BRICS täsirini güýçlendirmäge synanyşýar

(çepden saga) Hindistanyň premýer-ministri Manmohan Singh, Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew, Hytaýyň prezidenti Hu Jintao we Braziliýanyň prezidenti Dilma Rousseff BRICS liderleriniň duşuşygynda, Hytaýyň Sanýa şäheri, 14-nji aprel.

Dünýäniň täze güýçli ösýän ykdysadyýetleriniň arasynda esasy orny eýeleýän bäş döwlet penşenbe güni geçirilen sammitden peýdalanyp, global maliýe sistemasynda hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşinde özgerişlere çagyrdylar. Olar, şeýle hem NATO-nyň Liwiýadaky operasiýalarynyň özlerini aladalandyrýandygyny bildirdiler.

BRICS topary Braziliýany, Hindistany, Hytaýy, Orsýeti we soňky döwürde Günorta Afrikany-da öz içine alýar. Bu bäş ýurt syýasy we ykdysady taýdan biri-birinden tapawutly bolsa-da, ýolbaşçylar – Hytaýyň prezidenti Hu Jintao, Günorta Afrikanyň prezidenti Jakob Zuma, Braziliýanyň prezidenti Dilma Rousseff, Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew, Hindistanyň premýer-ministri Manmohan Singh – agzybir front döretmäge synanyşdylar.

Medwedew BRICS-iň ykdysady potensiýalynyň, syýasy täsiriniň we ösüş perspektiwalarynyň ýaran hökmünde bir adatdaşarylyk bolup durýandygny aýtdy.

Hytaýyň prezidenti: “Häzirki döwür BRICS döwletleriniň dialog we hyzmatdaşlygy güýçlendirmegini talap edýär” diýdi.

“Parahatçylyk, ösüş we hyzmatdaşlyk indi bat alyp güýjäp gelýär. Dünýä bir düýpli, çylşyrymly transformasiýany başdan geçirýär. Halkara gatnaşyklary, hyzmatdaşlygy we reformalary güýçlendirmek, global ykdysady dolandyryşy kämilleşdirip, ýokarlap gelýän bazar ykdysadyýetleriniň we ösüp gelýän ýurtlaryň öz sözlerini aýdyp bilmek hukugyny hem wekilçiligini gowulandyrmak dünýäde baky parahatçylyga, umumy abadançylyga peýdaly bolar” diýip, Hu Jintao aýtdy.

“BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşini reformirlemeli”

Bilelikde çykarylan beýannamada bu topar giň esasda düzülen halkara rezerw walýuta sistemasy barada çygyryş etdi. Ýolbaşçylar: “Global maliýe krizisi dünýäniň iň köp ulanylýan puly hökmünde dollara esaslanýan häzirki walýuta düzgüniniň kemçilikli taraplaryny görkezdi” diýdiler.

BRICS ýolbaşçylary ösüp gelýän ýurtlar hem global meselelerde öz pikirlerini aýdar ýaly Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň reformirlenmegine çagyrdylar. Bu topara degişi ýurtlaryň arasynda Howpsuzlyk Geňeşiniň weto hukukly agzasy ýeke Orsýet we Hytaý. Geňeşiň Liwiýanyň howa giňişligini uçuş gadagan zona diýip yglan etmek baradaky kararyny goldan hem BRICS agzalarynyň arasynda diňe Günorta Afrika.

Medwedew ýolbaşçylaryň Liwiýada güýç ulanmakdan saklanmak barada hem ylalaşandyklaryny bildirdi. Bu barada ol: “Biziň umumy tutumymyz bu problemanyň çözgütleriniň güýç ulanmak arkaly däl-de, syýasy we diplomatik ýollar bilen gazanylmagy” diýdi.

Ykdysady aladalar

BRICS döwletleriniň ösüş banklary hem amerikan dollary däl-de, öz ýerli pullarynyň esasynda özara kredit prinsipleriniň ugurlaryny döretmek hakda ylalaşdylar. Dünýäde süýşürilip goýlan pullaryň takmynan 40 prosentine eýe BRICS döwletlerini Birleşen Ştatlaryň söwda we býujet defisiti sebäpli dollaryň uzak möhletli gowşamak mümkinçiligi aladalandyrýar.

Braziliýa we Hindistan Hytaý bilen aradaky söwda defisiti meselesinde-de biynjalyk. Tankytçylaryň pikiriçe, muňa sebäp bolýan hytaý pulunyň hümmetiniň bilgeşleýin pesde saklanýandygy.

BRICS-iň ýolbaşçylary dünýä ykdysadyýetiniň 2008-nji ýylda dörän global maliýe krizisinden indi ýuwaşlyk bilen çykyp gelýändigini, ýöne näbellilikleriň entegem ýok däldigini bellediler.

“Soňky günlerde Günbatar Aziýa we Demirgazyk Afrika ýurtlarynyň käbirinde syýasy gozgalaňlar boldy. Hatda uruş hem barýar. Bular regional durnuklylyga täsir etdi. Bu zatlar biziň dünýäde baky asudalyga we umumy abadançylyga gowuşmazdan öň uzak ýoly aşmalydygymyzy görkezýär” diýip, Hu Jintao aýtdy.

Liderler Orsýetiň Bütindünýä söwda guramasyna agzalyga 18 ýyl mundan ozal beren arzasyny özleriniň doly goldaýandyklaryny bildirdiler. Moskwa özüniň merkezi Ženewada ýerleşýän bu söwda guramasyna girmek üçin her bir ýurtd bilen köp gepleşik geçirendigini aýdyp, agzalyk prosesiniň gereksiz ýere syýasylaşdyrylýandygyndan zeýrenýär.

BRICS döwletleri dünýä ilatynyň 40 prosentden gowragyny öz içine alýar. Dünýäde öndürilýän tutuş içki önümiň hem 18 prosenti şu döwletleriň paýyna düşýär.