Taryhdan mälim bolşy ýaly, altynjy-ýedinji asyrlarda Orta Aziýa ýöriş eden araplar öz basyp alan ýerlerinde yslamy ornaşdyrdy hem-de öň başga dinde bolan adamlara ýokarda ýalňyz Hudaýyň barlygyny ündedi. Adamlara jebir-jepa berýänlere Hudaýyň özüniň jeza berýändigi, ýagny olary Hudaýyň tutýandygy hakdaky ündewler yslamyň parzlary we maslahatlary bilen birlikde adamlaryň aňyna ornaşdyryldy.
1917-nji ýylda Russiýada sosialistik rewolýusiýany amala aşyran Wladimir Ilýiç Ulýanowyň (Leniniň) guran sowet hökümeti bolsa diniň-de, Hudaýyň-da, dine ynanýanlaryň-da garşysyna göreş alyp bardy. «Hiç hili Hudaý ýok, ähli barlyk tebigata degişli» diýip öwreden sowet hökümeti dindarlary konslagerlere ugratdy, metjit-medreseleri ýykdy hem-de çagalar üçin dünýewi—täze mekdepleri açdy.
Bularyň haýsy birine ynanmaly?
«Dünýäniň esasy, dünýäni ýaradan hem kesgitleýän başlangyç obýekt hökmünde ýaşaýan, adama, adamlara garaşsyz nähilidir bir ruhdur» diýip, filosof alymlaryň «obýektiw idealistler» diýen ady alan toparlary adamlaryň arasynda ündew geçiripdirler, ýazyp gidipdirler.
Biz bularyň haýsy birine ynanmaly? Dünýede pikir kän, ündew kän, filosofik akym kän. Iň gynançly ýeri hem — dine salýanlar hem, dinden çykarýanlar hem müňläp-müňläp adamlaryň janlaryna kast etdiler. Dinden çykmajak bolup, adamlar sowet hökümetiniň konslagerlerinde çüýredi, sowet hökümeti tarapyndan atyldy. Dini kabul etmejek bolanlar arap gylyçlaryndan öldi.
«Alla hiç kime görünmeýär, emma Onuň özi (Hudaý) hemmeleri görýär» diýip, din öwredýär. «Hudaý hemme zady görýär, ýagşylyk edýänleri ýalkaýar, ýamanlyk edýänlere jeza berýär» diýlip, ýene dini kitaplarda nygtalýar.
Türkmen intelligentleri
Ine, bu günki gün bizi «dine gir» diýip, gylyçdan geçirjek bolup duran arap hem ýok, «Dinden çyk» diýip, atjak bolup duran sowet hökümetem ýok. Bu günki gün türkmenler ynam boýunça erkin. Islän dine, Hudaýyň barlygyna ynanýar, islemedikler öz erkine gezip ýör. Bu günki gün biz «Allanyň hemme zady görýänine, ýagşylyk edýänleri ýalkap, ýamanlyk edýänlere jeza berýänine ynanyp ýaşamalymy ýa-da «Edeniňi edibermeli, ýaman iş üçinem hiç hili garaw ýok» diýen ideýadan ugur almalymy?!
1932-nji ýyldan başlap sowet hökümeti öz basyp alan respublikalaryndaky düşünjeli, bilimli, batyr adamlary «sowet hökümetiniň duşmanlary» diýen ýarlyk bilen ýygnap, konslagerlere ugradyp başlaýar. Üstüne ýüklenýän günäni boýun almadyklary her hili jebir-jepalara, jeza çekmelere sezewar edýärler. Türkmen intelligentlerini hem «sowet hökümetiniň duşmanlary» diýen bahanalar bilen ýygnap, türmelere, konslagerlere ugratmakda Döwlet syýasy uprawleniýesiniň işgärleri edibilen ýaman işlerini edýärler. Görnükli türkmen intelligentleriniň başyny iýen şol —döwlet syýasy uprawleniýesiniň işgärleriniň özleri hem soňra hut sowet hökümeti tarapyndan atylyp öldürilýär.
Ganhor Beriýa hakda-da ýatlalyň. Bütin Sowet soýuzynyň territoriýasyndaky ähli respublikalaryň iň gowy düşünjeli adamlarynyň ganyna galan Beriýanyň özüni-de sowet hökümeti atyp öldürdi ahbeti.
Garaşsyzlykdan soň…
Indi gürrüňimizi Garaşsyz Türkmenistanyň mysalyndan dowam edeliň. Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, polisiýada demleri bilen dag ýaran ýolbaşçylar, Milli Howpsuzlyk Komitetiniň öňki başlyklary hem olaryň edermen işgärleri, Saparmyrat Nyýazowyň egindeşleri we ýene-ýeneler... Hany olar? Olar näme üçin hernäçe hökümete wepaly bolsalar-da, ösüp gitmediler, işleri olara nesip etmedi, maňlaýlary türmäniň diwaryna uruldy? Olar türmede oturan ýerlerinde halky agladany üçin jezanyň bar ekenligi hakda pikir öwürdimikäler? Çaga ekleýän adamlary çöreksiz goýanlary üçin, bigünäleri türmelere ugradanlary üçin jeza çekmeli pursadyň gelenine göz ýetirdimikäler?
Wezipede oturan wagty, eline pul düşen wagty adam absolýut belentlige galandyryn öýdýär. Mysallardan görnüşi ýaly, edilen günäler welin adamlary sypdyrmaýana meňzeýär. Günä-sogaba şeýle bir içgin düşünýän adamlar bar, olar hatda garynjany-da öldürmeýärler, günä gazanmakdan gorkýarlar. Kä kişi welin maňlaýy gara daşa degýänçä edenini edýär.
Ine, şu aýdylanlar dini pelsepe däl. Ýaman iş üçin dünýede jeza bar. Ol jeza Hudaýdan gelýärmi, ýa-da obýekt hökmünde ýaşaýan Ruhdan, ýa-da ol tebigatyň deňagramlylygy saklamak kanunymy, matematiki hasapmy, men ony aýdyp biljek däl, men diňe bir zady aýdyp biljek — adamlara kast edýänlere jeza bar eken. Bu hakdaky mysallary siziň özüňiz hem töweregiňizden tapyp bilersiňiz.
Özüňizem göwnüňize biri nähak degse, hiç gynanmaň, siziň göwnünize nähak degene jeza garaşýandyr...
Meniň bilen ylalaşýaňyzmy?!
Çoluk Möwlamow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.