Belarus prezideni Lukaşenko öz diýenini tutýar

Lukaşenko ýurduň parlamentiniň öňünde ýyllyk ýüzlenme bilen çykyş edýär, Minski, 21-nji aprel.

Penşenbe güni Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko ýurduň parlamentiniň öňünde ýyllyk ýüzlenme bilen çykyş etdi.

Prezident Lukaşenkonyň bu çykyşy Minsk şäheriniň metrosynda 11-nji aprelde amala aşyrylan bomba partlamasynyň yzýanyndaky aladaly günlere gabat geldi. Şol partlamada 13 adam ölüp, 200-den gowrak adam hem ýaralanypdy.

Lukaşenko ýurduň parlamentiniň öňünde ýyllyk ýüzlenme bilen çykyş edýär, Minski, 21-nji aprel.
Mundan daşary, Lukaşenkonyň ýyllyk çykyşy Belarusyň daşary ýurt walýuta rezerwleriniň garyplaşyp, ýurduň milli pulunyň hümmetsizlenmek howpy bilen ýüzbe-ýüz duran günlerine-de gabat geldi.

Bu wakalardan birneme öňinçä bolsa, geçen ýylyň dekabrynda Belarusda geçirilen prezidentlik saýlawlary uly dawa döreden saýlawlar hökmünde alamatlanypdy.

Galplaşdyrylan saýlawlar hökmünde tankytlanylan bu saýlawlaryň netijelerine protest bildirilip gurnalan demonstrasiýany hökümet gazaply güýç ulanyp dargytdy we köp adamlary tussag etdi.

Tussag edilenleriň arasynda prezidentlik saýlawlarynda Lukaşenko bilen bäsleşen dalaşgärleriň hem birnäçesi bar. Bu tussag etmeler bilen baglanyşykly goh-galmagallar heniz hem ýatyşanok.

Parlamentiň öňünde eden düýnki ýyllyk ýüzlenmesinde prezident Lukaşenko Minskde gurnalan terror hüjüminiň düýp matlabynyň heniz anyk däldigini aýtsa-da, ol, barybir, bu wakany mysal getirip, «Belarusyň durnuklylygyny bulaşdyrmak ugrunda iş alyp barýan adamlaryň» bardygyny nygtady.

«Kimdir-biri çyny bilen ýurtdaky ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmak, bulaşyklyk döretmek, adamlarda hökümete garşy ynamsyzlyk oýarmak, soňam ýüze çykjak problemalar bilen biziň ýurdumyzy we biziň garaşsyzlygymyzy bogmak hem-de biziň içerki işlerimize gönüden-göni gatyşyp, belarus halkynyň boýnuna öz erk-islegini dakmak isleýän ýaly görünýär» diýip, Lukaşenko nygtady.

“Çakdanaşa liberal”

Şol bir wagtyň özünde-de, Lukaşenko 2010-njy ýylyň dekabrynda gurnalan prezidentlik saýlawlarynda özüniň we öz hökümetiniň çakdanaşa liberal hereket edip, häzirki dartgynly ýagdaýa sebäp bolandygyny aýtdy.

Şeýle hem, ol jemgyýetde çakdanaşa erkinlige we demokratiýa ýol bermekligiň hemişe gowy netijelere hem getirmeýändigini, mundan käbir adamlaryň hyýanatçylykly peýdalanýandyklaryny öňe sürdi.

Bu meselede Belarusyň prezidenti özüniň hiç hili eglişige gitmäge meýilli däldigini we durnuksyzlygyň öňüni almak üçin ähli mümkin bolan çäreleri görmäge taýýardygyny duýdurdy.

«Biz habar serişdelerinde ulanylýan 5-nji, 6-njy ýa 25-nji kolonkalar diýilýän zatlaryň hemmesini ýok ederis. Muny etmek üçin bolsa bizde ýeterlik resurslar bar. Diktator Ýewropanyň merkezinde jemgyýeti weýran etjek bolýar ýa-da nähilidir bir diktaturany ornaşdyrjak bolýar diýilýän düşünje bilen bu zatlaryň hiç bir hili umumylygy ýok».

Belarusda daşary ýurt walýuta rezerwleriniň gytçylygy barada-da durup geçip, Aleksandr Lukaşenko munuň sebäbini dünýä bazarynda nebitiň, gazyň we poladyň bahalarynyň ýokarydygy bilen düşündirdi. Şoňa görä-de, ol harytlaryň bahalarynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagynyň mümkindigini duýdurdy.

Belarusda ýakyn wagtlarda geçen ýylyň dekabryndaky demonstrasiýalar sebäpli tussag edilen onlarça aktiwstiň işi boýunça sud diňlenişgi başlanar diýlip garaşylýar, olaryň hatarynda prezidentlige dalaş eden kandidatlardan hem bäşisi bar.