4550-5000 manada göterildi.

Ýüpek pagtanyň tonnasy 1820-2000 manat bolanlygyndan, 6100-6700 manada göterildi.

Pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy hasyl möwsümine we hiline laýyklykda üýtgäp bilýär.

Ýöne bu bahalara parallel, kärendeçi daýhanlar pagtanyň çykdajylarynyň hem ýokarlanandygyny aýtdylar.

Azatlyk Radiosy Mary welaýatynda administratiw hukuk bozulmalarynda iş kesilen adamlaryň hem-de çagyryş boýunça harby gullukçylaryň ýygym möwsümine mejbury çekilmekleri barada ýerli häkimiýetlerden resmi teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.