Merkezi Aziýa: ugur hanjak?

Täjigistanyň serhet goragçylary täjik-owgan serhedinden geçýän adamlaryň dokumentlerini barlaýarlar, 2010-njy ýylyň awgust aýy.

Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada ýerleşýän ýurtlarda dowam edýän gozgalaňlar we rewolýusiýalar postsowet ýurtlaryna, esasan hem Merkezi Aziýa täsirini ýetirermi diýen sorag Günbatar ýurtlarynda yzygiderli gaýtalanýar.

Bu soraga bagş edilen şeýle ýygnaklaryň biri hem 11-nji aprel agşamy Waşingtonda ýerleşýän “Johns Hopkins” uniwersitetinde geçirildi. Bu çärede region boýunça ençeme ekspert çykyş etdi. Olardan biri-de ABŞ-nyň Ukrainadaky öňki ilçisi Jon Herbst bolup, ol Merkezi Aziýa bilen Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrikada ýerleşýän ýurtlaryň arasyndaky meňzeşlikler barada gürrüň etdi.

“Arap älemi ýaly Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň serhet liniýalary hem regiondan juda uzakda ýerleşýän güýçler tarapyndan kesgitlenip, olaryň ählisi emeli serhet liniýalary bolup durýarlar” diýip, Herbst belledi.

Emma, onuň pikiriçe, Merkezi Aziýa bilen deňeşdirilende, Ýakyn Gündogarda ýerleşýän ýurtlaryň medeni taýdan biri-birine bolan serhetaşyr täsiri has güýçli: “Meselem, Ýakyn Gündogarda ýerleşýän “Al-Jazeera” telekanal arkaly Tunisde bolan bir wakany aňsatlyk bilen regionyň beýleki ujunda ýerleşýän ýaşaýjynyň okap, seretmäge mümkinçiligi bar. Merkezi Aziýada şeýle habar serişdesi ýok”.

Hökümete garşy protestçiler protest mahalynda plakat galdyrýarlar. Onuň ýüzünde: "Rewolýusiýa telewideniýede efire berildi, sag bol "Al-Jazeera" diýlip ýazylan, Kair, 2011-nji ýylyň 11-nji fewraly.




“Täsiri duýulýar”


Ýygnakda esasan hem Ýakyn Gündogar bilen deňeşdirilende Merkezi Aziýada-da Internete bolan senzuranyň hem güýçlüdigi aýdyldy. Emma ýygnakda çykyş eden beýleki ekspert, Saýlawlar sistemasy boýunça Halkara fonduň Ýewropa we Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Antoni Boýer bolsa, muňa garamazdan, arap ýurtlarynda bolup geçýän wakalaryň belli bir derejede Merkezi Aziýada we Kawkazda ýerleşýän ýurtlaryň käbirlerine täsirini eýýäm ýetirip başlanlygyny öňe sürdi.

Amerikan synçysy Boýeriň pikiriçe, Ýakyn Gündogarda bolup geçýän wakalaryň regiona ýetirýän täsirine Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň syýasy reformalary yglan etmegi ýaly wakalardan göz ýetirmek mümkin: “Meselem, Täjigistan we Azerbaýjan ýaly ýurtlarda hökümet käbir wadalary berip başlady. Azerbaýjanda korrupsiýa garşy göreş boýunça komissiýanyň dörediljekdigi yglan edildi. Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahman elektrik togy baradaky krizisiň sebäplerini ilata düşündirmäge synanyşyp gelýär”.

Boýer: “Bu diňe Ýakyn Gündogardaky wakalaryň halka ýetiräýmegi mümkin täsiriniň öňüni almak bilen çäklenmän, öz ýurtlarynda dowam edýän problemalary hem özleriniň çözmäge synanyşýanlygyny halka görkezmäge çalyşmakdan ybarat” diýdi.

Synçy Boýer aýratynam Täjigistan barada sözlän sözünde, hökümetiň hatda Ýakyn Gündogarda dowam edýän wakalar başlamazdan hem ozal, şol regionlarda bilim alýan täjik studentlerini yzyna çagyryp başlanlygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, Merkezi Aziýada ýerleşýän beýleki ýurtlar hem Ýakyn Gündogarda bolup geçýän wakalara üns berýärler, emma umuman aýdylanda, bu häzire çenli olar üçin gaty uzakda bolup geçýän wakalardan biri.

Informasiýa çäkli

Duşuşyga gatnaşan beýleki ekspertlerden biri Sebastian Peýros Türkmenistan barada berlen soraga, dürli sebäplere görä, Müsürdäki ýaly ýagdaýlaryň bu ýurtda gaýtalanmagynyň mümkin däldigini aýtdy: “Bu ýurt juda ýapyk we üzňelikde saklanýar. Halkyň alternatiw informasiýa elýetrligi juda çäkli. Halkyň hökümetden juda nägiledigine garamazdan, men şeýle wakalaryň, uly demonstrasiýalaryň Türkmenistanda boljakdygyna ynanmaýaryn”.

Ýygnaga gatnaşanlardan biri hem ABŞ-nyň Türkiýedäki we Azerbaýjandaky öňki ilçisi Roz Wilson. Ol Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň Ýakyn Gündogardaky wakalara başgaça garaýşynyň bardygyny aýtdy.

Wilsonyň pikiriçe, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň baştutanlary agzalan wakalaryň ilki Owganystana we Pakistana täsir edip, soňra-da bu howpuň şol ýurtlar arkaly öz üstlerine abanmagyndan howatyr edýärler.